Birinji Musa 2:1—25

  • Hudaý ýedinji gün dynç alýar (1—3)

  • Ýehowa Hudaý ýeriň⁠-⁠gögüň Ýaradyjysy (4)

  • Erkek bilen aýal Erem bagynda (5—25)

    • Toprakdan adam ýaradylýar (7)

    • Ýagşy⁠-⁠ýamany saýgaryş agajy (15—17)

    • Aýal ýaradylýar (18—25)

2  Şeýlelikde, gögüň, ýeriň we olardaky bar zadyň* ýaradylyşy tamamlandy+.  Ýedinji güne çenli Hudaý işlerini tamamlady. Ol ähli işini dynyp, ýedinji gün dynç alyp başlady+.  Hudaý ýedinji güni saýlap*, mukaddes etdi. Sebäbi niýetlän zatlarynyň hemmesini ýaradyp, şol gün dynç alyp başlapdy.  Gök bilen ýer ýaradylan mahaly, Ýehowa* Hudaý asman bilen zemini döreden+ güni şeýle wakalar bolupdy.  Ýer ýüzünde hiç hili ýandak hem, ösümlik hem gögermändi. Sebäbi Ýehowa Hudaý heniz ýer ýüzüne ýagyş ýagdyrmandy, topraga sereder ýaly ynsan hem ýokdy.  Ýöne ýerden bug çykyp, topragy suwarardy.  Ýehowa Hudaý toprakdan+ ynsan ýaradyp, burnuna ýaşaýyş demini+ üfledi. Şonda adam diri jan* boldy+.  Soňra Ýehowa Hudaý Eremiň gündogarynda bagy⁠-⁠bossanlyk+ döredip, ýaradan ynsanyny+ şol ýere eltdi.  Ýehowa Hudaý göze ýakymly we jana şypaly her dürli miweli agaçlary gögertdi. Ol bagyň ortasynda ýaşaýyş agajyny+ we ýagşy⁠-⁠ýamany saýgaryş agajyny+ hem oturtdy. 10  Bagy suwarmak üçin Eremiň içinden bir derýa akyp geçýärdi. Derýa şol ýerden dörde bölünýärdi. 11  Olaryň birinjisiniň ady Pişon; ol altyna baý Hawyla ýurdunyň içinden geçýär. 12  Şol ýurduň altyny diýseň gowy, ol ýerde ýakymly ysly şepbik bilen oniks daşy hem bar. 13  Ikinji derýanyň ady Gihon; ol tutuş Kuş topragyndan akyp geçýär. 14  Üçünji derýanyň ady Hiddekel*+; ol Assiriýadan+ gündogara akýar. Dördünjisiniň ady bolsa Ýewfrat+. 15  Ýehowa Hudaý Erem bagyny bejersin we gözegçilik etsin+ diýip, adamy şol ýere getirdi. 16  Ýehowa Hudaý adama tabşyryk berip: «Bagdaky agaçlaryň hemmesinden arkaýyn iýiber+. 17  Ýöne ýagşy⁠-⁠ýamany saýgaryş agajynyň miwesinden iýme, ondan iýen günüň hökman ölersiň»+ diýdi. 18  Soňra Ýehowa Hudaý: «Adamyň ýeke gezip ýörmegi gowy däl. Oňa goldaw berjek* kömekçi ýaradaýyn»+ diýdi. 19  Ýehowa Hudaý toprakdan ýaradan her dürli ýabany haýwanlaryna, asmanda uçýan jandarlaryna nähili at goýarka diýip, olary adamyň ýanyna getirdi. Adam her bir janly⁠-⁠jandara nähili at goýan bolsa, şol hem onuň ady boldy+. 20  Şeýdip, adam ähli öý haýwanlaryna, asmanda uçýan jandarlara we ýabany haýwanlara at goýdy. Ýöne oňa goldaw berjek kömekçi ýokdy. 21  Şonuň üçin Ýehowa Hudaý adamy agyr uka gidirdi. Uklap ýatyrka, bir gapyrgasyny alyp, ýerini et bilen ýapdy. 22  Ýehowa Hudaý adamdan alan gapyrgasyndan aýal ýaradyp, adamyň ýanyna eltdi+. 23  Şonda adam şeýle diýdi: «Ine, süňňi süňňümden,Eti⁠-⁠gany menden. Alyndy erkekden,Aýal bolsun ady»+. 24  Şol sebäpli erkek adam ene⁠-⁠atasyny goýup, aýaly bilen biriger* we olar bir beden bolar+. 25  Adam hem, aýaly hem ýalaňaçdy+, ýöne olar utanmaýardylar.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: olaryň tutuş goşunynyň.
Sözme⁠-⁠söz: ýalkap.
Hudaýyň adynyň ilkinji duş gelýän aýady. Ýewreýçe יהוה (ÝHWH) görnüşinde ýazylyp, Hudaýy ýalan taňrylardan tapawutlandyrýar. Goşmaça maglumata serediň: A4.
Ýewreýçe «nefeş». Manysy: dem alýan şahsyýet. Sözlüge serediň: Jan.
Ýa⁠-⁠da: Tigr.
Ýa⁠-⁠da: üstüni doljak; mynasyp ýar boljak.
Sözme⁠-⁠söz: aýalyna ýapyşar.