Birinji Korinfliler 9:1—27

  • Pawlusyň resul hökmünde galdyran göreldesi (1—27)

    • «Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň» (9)

    • «Hoş habary wagyz etmesem, dat günüme!» (16)

    • Her kese her zat boldum (19—23)

    • Ýaşaýyş ýolunda özüňe erk etmek (24—27)

9  Men islän zadymy edip bilmeýärinmi? Men resul dälmi? Halypamyz Isany görmedimmi?+ Siz Halypamyz üçin çeken zähmetimiň miwesi dälmi?  Men başgalar üçin resul bolmasam⁠-⁠da, siziň üçin resuldygyma doly ynanýaryn. Sebäbi siz meniň Halypamyzyň resulydygymy möhür kimin tassyklaýarsyňyz.  Meni günäkärleýänleriň öňünde özümi aklamak üçin şulary aýdýaryn.  Biziň iýip⁠-⁠içmäge hakymyz* ýokmy?  Biziň hem beýleki resullar, Halypamyzyň doganlary+ we doganymyz Kifa*+ ýaly öýlenip, iman edýän aýalymyzy ýanymyzda alyp gitmäge hakymyz ýokmy?+  Barnabas+ ikimiziň zähmet çekmän, diňe Hudaýa gulluk etmäge hakymyz ýokmy?  Eýsem goşunda gulluk edýän esgere hak tölenmeýärmi? Üzüm ekýän adam miwesini iýmezmi?+ Sürini bakýan çopan süýt içmezmi?  Men diňe adamlaryň pikirini aýdýarynmy? Töwratda⁠-⁠da şeýle diýilmeýärmi?  Musanyň ýazan Töwrat kitabynda: «Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň»+ diýilýär. Hudaý öküzleriň aladasyny edýärmi 10  ýa⁠-⁠da biziň aladamyzy? Ol şeýle kanuny biziň aladamyzy etmek üçin beripdi. Sebäbi ýer sürýän⁠-⁠de, harman döwýän⁠-⁠de paýyny almak üçin zähmet çekýär. 11  Eger sizde ruhy tohumy eken bolsak, onda sizden gerek⁠-⁠ýarak zadymyzy alsak nädogry bolarmy?+ 12  Eger başgalaryň sizden zat talap etmäge haky bar bolsa, onda biziň has köp hakymyz ýokmy? Biziň hakymyz bolsa⁠-⁠da, ondan peýdalanmadyk+. Biz Mesih baradaky hoş habary wagyz etmek üçin ähli ýagdaýlara döz geldik+. 13  Ybadathanada mukaddes gullugy berjaý edýänleriň getirilen sadakalardan iýip bilýändigini bilmeýärsiňizmi? Gurbanlyk ojagynyň* öňünde hyzmat edýänleriň öz paýyny alýandygyny bilmeýärsiňizmi?+ 14  Halypamyz hem hoş habary wagyz edýänlere hoş habar arkaly ýaşamagy tabşyrypdy+. 15  Men bolsa ygtyýarymdan peýdalanmadym+ ýa⁠-⁠da bir zada hantama bolup hat ýazmadym. Meniň şeýle edenimden ölenim gowudyr. Hoş habary mugt wagyz edýändigime buýsanýaryn, hiç kim maňa buýsanmaga päsgel berip bilmez+. 16  Ýöne meniň öwünmäge hakym ýokdur, sebäbi hoş habary wagyz etmek borjumdyr. Hoş habary wagyz etmesem, dat günüme!+ 17  Hoş habary höwes bilen wagyz etsem, sylag alaryn. Emma göwünli⁠-⁠göwünsiz etsem⁠-⁠de, şonda⁠-⁠da Hudaýyň öňünde borjumy ýerine ýetirmeli+. 18  Ýöne nähili sylag alaryn? Berlen ygtyýardan doly peýdalanman, hoş habary mugtuna wagyz etmeklik meniň sylagymdyr. 19  Men hiç kime borçly bolmasam⁠-⁠da, adamlara Mesihiň ýolundan ýöremäge kömek etmek üçin gul kimin hemmelere hyzmat etdim. 20  Ýehudylary Mesihiň ýolunda ýöretjek bolup, olar üçin ýehudy boldum+. Men kanuna görä ýaşamasam⁠-⁠da, kanuna görä ýaşaýanlary halas etjek bolup, olar üçin kanuna görä ýaşaýan ýaly boldum+. 21  Men Hudaýyň we Mesihiň kanunyny berjaý edýärin+. Ýöne kanuny berjaý etmeýänleri Mesihiň ýolunda ýöretjek bolup, kanuna görä ýaşamaýan adam ýaly boldum. 22  Ejizlere kömek etjek bolup, olar üçin ejiz adam ýaly boldum+. Iň bolmanda, käbir adamlary halas etmek üçin, her kese her zat boldum. 23  Men bulary ähli adamlara hoş habary wagyz etmek üçin we hoş habaryň hatyrasy üçin etdim+. 24  Siz ýaryşda ylgaýanlaryň diňe biriniň baýrak alýandygyny bilýänsiňiz. Siz hem baýrak almak üçin ylgaň+. 25  Ýaryşa gatnaşýan türgenler solýan täji almak üçin ähli zatdan geçip+, özüne erk edýärler. Biz bolsa solmaýan täji almak üçin+ ähli zatdan geçip, özümize erk edýäris. 26  Şol sebäpli men maksatsyz ylgamaýaryn+, howany ýumruklaýan ýaly, boş ýere urmaýaryn. 27  Ýöne başgalara wagyz edip, özüm sylagsyz galmaz ýaly*, bedenimi jylawlap*+, gul kimin tabyn edýärin.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: ygtyýarymyz.
Ýagny Petrus.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Hudaýyň razylygyndan mahrum bolmaz ýaly.
Ýa⁠-⁠da: jeza berip; berk terbiýeläp. Sözme⁠-⁠söz: urup.