Ikinji Musa 4:1—31

  • Musa pygambere üç gudrat görkezilýär (1—9)

  • Musa özüni ynamsyz duýýar (10—17)

  • Musa Müsüre dolanýar (18—26)

  • Musa bilen Harun (27—31)

4  Emma Musa: «Eger olar: „Ýehowa saňa görnen däldir“ diýip, maňa ynanmasalar, sözüme gulak asmasalar näme?»+ diýdi.  Şonda Ýehowa: «Eliňdäki näme?» diýip sorady. Ol: «Hasa» diýip jogap berdi.  Hudaý: «Hasaňy ýere taşla» diýdi. Musa hasany ýere taşlan badyna, ol ýylana öwrüldi+. Musa gorkup, yza çekildi.  Ýehowa: «Eliňi uzat⁠-⁠da, ýylanyň guýrugyndan tut» diýdi. Musa elini uzadyp, ýylany tutdy welin, ol ýene⁠-⁠de hasa öwrüldi.  Şonda Hudaý: «Ine, şu gudraty görkezseň, olar saňa ata⁠-⁠babalaryň Hudaýy, Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy Ýehowanyň+ görnendigine+ ynanarlar» diýdi.  Soňra Ýehowa: «Eliňi donuňa sal» diýdi. Musa elini donuna saldy. Elini donundan çykaryp görse, eli pis açyp, gar ýaly çuw ak+ bolupdyr.  Hudaý Musa: «Eliňi ýene⁠-⁠de donuňa sal» diýdi. Musa elini donuna salyp çykaranda, eli sagalyp, öňki durkuna geldi.  Hudaý: «Eger olar şübhelenip, birinji görkezen gudratyňa ynanmasalar, ikinjisine ynanarlar+.  Ýöne ikisine⁠-⁠de ynanman, seni diňlemeseler, Nil derýasyndan suw al⁠-⁠da, ýere dök. Döken suwuň gana öwrüler»+ diýdi. 10  Musa Ýehowa ýüzlenip: «Ýehowa, bagyşla, men dile çeper däl. Guluň öňem şeýledi, häzirem* şeýle. Sakawlap gepleýärin, dilim peltek»+ diýdi. 11  Ýehowa bolsa: «Ynsana dil berýän kim? Lal, ker, kör edýän ýa⁠-⁠da göz berýän men, Ýehowa dälmi? 12  Bar, ýola düş. Geplän wagtyň özüm kömek ederin, aýtmaly zadyňy öwrederin»+ diýdi. 13  Emma Musa: «Ýehowa, ýalbarýaryn, maňa derek başga birini ugradaý» diýdi. 14  Şonda Ýehowanyň Musa gahary gelip: «Lewilerden Harun+ seniň doganyň dälmi? Ol dilewar adam. Şu wagt seni garşylamaga gaýtdy. Seni görüp begener+. 15  Sözlerimi Haruna aýdyp durarsyň+. Men bolsa sizi goldap, diýjek sözleriňizi agzyňyza salaryn+, etmeli⁠-⁠goýmaly zadyňyzy öwrederin. 16  Saňa derek halk bilen Harun gepleşer. Ol seniň wekiliň bolar, sen bolsa oňa Hudaý ýaly bolarsyň+. 17  Hasaňy hem äkit, gudrat görkezersiň»+ diýdi. 18  Musa gaýynatasy Şugaýybyň+ ýanyna baryp: «Rugsat berseň, Müsüre gidip, dogan⁠-⁠garyndaşlarymdan habar tutup gaýdaýyn» diýdi. Ol: «Bolýar, arkaýyn gidiber» diýdi. 19  Musa heniz Midýan ýurdundaka, Ýehowa oňa: «Müsüre gitmäge gorkma, seni öldürjek bolanlar aradan çykdy»+ diýdi. 20  Musa aýalyny we ogullaryny eşege mündürip, Müsüre ýola düşdi. Hak Hudaýyň tabşyryşy ýaly, hasasyny hem alyp gitdi. 21  Ýehowa Musa: «Müsüre baryp, saňa beren güýjüm bilen faraonyň öňünde gudrat görkez+. Emma men faraony doňýürek ederin+, ol halkymy goýbermez+. 22  Faraona: „Ýehowa şeýle diýýär: „Ysraýyl meniň oglumdyr, nowbaharymdyr+. 23  Oglumy goýber, maňa sežde etsin. Goýbermeseň, öz nowbahar ogluňy heläk ederin“+ diý“» diýip tabşyrdy. 24  Ýolda dynç almak üçin düşlänlerinde, Ýehowa*+ oňa duşup, ony* öldürjek boldy+. 25  Emma Sefura+ çakmakdaşy alyp, ogluny sünnetledi⁠-⁠de, pürçügini onuň* aýagyna degrip*: «Şu gan bilen sen maňa adaglandyň» diýdi. 26  Hudaý hem ony goýberdi. Sefura ogluny sünnetläni üçin*, «gan bilen adaglandyň» diýipdi. 27  Ýehowa Haruna: «Çöle git⁠-⁠de, Musanyň öňünden çyk»+ diýdi. Ol hem gidip, hak Hudaýyň dagynda+ Musa bilen görşüp, ony gujaklap ogşady. 28  Musa Ýehowanyň aýdan zatlaryny+ we görkez diýen gudratlaryny+ Haruna birin⁠-⁠birin gürrüň berdi. 29  Olar gidip, ysraýyl ýaşulularyny ýygnadylar+. 30  Harun olara Ýehowanyň Musa aýdan sözlerini ýekän⁠-⁠ýekän gürrüň berdi. Musa bolsa halkyň öňünde gudratlary görkezdi+. 31  Adamlar Musa ynandylar+. Ýehowanyň ysraýyllara nazar salandygyny+ we çekýän jebir⁠-⁠jepalaryny+ görendigini eşidenlerinde, olar dyza çöküp, tagzym etdiler.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: guluň bilen gepleşip başlanyňdan bäri hem.
Ýagny Ýehowanyň perişdesi.
Musanyň ogly göz öňünde tutulýan bolmaly.
Perişdäniň aýagy göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa⁠-⁠da: aýagynyň öňüne taşlap.
Sözme⁠-⁠söz: Sefura sünnet sebäpli.