Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hudaýyň Sözüni ulanyň, ol diridir!

Hudaýyň Sözüni ulanyň, ol diridir!

«Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir». ÝEW. 4:12

1, 2. Ýehowa Musa pygambere nähili ýumuş tabşyrdy we nämäni wada berdi?

SEN Ýehowanyň halky üçin ýer ýüzündäki iň beýik hökümdaryň öňünde durup gepleşmeli bolsaň, özüňi nähili duýardyň? Belki, aljyrap, gorkudan ýaňa seniň diliň tutulan ýaly bolardy. Sen aýtjak sözleriňi öňünden nädip taýýarlardyň? Gudratygüýçli Hudaýyň wekili hökmünde ynamly gürläp bilermidiň?

2 Musa pygamber edil şeýle ýagdaýa düşdi. Ol juda kiçigöwünli adamdy (San. 12:3). Emma Ýehowa ony gödek we tekepbir fyrownyň ýanyna iberýär. Ýehowa Musa arkaly fyrowndan üç milliona golaý ysraýyllylary gulçulykdan azatlyga çykarmagyny soraýar (Müs. çyk. 5:1, 2). Ine, şol sebäpli Musa pygamber Ýehowa şeýle diýýär: «Fyrownyň ýanyna gidip, ysraýyllylary Müsürden çykaryp getirer ýaly, men kim bolupdyryn?» Musa pygamber fyrown bilen gürleşip bilmerin öýden bolmaly. Emma Ýehowa Musa pygamberi ýeke goýmajakdygyny wada berip, oňa: «Men seniň bilen bolaryn» diýdi (Müs. çyk. 3:9—12).

3, 4. a) Musa pygamber näme üçin gorkdy? b) Haýsy ýagdaýlarda biz Musa ýaly gorkmagymyz mümkin?

3 Musa pygamber näme üçin gorkduka? Musa fyrown ony Gudratygüýçli Hudaýyň wekili hökmünde kabul etmez öýdüp gorkýar. Şeýle-de ol Hudaýyň Müsürden azat etmek üçin ony iberendigine ysraýyllylaram ynanmazlar diýip pikir edýär. Şol sebäpli Musa pygamber Ýehowa: «Olar maňa ynanmazlar ýa-da sözüme gulak asman „Reb saňa görnen däldir“ diýerler» diýýär (Müs. çyk. 3:15—18; 4:1).

4 Biz Ýehowanyň Musa pygambere beren jogabyndan we ondan soňra bolan wakalardan wajyp sapak edinip bileris. Belki, biz hiç haçan döwlet baştutanlarynyň öňünde durmaly bolmarys. Ýöne size ýaşaýan ýeriňizdäki adamlara Ýehowa we onuň Patyşalygy barada wagyz etmek kyn bolýarmy? Eger şeýle bolsa, onda, geliň, Musanyň mysalyndan näme öwrenip bolýandygyna seredeliň.

«ELIŇDÄKI NÄME?»

5. Hudaý Musa pygamberiň eline näme berdi we bu oňa ynamly gürlemäge nädip kömek etdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

5 Musa pygamber Hudaýa gorkusyny aýdanda, Ol ony boljak zatlara öňünden taýýarlady. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Reb Musadan: „Eliňdäki näme?“ diýip sorady. Ol hem: „Hasa“ diýdi. Reb: „Ony ýere taşla“ diýdi. Musa ony ýere taşlady, ol hasa ýylana öwrüldi. Şonda Musa ondan gaçyp başlady. Emma Reb Musa: „Eliňi uzat-da, onuň guýrugyndan tut“ diýdi. Musa elini uzadyp, ony tutan badyna, ýylan onuň elinde öňküsi ýaly hasa öwrüldi». Ýehowa oňa: «Şonda saňa Hudaýyň görnendigine ynanarlar» diýdi (Müs. çyk. 4:2—5). Musanyň elindäki hasasy Hudaýyň güýji arkaly ýylana öwrüldi! Bu gudrat Hudaýyň Musany wekil edip belländigini we ygtyýar berendigini subut edýärdi. Ýehowa oňa: «Alamatlary görkezer ýaly, sen bu hasany hem öz ýanyň bilen al» diýdi (Müs. çyk. 4:17). Şu subutnamalar bilen Musa pygamber hak Hudaýyň adyndan halkyň we fyrownyň öňünde ynamly gürläp bilýärdi (Müs. çyk. 4:29—31; 7:8—13).

6. a) Biz wagyz edenimizde elimizde näme bolmaly we näme üçin? b) Hudaýyň Sözüniň haýsy manyda «diridigini» we «täsirlidigini» düşündiriň.

6 Biz hem adamlara Mukaddes Ýazgylardaky hoş habary wagyz edenimizde, olar bizden: «Eliňizdäki näme?» diýip soramaklary mümkin. Köp ýagdaýlarda biz Mukaddes Ýazgylary okap bermek üçin ony elimizde tutmaly *. Adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylara ýönekeý bir kitap hökmünde garasa-da, onda Ýehowanyň biziň üçin habary bar (2 Pet. 1:21). Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň wadasy we onuň Patyşalygynyň biziň üçin nämeler etjekdigi ýazylgy. Pawlus resul: «Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir» diýdi (Ýewreýler 4:12-ni okaň). Hudaýyň Sözi haýsy manyda diri? Mukaddes Ýazgylardaky Ýehowanyň beren ähli wadalary ýuwaş-ýuwaşdan berjaý bolýar we ahyrsoňy hemmesi doly ýerine ýeter (Iş. 46:10; 55:11). Adam muňa düşünende, Mukaddes Ýazgylardan okaýan zatlary onuň durmuşyna güýçli täsir edýär.

7. Biz nädip «hakykat sözüni dogry ulanyp bileris»?

7 Ýehowa bize özüniň diri Sözüni, ýagny Mukaddes Ýazgylary berdi. Biz bu gural arkaly aýdýan habarymyza ynanyp bolýandygyny we onuň Hudaýdandygyny subut edip bilýäris. Pawlus resul Ýewreýlere ýazan hatyndan soňra, Timoteosa «hakykat sözüni dogry ulanmagy» maslahat berdi (2 Tim. 2:15). Biz Pawlusyň bu maslahatyna nädip eýerip bileris? Biz adamlaryň ýüregine täsir etjek ýerlikli aýatlary okamaly. 2013-nji ýylda çap edilen kitapçalar bu babatda bize kömek eder.

ÝERLIKLI AÝATLARY OKAŇ

8. Bir wagyz gözegçisi kitapçalar barada näme diýýär?

8 Täze kitapçalaryň ählisi bir görnüşde çap edildi. Olaryň birini nädip ulanyp bolýandygyny öwrensek, başgalaryny hem şol usul bilen ulanyp bileris. Gawaýaly (ABŞ) bir wagyz gözegçisi şeýle diýýär: «Biz bu täze gurallar arkaly öýden-öýe we köçede gowy wagyz edip bolýandygyna derrew göz ýetirdik». Bu kitapçalary näme üçin ulanmak aňsat? Sebäbi olaryň daşky sahypasynda berlen soraga birnäçe jogaplar bar. Adam şol soraga nädogry jogap bererin diýip ýaýdanmaýar. Doganyň aýtmagyna görä, bu kitapçalar şeýle ýazylan welin, adamlaryň köpüsi höwes bilen gürrüňdeş bolýarlar. Netijede, köp gyzykly söhbetdeşlik bolýar.

9, 10. a) Biziň kitapçalarymyz Mukaddes Ýazgylary ulanmaga nädip kömek edýär? b) Sen haýsy kitapçany netijeli ulanýarsyň we näme üçin?

9 Kitapçalaryň her birinde okap bermäge ýerlikli boljak aýatlar bar. Mysal üçin, «Horluklar gutararmyka?» diýen kitapça seredeliň. Adam bu soraga «Hawa», «ýok» ýa-da «belki-de» diýen daşky sahypadaky jogaplaryň birini saýlamagy mümkin. Onuň haýsy jogaby saýlandygyna garamazdan, siz kitapçanyň içki sahypasyny açyp: «Ine, Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigine serediň» diýip, Ylham 21:4-i okaň.

10 Şonuň ýaly «Siz Mukaddes Ýazgylara nähili garaýarsyňyz?» diýen kitapçany ulananyňyzda, adam daşky sahypadaky üç jogabyň birini saýlap biler. Şondan soň kitapçanyň içki sahypasyny açyp: «Ine, Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigine serediň» diýip, 2 Timoteos 3:16-ny okaň.

11, 12. a) Siz wagyz gullugy gyzykly bolar ýaly näme edip bilersiňiz? b) Siz kitapçalar arkaly nädip ikilenç idege taýýarlanyp bilersiňiz?

11 Adamyň diňleýşi onuň bilen gürrüňi dowam etmelimi ýa-da etmeli däldigini bilmäge kömek eder. Eger adam höwes bilen diňlese, diňe bir kitapçadaky maglumaty okap, ara alyp maslahatlaşman, eýsem, gürrüňdeşligi dowam edip hem bilersiňiz. Emma ol kän bir höwes bilen diňlemese, kitapçadaky maglumat bilen paýlaşyp, Hudaýyň Sözünden birnäçe aýady okasa bolar. Siz oňa bir-iki aýady okap berseňiz-de, soňra gürrüňi dowam etmek üçin, ikilenç idege baryp bilersiňiz.

12 Ikilenç idegde kitapçanyň soňky sahypasyndaky «Oýlanyp görüň» diýen sözbaşynyň aşagynda getirilen soraga we aýatlara serediň. Mysal üçin, «Siz gelejege nähili garaýarsyňyz?» diýen kitapçada «Hudaý dünýäniň ýagdaýyny nädip özgerder?» diýen sorag we Danyýel 2:44 hem-de Süleýmanyň tymsallary 2:21, 22-nji aýatlar getirilýär. «Aradan çykan adamlar direlermi?» diýen kitapçada bolsa, «Biz näme üçin garraýarys we ölýäris?» diýen sorag hem-de Gelip çykyş 3:17—19 we Rimliler 5:12-nji aýatlar getirilýär.

13. Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak üçin, kitapçalary nädip ulanyp bolýandygyny düşündiriň.

13 Bu kitapçalar bize Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga kömek edýär. Gyzyklanýan adam kitapçanyň soňky sahypasyndaky ştrihkody * kopiýalap alsa, biziň Internet saýtymyza girer. Onda oňa biz bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi teklip ediler. Şeýle-de kitapçalarda «Hudaýyň hoş habary» atly broşýura we ondaky käbir sapaklara salgy berilýär. Meselem, «Bu dünýäniň hökümdary kim?» diýen kitapçada şol broşýuranyň 5-nji sapagyna salgy berilýär. «Maşgalany näme bagtly edýär?» diýen kitapçada bolsa, broşýuranyň 9-njy sapagyna salgylanylýar. Bu kitapçalary niýetlenşi ýaly ulansaňyz, wagyzda we ikilenç idegde Mukaddes Ýazgylary ulanmaga kömek eder. Netijede, birnäçe Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlap bilersiňiz. Hudaýyň Sözüni wagyzda ýene-de nädip netijeli ulanyp bolar?

ADAMLARY GYZYKLANDYRÝAN TEMALAR BARADA GÜRRÜŇ EDIŇ

14, 15. Biz wagyzda Pawlusdan nädip görelde alyp bileris?

14 Pawlus resulyň «köp adamlara» wagyz etmek islegi bardy (1 Korintoslylar 9:19—23-nji aýatlary okaň). Üns beren bolsaňyz, Pawlus resul «ýehudylary... Kanun astyndakylary... Kanuny ýoklary... Ejizleri gazanmagy umyt edýärdi». Hawa, ol «käbirlerini halas etjek bolup, her kese her zat boldy» (Res. iş. 20:21). Biz hem ýaşaýan ýerimizdäki her hili adamlara hakykaty aýdanymyzda, Pawlus resuldan nädip görelde alyp bileris? (1 Tim. 2:3, 4).

15 Her aý biziň «Hudaýa gullugymyzda» wagyz etmek üçin teklipler berilýär. Şolary ulanmaga jan ediň. Emma siziň ýaşaýan ýeriňizdäki adamlary başga temalar gyzyklandyrýan bolsa, onda şoňa görä teklipleriňizi üýtgediň. Olaryň nähili adamdygy, nähili şertlerde ýaşaýandygy we olary, esasan, näme gyzyklandyrýandygy hakda pikirleniň. Soňra şoňa görä aýady tapmaga çalşyň. Bir aýlanýan gözegçi we onuň aýaly wagyzda köpräk Mukaddes Ýazgylary ulanmak üçin näme edýändigi hakda şeýle diýýärler: «Biz adamlara aýtjak zadymyzy gysgaça düşündirenimizde, olar bize bir aýady okamaga mümkinçilik berýärler. Biz ýerli ýagdaýa görä salamlaşanymyzdan soň, Mukaddes Ýazgylardan bir aýady okap berýäris». Indiki abzaslarda köplere netijeli wagyz etmäge kömek eden käbir temalar, soraglar we aýatlar getirilýär. Sizem olary öz ýaşaýan ýeriňizde ulanmaga jan etseňiz gowy bolar.

Siz Mukaddes Ýazgylary we kitapçalarymyzy wagyzda ökdelik bilen ulanýarmysyňyz? (8—13-nji abzaslara serediň)

16. Zebur 46:9-y wagyzda nädip ulanyp boljakdygyny düşündiriň.

16 Eger-de siziň ýaşaýan ýeriňizde köp uruş bolýan bolsa, onda siz adama şeýle diýip bilersiňiz: «Biz haçanam bolsa, parahat dünýäde ýaşarysmy? Zebur 46:9-da „Ýeriň ujuna çenli uruşlaryň togtajakdygy“ aýdylýar. Aslynda, Mukaddes Ýazgylar arkaly Hudaý bize gelejekde parahat durmuşy berjekdigini ençeme gezek wada berýär». Soňra Mukaddes Ýazgylardan şeýle wadalaryň birini okap beriň.

17. Biz wagyzda Matta 4:4-nji aýat arkaly nädip gürrüňdeş bolup bileris?

17 Siziň ýaşaýan ýeriňizde erkek adamlara maşgalasyny eklemek kyn bolýarmy? Onda gürrüňe şeýle başlap bilersiňiz: «Siziň pikiriňizçe, maşgalany bagtly etmek üçin näçeräk gazanç etmelikä?» Adam jogap berenden soň şeýle diýiň: «Köp erkek adamlar gereginden artyk gazanç etse-de, olaryň maşgalasy özüni bagtsyz duýýar. Aslynda, bize bagtly bolmak üçin näme gerekkä?» Soňra Matta 4:4-i okap, Mukaddes Ýazgylar okuwyny teklip ediň.

18. Biz adamlara teselli bermek üçin Zebur 37:11-i nädip ulanyp bileris?

18 Siziň ýaşaýan ýeriňizdäki adamlar ýaňy-ýakynda bolan tebigy betbagtçylykdan ejir çekýärmi? Onda siz şeýle diýip söze başlap bilersiňiz: «Men size biraz göwünlik bermek üçin geldim (Zebur 37:11-i okaň). Üns beren bolsaňyz, Hudaý bize näme bermek isleýär? Parahatlyk we göwünlik. Allanyň şeýle gowy durmuşy bermek isleýändigini bilmek teselli berýän bolsa gerek, şeýle dälmi? Emma bu nädip beýle bolar?» Soňra «Hudaýyň hoş habary» atly broşýuranyň gabat gelýän sapagy bilen gürrüňi dowam ediň.

19. Dindar adamlar bilen gürrüň edeniňizde, Ylham 14:6, 7-nji aýatlary nädip ulanyp boljakdygyny düşündiriň.

19 Siziň ýaşaýan ýeriňizdäki adamlar din bilen gyzyklanýarmy? Onda siz gürrüňe şeýle başlap bilersiňiz: «Eger siz perişde bilen gepleşen bolsaňyz, ol hem size bir zat aýtjak bolsa, ony diňlärdiňizmi? (Ylham 14:6, 7-nji aýatlary okaň). Şol perişde gögi we ýeri ýaradana sežde ediň hem-de Ondan gorkuň diýýär. Siz gögi we ýeri ýaradan Hudaýyň adyny bilýärsiňizmi?» Soňra Zebur 8:1-däki «Eý Ýehowa, Rebbimiz! Bütin ýer ýüzünde Seniň adyň nähili dabaraly! Sen şöhratyňy gökleriň üstüne ýazdyň» diýen sözleri okaň. Şondan soňra adama Ýehowa Hudaý barada köpräk bilmegi teklip ediň.

20. a) Süleýmanyň tymsallary 30:4-nji aýat arkaly Hudaýyň ady barada nädip wagyz edip bileris? b) Seniň ulanýan haýsy aýadyň gowy netije berýär?

20 Siz ýaşlar bilen gürrüňdeşlige şeýle başlap bilersiňiz: «Men size Mukaddes Ýazgylardan bir aýady okap beresim gelýär. Ol ýerde bir wajyp sorag berilýär. (Süleýmanyň tymsallary 30:4-i okaň). Hiç bir adamam şu ýerde aýdylýan zatlary edip bilmeýär, diýmek, bu ýerde biziň Ýaradyjymyz göz öňünde tutulýar. Onuň adyny nädip bilse bolarka? Eger isleseňiz men size ony Mukaddes Ýazgylardan görkezeýin».

WAGYZDA HUDAÝYŇ SÖZÜNI ULANYŇ

21, 22. a) Ýerlikli saýlanan aýatlar adamyň durmuşyny nädip üýtgedýär? b) Siz wagyzda näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

21 Ýerlikli saýlanan aýatlaryň adamlara nähili täsir etjekdigini bilip bolmaýar. Mysal üçin, iki sany Ýehowanyň Şaýady bir ýaş aýalyň gapysyny kakýar. Olaryň birisi ol aýaldan: «Hudaýyň adyny bilýäňizmi?» diýip soraýar we Zebur 83:18-i okaýar. Ol aýal şeýle diýýär: «Men gaty haýran galdym! Şol sebäpli olar gidenden soňra, öýümizden 56 kilometr uzaklykda ýerleşýän kitap dükanyna gitdim. Ol ýerde men Hudaýyň adyny Mukaddes Ýazgylaryň beýleki terjimelerinden barladym we sözlükden açyp gördüm. Hudaýyň adynyň Ýehowadygyna doly göz ýetirenimden soň, men köp zady bilmeýändigime düşündim». Şondan soň ol we onuň geljekki ýanýoldaşy Mukaddes Ýazgylary okap başlady hem-de suwda çokundyryldy.

22 Mukaddes Ýazgylary okap, Ýehowanyň diri wadalaryna iman etseň, ol durmuşyňy üýtgedýär (1 Selanikliler 2:13-i okaň). Adamlaryň ýüregine täsir etmek üçin, biziň aýdýan islendik sözümizden Hudaýyň Sözi has güýçli täsir edýär. Şol sebäpli, geliň, her bir mümkinçilikden peýdalanyp, Hudaýyň Sözüni ulanalyň, çünki ol diridir!

^ abzas 6 Şu maslahata eýermek üçin ýerli ýagdaýy göz öňünde tutup, paýhasly bolmagyňyzy haýyş edýäris.

^ abzas 13 Şu kod «Denso Wave Incorporated» kompaniýasynyň hasaba alnan söwda belgisidir.