Ikinji Korinfliler 11:1—33

  • Pawlus we atly⁠-⁠abraýly resullar (1—15)

  • Pawlusyň gören görgüleri (16—33)

11  Men akylsyz ýaly görünsem⁠-⁠de, sabyrly bolmagyňyzy isleýärin. Aslynda, siz sabyrlysyňyz.  Men sizi Hudaýyň gabanyşy ýaly* gabanýaryn, sebäbi men sizi päk gyz kimin äre, ýagny Mesihe gelin edip bermegi söz berdim+.  Ýöne siziň pikirleriňiz zäherlenip, Mesihiň öňünde akýürekli we päk bolup bilmersiňiz öýdüp gorkýaryn+. Sebäbi ýylan How enäni mekirlik bilen aldapdy+.  Haçanda biri biziň Isa hakda aýdanlarymyzdan başga zady wagyz etse ýa⁠-⁠da siziň kabul eden hoş habaryňyzdan başga habary aýtsa, ony kabul edýärsiňiz. Ýa⁠-⁠da pikiriňize täsir eden ruhdan başga ruh täsir etse+, ony kabul edýärsiňiz.  Ýöne meniň atly⁠-⁠abraýly resullaryňyzdan kem ýerim ýokdur+.  Men ökdelik bilen çykyş etmesem⁠-⁠de+, Hudaý hakda bilimim bar. Biz muny ähli ýagdaýda we her bir zatda aýdyň görkezendiris.  Men size Hudaýyň hoş habaryny höwes bilen wagyz etdim, munuň üçin sizden hiç zat almadym+. Eýsem sizi beýgeltmek üçin özümi peseldip günä etdimmi?  Men başga ýygnaklaryň höwes bilen beren kömeginden peýdalanyp, size hyzmat etmek üçin olary talan ýaly boldum+.  Men siziň ýanyňyzda mätäçlik çeksem⁠-⁠de, hiç kime ýük bolmadym. Sebäbi Makedoniýadan gelen doganlar maňa gerek⁠-⁠ýarak zatlarymy artygy bilen berdiler+. Hawa, size ýük bolmaz ýaly öz aladamy özüm etdim. Mundan beýläk hem şeýle ederin+. 10  Mesihiň şägirdi hökmünde bütin Ahaýýa buýsanmaga maňa hiç zat päsgel berip bilmez+. 11  Eýsem men näme üçin size ýük bolmadym? Sizi söýmeýänligim üçinmi? Sizi söýýändigimi Hudaý bilýär. 12  Käbirleri özüni biziň ýaly resul hasaplap öwünýärler. Emma olar öwnüp bilmez ýaly, men özüme tabşyrylan işleri hemişe ederin+. 13  Olar ýalan resullardyr, adamlary aldaýarlar we hakyky ýüzüni gizläp, özlerini Mesihiň resuly ýaly alyp barýarlar+. 14  Men olara geň galmaýaryn, sebäbi Şeýtan hem nur perişdesiniň keşbine girýär+. 15  Şonuň üçin oňa gulluk edýänleriň özlerini dogruçyl adam ýaly alyp barýandygy geň galdyrmaýar. Emma olar eden işleriniň netijesini görerler+. 16  Men ýene⁠-⁠de aýdýaryn, hiç kim maňa akylsyzdyr öýtmesin. Eger meni akylsyz hasaplaýan bolsaňyz, onda akylsyz ýaly kabul ediň. Indi men biraz öwneýin. 17  Men muny Halypamyzyň göreldesine eýerip däl, özüne ynamly bolan akylsyz adam ýaly buýsanyp aýdýaryn. 18  Şu dünýädäki adamlaryň öwnüşi ýaly, men hem öwneýin. 19  Siz şeýle bir «akylly» welin, akylsyz adamlary höwes bilen kabul edýärsiňiz. 20  Aslynda, sizi gul edýän, zadyňyzy talap, eliňizden gaňryp alýan we özüni sizden ýokary tutup, ýüzüňize urýan adamlara hiç zat diýmeýärsiňiz. 21  Size şeýle zatlary aýtmak utançdyr, sebäbi biziň ejiz bolup görünmegimiz mümkin. Eger başgalar batyrgaý bolsa, onda men hem batyrgaýdyryn (muny akylsyz adam ýaly aýdýaryn). 22  Olar ýewreými? Men hem ýewreý+. Olar ysraýyllardanmy? Men hem ysraýyllardan. Olar Ybraýymyň neslimi? Men hem onuň nesli+. 23  Olar Mesihiň gullukçylarymy? Akylyndan azaşan adam ýaly jogap berýärin, men olardan has beýikdirin. Sebäbi men köp işleri etdim+, birnäçe gezek türmede oturdym+, ençeme gezek uruldym, birnäçe sapar ölümiň bäri ýanyndan gaýtdym+. 24  Bäş sapar ýehudylardan biri kem 40 gamçy iýdim+, 25  üç gezek taýak bilen uruldym+, bir gezek daşlandym+, üç gezek gämi heläkçiligine uçradym+, bir gije⁠-⁠gündizi deňziň ortarasynda geçirdim. 26  Köp wagtymy ýolda geçirerdim. Talaňçylar, ildeşlerim+ we başga milletler+ janyma howp salardylar. Şäherde+, çölde, deňizde, derýalarda, ýalan doganlaryň arasynda howply ýagdaýlara uçradym. 27  Men agyr zähmet çekdim, gijelerimi ýatman geçirdim+, aç⁠-⁠suwsuz bolup+, iýere hiç zadym bolmady+, sowukda ýarym⁠-⁠ýalaňaç galypdym. 28  Üstesine⁠-⁠de, ýygnaklaryň aladasyny her gün egnim bilen çekmeli bolýardym+. 29  Biri ejizlese, men hem ejizlemerinmi? Biri büdrese, gaharym gelmezmi? 30  Men öwünmeli bolsam, ejizligim bilen öwnerin. 31  Hudaý we Halypamyz Isanyň Atasy meniň ýalan sözlemeýändigimi bilýändir. Hudaýa baky şöhrat bolsun! 32  Damaskda Aret patyşanyň häkimi meni tutdurjak bolup, şäheri gabady. 33  Emma doganlar şäheriň diwaryndan meni sebetde aşak düşürdiler+. Şeýdip, onuň elinden halas boldum.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: yhlasy bilen.