Birinji Selanikliler 2:1—20

  • Pawlusyň Selanikdäki gullugy (1—12)

  • Selanikliler Hudaýyň sözüni kabul edýär (13—16)

  • Pawlusyň selaniklileri göresi gelýär (17—20)

2  Doganlar, siziň ýanyňyza baranymyz gowy boldy+. Muny özüňizem bilýänsiňiz.  Bilşiňiz ýaly, biz başda Filipide görgi görüp, azap baryny çekdik+. Emma ençeme garşylyklara garamazdan*, Hudaýyň kömegi bilen size hoş habary batyrgaý wagyz etdik+.  Size öwüt⁠-⁠ündew berenimizde, ýüregimizde erbet niýet, haramlyk ýa⁠-⁠da mekirlik ýokdy.  Hudaý bizi hoş habary wagyz etmäge mynasyp gördi, şol sebäpli biz adamlary däl⁠-⁠de, ýürekleri barlaýan Hudaýy+ razy etmek üçin wagyz edýäris.  Bilşiňiz ýaly, size ýaranjaňlyk etmedik ýa⁠-⁠da ýüzümizi gatadyp, açgözlük etmedik+. Muňa Hudaý şaýatdyr.  Biz Mesihiň resullary hökmünde size köp çykdajy etdirip bilerdik. Ýöne biz adamlaryň, siziň ýa⁠-⁠da başgalaryň öňünde at⁠-⁠abraý gazanjak bolmadyk+.  Emma siziň bilen mähirli bolup, çagasyny emdirýän ene ýaly söýgi bilen aladaňyzy etdik.  Biz sizi ýürekden söýýäris+. Size diňe bir Hudaýyň hoş habaryny wagyz etmän, eýsem siziň üçin janymyzy bermäge⁠-⁠de taýyndyk+.  Doganlar, biziň agyr zähmet çekip, köp tagalla edenimiz ýadyňyzdadyr. Hudaýyň hoş habaryny wagyz edenimizde, hiç biriňize ýük bolman, gaýtam gije⁠-⁠gündiz zähmet çekdik+. 10  Size wepaly bolduk, özümizi dogruçyl we ýazyksyz alyp bardyk. Muňa siz hem, Hudaý hem şaýatdyr. 11  Atanyň çagalaryna edişi ýaly, her biriňize öwüt⁠-⁠ündew, göwünlik berendigimizi we ruhlandyrandygymyzy gowy bilýänsiňiz+. 12  Hudaý sizi Patyşalygyna+ we şöhratyna+ eýe bolmaga çagyrdy. Mundan beýläk⁠-⁠de şol çakylyga mynasyp ýaşaň+. 13  Şol sebäpli siziň üçin Hudaýa elmydama minnetdarlyk aýdýarys+. Siz Hudaýyň sözüni eşiden günüňizden bäri, ony ynsan sözi hökmünde däl⁠-⁠de, Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiňiz. Hakykatdan⁠-⁠da, ol Hudaýyň sözi, şonuň üçin size güýçli täsir edýär. 14  Doganlar, siz Hudaýyň Ýahudadaky mesihçiler ýygnagyndan görelde aldyňyz. Ýahudada ýaşaýan doganlaryň ýehudylaryň elinden görgi görşi ýaly, siz hem ildeşleriňiziň+ elinden görgi gördüňiz. 15  Olar hatda Halypamyz Isany we pygamberleri öldürdiler+, bizi⁠-⁠de yzarladylar+. Onsoňam, olar Hudaýy razy etmän, adamlara peýda getirýän zatlara garşy gidýärler. 16  Olar başga halklaryň halas bolmagy üçin aýdýan habarymyza böwet bolup+, günä üstüne günä edýärler. Olara Hudaýyň gahar⁠-⁠gazaby iner+. 17  Doganlar, az wagtlyk sizden aýra düşsek⁠-⁠de, ýüregimiz siziň bilendir. Ýanyňyza barmak üçin jan edipdik, sebäbi sizi örän göresimiz gelýärdi. 18  Şonuň üçin ýanyňyza barmak isledik. Men Pawlus, size bir gezek däl, iki gezek barjak boldum, ýöne Şeýtan ýoluma böwet boldy. 19  Halypamyz Isa gelende*, umydymyz, şatlygymyz we başymyzyň täji siz dälmi näme?+ 20  Hawa, siz biziň buýsanjymyz we guwanjymyz.

Çykgytlar

Başga manysy: başymyza kynçylyklar inse⁠-⁠de.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.