Ikinji Musa 31:1—18

  • Ussalara Hudaýyň ruhy inýär (1—11)

  • Sabat güni — ähtiň alamaty (12—17)

  • Äht daşlary (18)

31  Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi:  «Ýahuda taýpasyndan+ Huruň agtygy, Uranyň ogly Besaleli+ saýladym.  Oňa öz ruhumy berip*, paýhasly, düşünjeli we ussat senetçi ederin.  Ol üýtgeşik zatlary oýlap tapyp, altyn⁠-⁠kümüşden, misden zat ýasar,  daş ýonup+, gaş oturtmaga we agaçdan her hili zatlary ýasamaga ökde bolar+.  Dan taýpasyndan Ahysamagyň ogly Ohalyýaby+ oňa kömekçi edip belledim. Ökde ussalaryň hemmesine akyldarlyk bererin*. Olar tabşyran zatlarymy+:  ýygnak çadyryny*+, äht* sandygyny+, gapagyny+, çadyryň zatlaryny,  stoly+ we esbaplaryny, sap altyndan şemdany we esbaplaryny+, tütetgi ojagyny*+,  gurbanlyk ojagyny*+ we esbaplaryny, legen bilen direglerini ýasarlar+. 10  Nepis dokalan lybaslary, Harun ruhanynyň mukaddes eşiklerini we ogullarynyň ruhanylyk eşiklerini+ tikerler. 11  Mukaddes ýagy we mukaddes çadyr üçin hoşboý ysly tütetgi taýynlarlar+. Ähli zady saňa tabşyryşym ýaly ederler». 12  Ýehowa ýene⁠-⁠de Musa ýüzlenip: 13  «Ysraýyllara şeýle diý: „Sabat güni barada kanunymy gyşarnyksyz berjaý ediň+. Sabat güni siziň bilen baglaşan ähtimiň alamaty bolar. Ol Ýehowa Hudaýyňyzyň sizi mukaddes edýändigini nesilden⁠-⁠nesle ýatladyp durar. 14  Sabat gününe sowuk⁠-⁠sala garamaň*, sebäbi ol siziň üçin mukaddesdir+. Sabat güni hakdaky kanuny bozan adam öldürilsin. Kimde⁠-⁠kim şol gün işlese, halkyň arasyndan ýok edilsin*+. 15  Ähli işiňizi alty günde edip, ýedinji gün doly dynç alyň+. Ol Ýehowa bagyşlanan mukaddes gündür. Sabat güni işlän adam ölüme höküm edilsin. 16  Ysraýyllar Sabat gününi nesilden⁠-⁠nesle berjaý etmelidir, sebäbi men olar bilen ýyllar boýy dowam etjek äht baglaşdym. 17  Sabat güni ysraýyl halky bilen baglaşan ähtimiň hemişelik alamatydyr+. Sebäbi Ýehowa ýeri⁠-⁠gögi alty günde ýaratdy, ýedinji gün dynç alyp+, eden işlerine begendi“» diýdi. 18  Hudaý Sinaý dagynda Musa bilen gepleşip bolansoň, iki sany äht* daşyny+ berdi. Daşlaryň ýüzündäki sözleri Hudaý öz eli*+ bilen ýazypdy.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Ony Hudaýyň ruhundan dolduryp.
Sözme⁠-⁠söz: Akyldar ýürekli adamlaryň ýüregine akyldarlyk salaryn.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: berjaý ediň.
Ýa⁠-⁠da: öldürilsin.
Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk.
Sözme⁠-⁠söz: barmagy.