Ikinji Musa 5:1—23

  • Musa bilen Harun faraonyň huzurynda (1—5)

  • Ysraýyllara has ýowuz daraşylmagy (6—18)

  • Ysraýyllar Musa bilen Haruny günäkärleýär (19—23)

5  Musa bilen Harun faraonyň huzuryna baryp: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Halkymy goýber, çölde meniň üçin baýram etsin“» diýdiler.  Emma faraon: «Aýdanyny edip, ysraýyllary goýberer ýaly+, Ýehowa kimmişin?+ Men Ýehowany tanamok, ysraýyllary hem goýberjek däl!»+ diýdi.  Olar bolsa: «Biz bilen ysraýyllaryň* Hudaýy gepleşdi. Üç günlük çöle gidip, Ýehowa Hudaýymyza gurbanlyk beräýeli+. Ýogsam ol bizi elhenç kesele uçradar ýa⁠-⁠da duşmanlarymyzyň eline berip, gylyçdan geçirder» diýdiler.  Müsür faraony: «Musa, Harun, näme beýdip adamlaryň elini işden sowadýaňyz?+ Baryň, işiňiz bilen boluň!» diýdi.  Soňra faraon: «Näme, ýurtdaky birgiden ysraýyllary işden goýup, ýanyňyz bilen äkitjek bolýaňyzmy?» diýdi.  Şol gün faraon işçileriň üstünden goýlan ýolbaşçylara we ysraýyl gözegçilerine buýruk berip:  «Indiden beýläk halka kerpiç ýasamak üçin saman bermäň+. Samany özleri çöplesin.  Kerpiçleri bolsa öňkiňiz ýaly talap ediň, sanyny azaltmaň. Olar mesirgäp başlapdyr*. Şonuň üçin: „Biz gitjek, Hudaýymyza gurbanlyk berjek!“ diýip gygyryşýarlar.  Olary eşek ýaly işlediň. Şonda boş sözlere gulak gabartmanjyk geçerler!» diýdi. 10  Ýolbaşçylar we gözegçiler+ ysraýyllaryň ýanyna baryp: «Faraonyň buýrugyny diňläň: „Mundan beýläk size saman berilmez. 11  Gidiň⁠-⁠de, samany özüňiz çöpläň. Nireden tapsaňyz, şondan tapyň. Gündeki edýän işiňiz bolsa birjik⁠-⁠de azaldylmaz“» diýdiler. 12  Şonda adamlar tutuş Müsüre aýlanyp, saman çöplediler. 13  Ýolbaşçylar bolsa: «Gündeki işiňizi öňki ýaly ediň!» diýip, olary gününe goýmaýardylar. 14  Faraonyň bellän ýolbaşçylary ysraýyl gözegçilerini urup+: «Kerpiçler näme üçin az? Günde şol bir ýagdaý!» diýýärdiler. 15  Şonda ysraýyllardan bellenen gözegçiler faraonyň ýanyna baryp: «Hyzmatkärleriňe näme beýle ýowuz daraýaň? 16  Bize saman bermän, kerpiç ýasamagy talap edýärler. Günä öz adamlaryňda bolsa⁠-⁠da, bizi ýençýärler» diýip arz etdiler. 17  Emma faraon: «Siz ýalta! Işden gaçjak bolup+: „Biz gitjek, Ýehowa gurbanlyk berjek!“+ diýen bolýaňyz. 18  Baryň, işiňiz bilen boluň! Size saman berilmez, ýöne ýekeje kerpiç kem bolaýmasyn!» diýdi. 19  «Ýekeje kerpiç kem bolaýmasyn!» diýen buýrugy eşidip, ysraýyl gözegçileri ýagdaýyň has⁠-⁠da kynlaşandygyna düşündiler. 20  Olar faraonyň huzuryndan çykanda, Musa bilen Harun daşarda garaşyp durdy. 21  Gözegçiler olara: «Goý, Ýehowa size jeza bersin! Siz sebäpli faraona⁠-⁠da, hyzmatkärlerine⁠-⁠de ýigrenji bolduk. Näme, bizi öldürtjek bolýaňyzmy?» diýdiler+. 22  Musa Ýehowa ýüzlenip: «Ýehowa, halky ne günlere saldyň? Meni bärik näme üçin iberdiň? 23  Faraonyň huzuryna baryp, seniň adyňdan+ geplänim bäri, ol halky öňküdenem beter ezýär+. Sen bolsa olaryň dadyna ýetişeňok»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: ýewreýleriň.
Ýa⁠-⁠da: ýaltalyk edýär.