Dördünji Musa 12:1—16

  • Merýem bilen Harun Musa garşy çykýar (1—3)

    • Musa iň ýumşak adam (3)

  • Ýehowa Musanyň tarapyny tutýar (4—8)

  • Merýem heýwere keseline uçraýar (9—16)

12  Merýem bilen Harun Musany kuşly aýala+ öýlenendigi üçin ýazgaryp başlady.  Olar: «Näme, Ýehowa diňe Musa arkaly gepleşýärmi? Biz arkaly gepleşenokmy?»+ diýişdiler. Ýehowa olaryň aýdanlaryny diňleýärdi+.  Ýer ýüzünde Musa ýaly ýumşak adam+ ýokdy*.  Birdenkä Ýehowa Musa, Haruna we Merýeme: «Üçiňizem ýygnak çadyryna* geliň» diýdi. Olaryň üçüsi hem geldi.  Ýehowa bulut sütüninde aşak inip+, çadyryň agzynda durdy⁠-⁠da, Harun bilen Merýemi çagyrdy. Olaryň ikisi öňe çykdy.  Şonda Hudaý: «Meni ünsli diňläň. Eger araňyzda biri Ýehowanyň pygamberi bolsa, oňa görnüşde* görnerdim+, düýşünde gepleşerdim+.  Ýöne gulum Musa bilen beýle däl. Oňa bütin halkymy* ynandym+.  Men Musa bilen ýüzbe⁠-⁠ýüz gepleşýärin+, aýtjak zadymy aýlap däl⁠-⁠de, göni aýdýaryn. Musa Ýehowanyň keşbini görýär. Onsoň, siz nädip gorkman, gulum Musa garşy çykyp bildiňiz?» diýdi.  Şeýdip, Ýehowa gaharyna olaryň ýanyndan gitdi. 10  Bulut çadyryň üstünden göterilen badyna, Merýem heýwere keseline uçrap, endamy gar ýaly ap⁠-⁠ak boldy+. Harun görse, Merýem heýwere keseline+ uçrapdyr. 11  Şonda Harun Musa ýalbaryp başlady. Ol: «Ýalbarýaryn, agam*, etmişimiz üçin jeza berme! Akmaklyk edip, günä galdyk. 12  Uýamyz Merýem ýarty bedeni çüýräp, öli doglan çaga ýaly bolmasyn!» diýdi. 13  Musa bolsa Ýehowa: «Eý Hudaý, ýalbarýaryn, Merýemi sagalt! Ýalbarýaryn!» diýip dileg etdi+. 14  Şonda Ýehowa: «Eger atasy ýüzüne tüýküren bolsa, ol ýedi günläp ile çykyp bilerdimi? Goý, ol ýedi gün düşelgäniň daşynda bolsun+. Soňra ýene düşelgä girip biler» diýdi. 15  Merýem ýedi günläp düşelgäniň daşynda boldy+. Ol gelýänçä, halk ýola düşmedi. 16  Şondan soň olar Haserotdan+ gaýdyp, Paran çölünde+ ýaşap başladylar.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Musa hemmelerden kiçigöwünlidi (mylakatlydy).
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: öýümi.
Sözme⁠-⁠söz: halypam.