Nakyllar 15:1—33

  • Ýumşak jogap gahary köşeşdirýär (1)

  • Ýehowa ähli zady görýär (3)

  • Dogruçylyň dogasy Hudaýa ýakymlydyr (8)

  • Maksada maslahatsyz ýetilýän däldir (22)

  • Oýlanyp jogap ber (28)

15  Ýumşak jogap gahary köşeşdirýär+,Gödek* söz gazaby tutaşdyrýar+.   Paýhasly adamyň dilinde bilim bardyr+,Akmagyň dili akmaklygyny görkezýär.   Ýehowa ähli zady görýär,Ýamana⁠-⁠da, ýagşa⁠-⁠da syn edýär+.   Mähirli* dil — ýaşaýyş daragty+,Ýalançy dil — belanyň körügi.   Akmak atasynyň terbiýesini almaýar+,Ätiýaçly bolsa düzedişi* kabul edýär+.   Dogruçylyň öýi hazynadan doludyr,Erbediň gazanjy başyna bela getirýär+.   Paýhasly adam bilimden söz açýar+,Akmagyň ýüregi beýle däldir+.   Erbediň gurbanlygy Ýehowa ýigrenjidir+,Dogruçylyň dogasy oňa ýakymlydyr+.   Haram ýollary Ýehowa ýigrenýär+,Halal ýaşamagy ýüregine düweni söýýär+. 10  Ýoldan çykana temmi agyr degýär*+,Käýinji ýigrenýän heläk bolýar+. 11  Mazar* we heläkçilik mekany*Ýehowanyň öňünde açykdyr+, Ynsanyň ýüregi⁠-⁠de eliniň aýasyndadyr+. 12  Özdiýenli adam düzediş berýäni halaýan däldir+, Paýhasly adamdan maslahat soraýan däldir+. 13  Şadyýan ýürek ýüze nur çaýýar,Dertli ýürek ruhdan düşürýär+. 14  Düşünjeli ýürek bilim gözleýär+,Akmagyň kalby akmaklygy küýseýär+. 15  Dertliniň her güni ýasdyr+,Şadyýan ýüregiň her güni toýdur+. 16  Gaýgy⁠-⁠aladanyň içinde ýaşaýan baýdan+,Ýehowadan gorkýan garyp ýagşydyr+. 17  Ýigrenç bilen bişirilen ýagly gowurmadan*+,Söýgi bilen bişirilen şurruk çorba* gowudyr+. 18  Gaharjaň adam dawa turuzýar+,Giň göwünli* adam bolsa jenjeli ýatyrýar+. 19  Ýaltanyň ýoly tikenekli haýatdyr+,Dogruçylyň ýodasy tekizdir+. 20  Akylly ogul atasynyň begenjidir+,Akmak ogul enesini kemsidýär+. 21  Akylsyz akmaklykdan keýp alýar+,Parasatly* dogry ýoldan ýöreýär+. 22  Maksada maslahatsyz ýetilýän däldir,Maslahatçy köp bolsa, maksada ýetilýär+. 23  Dogry jogap beren adam begenýär+,Wagtynda berlen maslahat janyňa hoş ýakýar+. 24  Düşünjeli adam ýaşaýşa eltýän belent ýoldan ýöreýär+,Mazara* inýän ýodalara aýagyny basmaýar+. 25  Ýehowa tekepbiriň öýüni ýumrar+,Dul aýalyň mellegindäki araçägini gorar+. 26  Ýehowa betpälleriň hilesini ýigrenýär+,Ýakymly sözler Allanyň göwnüni göterýär+. 27  Haram gazanç edýän adam ojagyny ýumurýar*+,Parany ýigrenýän uzak ömür sürýär+. 28  Dogruçyl adam oýlanyp jogap berýär+,Erbet bolsa agzyna gelenini aýdýar. 29  Ýehowa erbetlerden uzakdadyr,Dogruçyllaryň dilegini eşidýär+. 30  Nurana gözler ýüregi şatlandyrýar,Hoş habar süňke kuwwat berýär+. 31  Käýinç ýaşaýyş daragtydyr,Käýinji kabul edýän akyldarlar bilendir+. 32  Terbiýäni almaýan janyndan irendir+,Käýinje gulak asýan düşünje gazanýandyr+. 33  Ýehowadan gorkýan akyldarlygy öwrenýär+,Kiçigöwünli adam at⁠-⁠abraý gazanýar+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Ýara salýan.
Ýa⁠-⁠da: Şypaly.
Ýa⁠-⁠da: käýinji.
Ýa⁠-⁠da: temmini ýowuz hasaplaýar.
Sözlüge serediň.
Ýewreýçe «Abaddon».
Ýa⁠-⁠da: öküz etinden.
Ýa⁠-⁠da: gök otly nahar.
Ýa⁠-⁠da: Sabyr⁠-⁠takatly; çalt gaharlanmaýan.
Sözme⁠-⁠söz: Saýgarma ukyply.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: masgara edýär.