Luka 23:1—56

  • Isa Pilatusyň we Hirodesiň öňünde (1—25)

  • Isa bilen iki jenaýatçy pürse çüýlenýär (26—43)

    • «Meniň bilen Jennetde bolarsyň» (43)

  • Isa ölýär (44—49)

  • Isa jaýlanýar (50—56)

23  Şeýlelikde, olaryň ählisi ýerinden turup, Isany Pilatusyň ýanyna alyp gitdiler+.  Olar Isany günäkärläp+: «Ol patyşa* salgyt tölemeli+ däl diýip, halky ýoldan çykarýar. Özüne Mesih, patyşa diýýär»+ diýdiler.  Pilatus ondan: «Sen ýehudylaryň Patyşasymy?» diýip sorady. Isa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi+.  Şonda Pilatus uly ruhanylara we halka: «Men ondan hiç hili günä tapmadym»+ diýdi.  Emma olar öz diýenini tutup: «Ol taglymaty bilen bütin Ýahudada, Jelileden tä şu ýere çenli ähli halky öjükdirýär» diýdiler.  Pilatus muny eşidip: «Ol jelilelimi?» diýip sorady.  Pilatus Isanyň Hirodesiň+ höküm sürýän welaýatyndan gelendigini bilip, ony Hirodesiň ýanyna iberdi, sebäbi Hirodes şol wagt Iýerusalimdedi.  Hirodes Isany görüp, örän begendi. Ol köp wagtdan bäri Isany görmegi arzuw edýärdi, Isa hakda ençeme zatlary eşidipdi+ we gudratlaryny görmegi umyt edýärdi.  Hirodes Isa sorag baryny berip başlady, ýöne ol hiç zat jogap bermedi+. 10  Uly ruhanylar we kanunçylar bolsa Isany günäkärläp, töhmet atýardylar. 11  Hirodes bilen esgerleri Isany kemsidip+, egnine gymmatbaha don atdylar, üstünden güldüler+. Soňra Isany Pilatusyň ýanyna iberdiler. 12  Öň Hirodes bilen Pilatus biri⁠-⁠birine duşmandy, ýöne şol gün olar dost boldular. 13  Pilatus uly ruhanylary, baştutanlary we halky ýanyna çagyryp: 14  «Siz şu adam halky öjükdirip, hökümete garşy çykarýar diýýärsiňiz. Ine, men Isany öňüňizde sorag etdim, ýöne ondan hiç hili günä tapmadym+. 15  Hirodes hem ondan hiç hili günä tapman, ýanymyza iberipdir. Diýmek, ol ölüm jezasy berler ýaly iş etmändir. 16  Şonuň üçin diňe temmi berip+, azat etjek» diýdi. 17  *—— 18  Ýygnanan märeke: «Ölüme höküm et, Barabbasy azat et!» diýip gygyrýardy+. 19  Barabbas şäherde gozgalaň turzup, adam öldürendigi üçin türmä basylypdy. 20  Pilatus halka Isany azat etjekdigini ýene⁠-⁠de aýtdy+. 21  Märeke bolsa: «Pürse çüýle! Pürse çüýle!» diýip gygyryşdylar+. 22  Pilatus üçünji gezek: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi? Ölüm jezasy berler ýaly, men ondan günä tapmadym. Şonuň üçin diňe temmi berip, azat etjek» diýdi. 23  Emma märeke öz diýenini tutup, pürse çüýlemegi talap edýärdi. Olar şeýle bir gygyrýardylar welin+, 24  Pilatus olaryň islegini ýerine ýetirmeli diýen karara geldi. 25  Ol halkyň aýdyşy ýaly, gozgalaňçy we ganhor Barabbasy boşatdy. Isany bolsa olaryň eline berdi. 26  Isany alyp barýarkalar, kirenaly Simun şähere girip gelýärdi. Olar Simuny tutup, jebir pürsüni* götermegi we Isanyň yzyndan ýöremegi buýurdylar+. 27  Birgiden adamlar bolsa onuň yzyna düşüp barýardylar. Olaryň käbiri Isa gynanyp gursagyna urýardylar, aýallar hem aglaşyp barýardy. 28  Isa olara tarap öwrüldi⁠-⁠de: «Eý Iýerusalim gyzlary! Meniň üçin aglamaň, özüňiz we çagalaryňyz üçin aglaň+. 29  Şeýle günler geler, adamlar: „Önelgesiz aýallar, çaga dogurmadyk we emdirmedik aýallar bagtlydyr!“ diýerler+. 30  Şonda adamlar daglara: „Üstümize ýykylyň!“ we depelere: „Bizi gizläň!“ diýerler+. 31  Agaç entek guramanka şeýle edýän bolsalar, onda gurasa näme ederler?» diýdi. 32  Olar Isanyň ýanynda pürse çüýlemek üçin iki jenaýatçyny hem alyp barýardylar+. 33  Olar Kelleçanak diýilýän ýere gelenlerinde+, Isany jenaýatçylar bilen bile pürse çüýlediler: birini sag, beýlekisini çep tarapynda+. 34  Isa: «Atam, olary bagyşla, olar näme edýänini bilmeýär» diýdi. Soňra olar Isanyň egin⁠-⁠eşigini paýlaşmak üçin bije atdylar+. 35  Adamlar olara seredişip durdular. Halkyň baştutanlary bolsa ýaňsylap: «Ol adamlary halas edýärdi. Hudaýyň saýlan Mesihi bolýan bolsa, indi özüni halas etsin» diýýärdiler+. 36  Hatda esgerler hem Isanyň üstünden gülüp, turşy şerap içirjek boldular+. 37  Olar: «Ýehudylaryň Patyşasy bolsaň, özüňi halas et» diýýärdiler. 38  Şeýle⁠-⁠de olar pürsüň ýokarsyna: «Ýehudylaryň Patyşasy»+ diýen ýazgyny çüýlediler. 39  Isanyň ýanynda asylgy duran jenaýatçylaryň biri oňa sögüp+: «Mesih bolsaň, bizi⁠-⁠de, özüňi⁠-⁠de halas et» diýýärdi. 40  Şonda beýleki jenaýatçy käýäp: «Hudaýdan gorkaňokmy? Ol seniň bilen deň jeza çekýär. 41  Bize eden işimiz üçin adalatly höküm çykaryldy, emma ol hiç hili erbetlik etmedi» diýdi. 42  Soňra ol Isa ýüzlenip: «Isa, Patyşa bolanyňda* meni ýatla!»+ diýdi. 43  Isa oňa: «Saňa söz berýärin*, meniň bilen Jennetde bolarsyň»+ diýdi. 44  Bütin ýer ýüzi günortan on ikilerden* öýlän üçe* çenli tüm⁠-⁠garaňky boldy+, 45  sebäbi Gün şöhle saçmaýardy. Ybadathanada mukaddes otagyň tutusy+ ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi+. 46  Isa batly ses bilen: «Atam, janymy* saňa ynanýaryn»+ diýip jan berdi*+. 47  Ýüzbaşy bolan zatlary görende, Allany şöhratlandyryp: «Dogrudanam, ol dogruçyl* adam ekeni»+ diýdi. 48  Bolan wakalary gören märeke gynanyp* öýüne gaýtdy. 49  Isany tanaýan adamlar uzagrakdan bolýan wakalara seredip durdylar. Olaryň arasynda Jelileden Isanyň yzyna düşüp gelen aýallar hem bardy+. 50  Şol ýerde Mejlisiň* agzasy Ýusup hem bardy. Ol dogruçyl we ýagşy adamdy+. 51  Ýusup Isany öldürjek bolanlary goldamandy, olaryň hiç zadyna goşulmandy. Ol Ýahudanyň Arimatiýa şäherindendi we Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegine garaşýardy. 52  Ýusup Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini sorady. 53  Ol jesedi pürsden düşürip+, nepis* mata dolady. Soňra ony gaýada oýulyp ýasalan we heniz hiç kimiň jaýlanmadyk mazarynda jaýlady+. 54  Şol gün taýýarlyk görülýän gündi+. Sabat gününiň*+ başlanmagyna az wagt galypdy. 55  Isa bilen Jelileden gelen aýallar hem mazary we jesedi görmäge geldiler+. 56  Soňra olar atyr ysly ýagy we otlary taýýarlamak üçin öýüne gaýtdylar. Ýöne Kanuna görä Sabat güni dynç aldylar+.

Çykgytlar

Rim imperatory Sezar.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Patyşalygyňa baranyňda.
Sözme⁠-⁠söz: Şu gün saňa hakykaty aýdýaryn.
Sözme⁠-⁠söz: takmynan altynjy sagatdan.
Sözme⁠-⁠söz: dokuzynjy sagada.
Sözme⁠-⁠söz: ruhumy. Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: soňky sapar dem aldy.
Ýa⁠-⁠da: bigünä.
Sözme⁠-⁠söz: gursagyna urup.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: zygyr. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.