Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Öwrülip geleňde, doganlara goltgy ber»

«Öwrülip geleňde, doganlara goltgy ber»

PETRUS RESUL Isany tanamaýaryn diýip inkär edensoň, möňňürip aglaýar. Heniz ol ruhy taýdan berk galmak üçin jan etmeli bolsa-da, Isa ol arkaly başgalara kömek etmek isleýärdi. Şonuň üçin Isa oňa: «Sen hem bir wagt öwrülip geleňde, doganlara goltgy ber» diýýär (Luka 22:32, 54—62). Petrus resul hem I asyrdaky mesihçiler ýygnagynyň diregi boldy (Gal. 2:9). Şonuň ýaly bir wagt ýaşuly bolup gulluk eden dogan öňki borjuny alyp, dogan-uýalary ruhy taýdan berkitmek bilen şatlyk tapyp biler.

Gözegçilik borjundan aýrylan käbir doganlar özüni dereksiz duýýarlar. Günorta Amerikada 20 ýyldan gowrak ýaşuly bolup gulluk eden Hulio * şeýle diýýär: «Meniň köplenç edýän işlerim: nutuk taýýarlamak, doganlary idemek we ýygnagyň agzalaryna çopançylyk idegini etmekdi! Gynansam-da, bu zatlar menden aýrylansoň, durmuşym boşap galan ýaly boldy. Umuman aýdanyňda, bu meniň üçin iň agyr döwür boldy». Şu günler Hulio ýene-de ýaşuly bolup gulluk edýär.

«MUNY ULY BEGENÇ SAÝYŇ»

Ýakup şägirt: «Eý doganlar, dürli synaglara uçraňyzda, muny uly begenç saýyň» diýdi (Ýakup 1:2). Ýakup synaglar diýende bikämilligiň we yzarlamalaryň netijesini göz öňünde tutupdy. Ol ten höweslerini, ýüzgörmeklik we şuňa meňzeş zatlary agzap geçdi (Ýakup 1:14; 2:1; 4:1, 2, 11). Ýehowa bize terbiýe berende, agyr degmegi mümkin (Ýew. 12:11). Emma biz şeýle synaglar sebäpli şatlygymyzy ýitirmeli däl.

Biz ýygnakdaky jogapkärli borçlardan kesilen bolsak-da, Ýehowa bolan imanymyzyň berkdigini subut etmäge we oňa bolan söýgimizi görkezmäge mümkinçiligimiz bar. Şeýle-de biz Hudaýa näme üçin gulluk edendigimiz barada pikirlenip bileris. Meselem, biz öz bähbidimiz üçinmi ýa-da Hudaýy söýýändigimiz üçin şeýle  jogapkärli borjy ýerine ýetirdik? Biz ýygnagyň Hudaýyňkydygyna we dogan-uýalaryň mähirli aladasynyň edilmegine mynasypdygyna düşünýärismi? (Res. iş. 20:28—30). Öň ýaşuly bolup gulluk eden doganlar mukaddes gullugyny şatlykly ýerine ýetirip, Ýehowany ýürekden söýýändigini hemmelere, şol sanda Şeýtana subut edýär.

Dawut patyşa agyr günäleri edende, oňa käýinç berildi. Ol temmini kabul edendigi üçin bagyşlandy. Dawut şeýle aýdym aýtdy: «Jenaýaty bagyşlanan, günäsi örtülen adam nähili bagtly! Reb tarapyndan günäsi hasaba alynmaýan adam, ruhunda hile ýok adam nähili bagtly!» (Zeb. 32:1, 2). Elbetde, Dawut günäsinden saplanandan soň, Hudaýyň halkyna has gowy çopan boldy.

Köplenç täzeden ýaşuly bolup bellenen doganlar öňküsinden hem has gowy çopan bolýarlar. Şeýle ýaşulularyň biri: «Indi men günä eden dogan-uýalaryň ýagdaýyna has gowy düşünýärin» diýýär. Başga bir ýaşuly bolsa: «Häzir men dogan-uýalara hyzmat etmek borjumy has gymmat saýýaryn» diýýär.

SIZ ÝENE-DE ÝAŞULY BOLUP BILERMISIŇIZ?

Mezmurçy: «(Ýehowa) hemişe käýemez, gaharyny ebedi saklamaz» diýdi (Zeb. 103:9). Şonuň üçin biz agyr günä eden adama Hudaý oňa gaýdyp hiç haçan ynanmaz diýip pikir etmeli däl. Ençeme ýyl ýaşuly bolup gulluk edip, soňra borjundan kesilen Rikardo şeýle gürrüň berýär: «Men goýberen ýalňyşlygym üçin örän lapykeç boldum. Köp wagtlap meniň özümi dereksiz duýmagym täzeden dogan-uýalara gözegçi bolup gulluk etmegime päsgel berdi. Men ýene-de ýaşuly bolup biljekdigime hiç hili ynamym ýokdy. Emma men başgalara şatlyk bilen kömek etdim, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirdim, ýygnakda dogan-uýalary ruhlandyrdym we olar bilen wagyz etdim. Bu bolsa maňa özüme ynamly bolmaga kömek etdi. Häzir men ýene-de ýaşuly bolup gulluk edýärin».

Ýehowa doganlara ýene-de gulluk etmek islegini berýär we şatlyk tapmaga kömek edýär

Öýke-kine saklamak hem dogana ýaşuly bolmaga päsgel berýär. Bu babatda Ýehowanyň gullukçysy Dawutdan görelde alsak gowy bolar! Ol göripçilik edýän Şaul patyşadan gaçyp ýörmeli boldy. Dawudyň mümkinçiligi bolsa-da, ol Şauldan ar almady (1 Şam. 24:4—7; 26:8—12).  Şaul uruşda ölende, Dawut ony we onuň ogly Ýonatany «söýgüli, eziz» adamlar hökmünde ýatlap aglady (2 Şam. 1:21—23). Dawut öýke-kine saklamady.

Eger-de siz: «Meniň ýagdaýyma dogry düşünmediler ýa-da meniň meseläm adalatsyz çözüldi» diýip pikir edýän bolsaňyz, onda öýkelemejek boluň. Meselem, Angliýada 30 ýyla golaý ýaşuly bolup gulluk edip, soňra şol borjundan aýrylan Wilýam käbir ýaşululardan öýkeleýärdi. Wilýama paýhasly bolmaga näme kömek etdi? Ol: «Men Eýýup kitabyny okap ruhlandym. Eger Ýehowa Eýýuba üç dostuna dogry garaýyşda bolmaga kömek eden bolsa, onda Ol maňa ýygnak ýaşulularyna dogry garaýyşda bolmaga has köp kömek eder!» diýdi (Eýýup 42:7—9).

HUDAÝ TÄZEDEN ÝAŞULY BOLANLARY PATALAÝAR

Eger-de siz Hudaýyň sürüsine çopançylyk etmek borjuňyzy tabşyran bolsaňyz, onda siz näme üçin şeýle karara gelendigiňiz barada oýlansaňyz gowy bolardy. Meselem, siz kynçylyklaryňyz bilen başagaý bolduňyzmy? Siziň durmuşyňyzda başga zatlar has wajyp orun tutdumy? Başgalaryň bikämilligi sebäpli ruhdan düşdüňizmi? Näme bolaýanda-da, siz ýaşuly bolup gulluk eden wagtyňyz başgalara her dürli usullar bilen kömek edendigiňizi unutmasaňyz gowy bolar. Siz olary gürrüňleriňiz bilen berkitdiňiz, göreldäňiz bilen ruhlandyrdyňyz we synaga düşenlerinde, çopançylyk idegleriňiz bilen olara döz gelmäge kömek etdiňiz. Siz ýaşuly bolup wepaly gulluk edeniňizde, özüňizem begendiňiz, has-da Ýehowanyň ýüregini şatlandyrdyňyz (Sül. tym. 27:11).

Mukaddes gullugy şatlyk bilen ýerine ýetirip, Ýehowany söýýändigiňizi görkeziň

Ýehowa doganlara ýygnakda jogapkärli borjy almak islegini berdi we şatlykly gulluk etmäge kömek etdi. Eger siz ýaşuly bolup gulluk etmek borjuňyzy tabşyran ýa-da ondan aýrylan bolsaňyz, onda siz ýene-de «gözegçi bolmaga jan çekseňiz» gowy bolar (1 Tim. 3:1). Pawlus resul Kolosedäki mesihçileriň «Rebbe mynasyp ýagdaýda gezip, Ony her babatda hoşnut etmekleri» üçin, Hudaýyň isleginiň dogry bilimini alar ýaly, olar üçin «dilemegiň yzyny üzmeýärdi» (Kol. 1:9, 10). Eger siz ýene-de ýaşuly bolup gulluk edýän bolsaňyz, Ýehowadan sizi berkitmegini, sabyr we şatlyk bermegini diläp bilersiňiz. Şu soňky günlerde Hudaýyň halky mähirli çopanlaryň ruhy goldawyna mätäç. Siziň dogan-uýalary berkitmäge islegiňiz we mümkinçiligiňiz barmy?

^ abzas 3 Käbir atlar üýtgedildi.