Rimliler 16:1—27

  • Pawlus Fibiýa uýa hakda aýdýar (1, 2)

  • Rimdäki mesihçilere salam (3—16)

  • Bölünişik döredýänler hakda duýduryş (17—20)

  • Pawlusyň işdeşleriniň iberen salamy (21—24)

  • Mukaddes syryň açylmagy (25—27)

16  Kenharaýdaky+ ýygnakda gulluk edýän uýamyz Fibiýany siziň ýanyňyza iberýärin.  Ony Halypamyzyň mukaddes adamlary hökmünde garşylap, gerekli zatlar bilen üpjün ediň+. Sebäbi ol köp dogan⁠-⁠uýalara, maňa⁠-⁠da kömek edipdi.  Isa Mesihe hyzmat edýän işdeşlerim Priska bilen Akila salam aýdyň+.  Olar meniň üçin janyny howp astyna saldylar+. Olara diňe men däl, başga milletli ýygnaklaryň ählisi⁠-⁠de minnetdarlyk aýdýarlar.  Olaryň öýündäki ýygnaga⁠-⁠da salam aýdyň+. Aziýada Mesihiň ilkinji şägirdi bolan eziz doganymyz Epenetosa⁠-⁠da salam aýdyň.  Siziň üçin arman⁠-⁠ýadaman zähmet çeken Merýeme⁠-⁠de salam aýdyň.  Meniň bilen tussaglykda oturan ýakyn hossarlarym Andronikos bilen Ýunýasa hem salam aýdyň+. Olar menden hem öň Mesihiň şägirdidiler, resullar olary gowy tanaýar.  Halypamyzyň şägirdi we eziz dostum Ampliýatusa hem salam aýdyň.  Mesihe bile hyzmat eden ýoldaşym Urbanusa we eziz dostum Stahise salam aýdyň. 10  Mesihe wepaly Apellise we Aristobulusyň öý⁠-⁠içerisine salam aýdyň. 11  Garyndaşym Hirodiýona we Halypamyz Isanyň şägirdi Nerkesiň öý⁠-⁠içerisine⁠-⁠de salam aýdyň. 12  Halypamyz Isa üçin arman⁠-⁠ýadaman zähmet çeken uýalarymyz Trifena bilen Trifosa we mähriban uýamyz Persise salam aýdyň. Ol hem Halypamyz Isa üçin köp zähmet çekipdi. 13  Halypamyzyň şägirdi edip saýlanan Rufusa we ejesine salam aýdyň. Ony men hem öz ejem ýaly görýärin. 14  Asynkretosa, Flegona, Germese, Patrobasa, Germasa we beýleki doganlara⁠-⁠da salam aýdyň. 15  Filologos bilen Ýuliýa, Nerewus bilen gyz doganyna, Olympasa we olaryň ýanyndaky ähli mukaddeslere salam aýdyň. 16  Bir⁠-⁠biriňiz bilen mähirli* salamlaşyň. Mesihiň ähli ýygnaklary hem size salam aýdýar. 17  Doganlar, haýyş edýärin, bölünişik döredýänlere we öwredýän taglymatyňyza garşy çykyp, büdredýänlere dykgatly* boluň. Şeýle adamlardan gaça duruň+. 18  Sebäbi olar Halypamyz Mesihiň guly däl⁠-⁠de, erbet höwesleriniň* guludyr. Olar süýji sözler aýdyp we ýaranjaňlyk edip, sada adamlary azdyrýarlar. 19  Siziň gulak asýandygyňyzy hemmeler bilýär, men hem size guwanýaryn. Siziň paýhasly bolup, ýagşy işleri etmegiňizi we erbet işlerden el çekip, sada bolmagyňyzy isleýärin+. 20  Tizden parahatlyk berýän Hudaý siziň aýagyňyzyň astynda Şeýtany mynjyradar+. Goý, Halypamyz Isa size ýagşylyk etsin! 21  Işdeşim Timoteos we garyndaşlarym Lukus, Ýason, Sospatros salam aýdýar+. 22  Pawlus şu haty maňa, Tertiýusa ýazdyrdy. Men hem Halypamyzyň adyndan salam aýdýaryn. 23  Meni we tutuş ýygnagy myhman alan Gaý+ salam aýdýar. Şäheriň iş dolandyryjysy Erastos we dogany Kwartos hem salam aýdýar. 24  *—— 25  Hudaý meniň aýdan hoş habarym we Isa Mesih hakda edýän wagzym arkaly size güýç⁠-⁠kuwwat berýär. Hoş habar Hudaýyň açan mukaddes syry+ bilen baglydyr. Ol syr uzak wagtlap gizlin galdy. 26  Indi bolsa Hudaý ähli adamlaryň iman edip, gulak asmaklary üçin mukaddes syry açdy. Hudaýyň buýrugy bilen we pygamberlik sözleri arkaly açylan syra ähli halklar düşündi. 27  Deňi⁠-⁠taýy bolmadyk akyldar Hudaýa+ Isa Mesih arkaly ebedilik şöhrat bolsun! Omyn!

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: mukaddes posalar bilen.
Ýa⁠-⁠da: büdredýänlerden seresap.
Ýa⁠-⁠da: öz garynlarynyň.