Işaýa 55:1—13

  • Geliň, mugt iýiň, içiň! (1—5)

  • Ýehowany we ygtybarly sözüni agtaryň (6—13)

    • Hudaýyň ýoly ynsan ýolundan beýikdir (8, 9)

    • Hudaýyň sözi ýerine ýeter (10, 11)

55  Teşne adamlar+, geliň, suw içiň!+ Pulsuz adamlar, alyň*, iýiň! Geliň, şeraby, süýdi mugt+ we pulsuz alyň+.   Siz näme üçin çörek däl⁠-⁠de, biderek zat satyn alýarsyňyz?Gazanjyňyzy näme üçin doýurmaýan zada berýärsiňiz? Meni ünsli diňläň, ýokumly zatlary iýiň+,Tagamly naharlary iýip, janyňyz lezzet alsyn+.   Meni diňläň, ýanyma geliň!+ Maňa gulak assaňyz, uzak ýaşarsyňyz.Dawuda bolan söýgime* wepaly bolup+,Siz bilen hökman ebedilik äht baglaşaryn+.   Men ony milletlere şaýat+,Halklara baştutan+ we serdar etdim+.   Sen ýat halky çagyrarsyň,Seni tanamaýan halk ýanyňa ylgap geler.Olar muny Ýehowa Hudaýyň,Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň hatyrasyna ederler+.Sebäbi ol seni şöhratlandyrar+.   Wagt barka, Ýehowany agtaryň+, Ýakyndaka, ony çagyryň+.   Erbet adam ýaman ýolundan dänsin+,Zalym adam pälinden gaýtsyn.Ol Ýehowa dolansyn, oňa rehim eder+.Hudaýymyza gelsin, ony doly bagyşlar+.   «Meniň pikirlerim siziň pikirleriňizden tapawutlanýar+,Meniň ýollarym siziň ýollaryňyza meňzemeýär».Muny Ýehowa aýdýar.   «Asmanyň ýerden belent bolşy ýaly,Meniň ýollarym hem siziň ýollaryňyzdan,Meniň pikirlerim hem siziň pikirleriňizden beýikdir+. 10  Asmandan ýagýan ýagyş bilen gar,Ýeri suwarman, hasyl öndürmän,Daýhana tohum, ynsana çörek bermän yzyna dolanmaz. 11  Agzymdan çykan söz hem şeýledir+. Ol yzyna boş gaýdyp gelmez+.Islegimi hökman berjaý eder+,Buýrugymy doly ýerine ýetirer. 12  Siz şatlanyp gaýdarsyňyz+,Aman⁠-⁠esen yzyňyza gelersiňiz+. Daglar sizi garşy alar,Baýyrlar begenjinden ýaňa gygyrar+,Sähranyň agaçlary el çarparlar+. 13  Ýandak ýerine arça agaçlary+,Tikenekleriň ýerine reýhan* agaçlary öser. Bu öçmejek, ebedilik alamat bolup,Ýehowa şan⁠-⁠şöhrat getirer»+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: satyn alyň.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgime.
Ýa⁠-⁠da: nazboýgül.