Işaýa 46:1—13

  • Wawilon butlary we Ysraýyl Hudaýy (1—13)

    • Ýehowa gelejegi öňünden aýdýar (10)

    • Gündogardan gelýän ýyrtyjy guş (11)

46  Bel dyza çökýär+, Nebo iki bükülýär, Olaryň butlary haýwanlara, mallara ýüklenýär+,Olar ýadap, zordan göterýär.   Taňrylar iki bükülýär, dyza çökýär;Ýüklerini* halas edip bilmeýär,Özleri⁠-⁠de ýesir düşýär.   «Ýakubyň öýi, Ysraýyl öýüniň aman galanlary+, gulak asyň!Dünýä ineniňizden bäri goldaw berýärin,Eneden doglanyňyzdan bäri göterip gelýärin+.   Garrasaňyz⁠-⁠da, men üýtgemerin+.Saçyňyz agarsa⁠-⁠da, sizi göterip gezerin. Hemişekim ýaly, sizi götererin, goldaryn, halas ederin+.   Meni kime meňzedýärsiňiz? Meni kime deňeýärsiňiz?+Meňzeşligiň bar diýip, kim bilen deňeşdirýärsiňiz?+   Käbirleri torbasyndan altyn seçip,Kümşi terezide çekip, Zergäri hakyna tutup, taňry ýasadýar+, Soňra ýere ýüzin ýykylyp çokunýar+.   Buty gerşinde göterýärler+,Eltip ýerinde goýýarlar, ol gozganman durýar. Ol ýerinden butnamaýar+. Oňa ýalbarýarlar, ýöne jogap bermeýär,Hiç kimi halas edip bilmeýär+.   Şulary ýatda saklaň, mert boluň. Eý günäkärler, olar hakda oýlanyň.   Gadymy döwürde bolan zatlary* unutmaň,Men Hudaý, menden başgasy ýok. Men Hudaý, meniň ýaly ýok+. 10  Soňunda näme boljagyny öňünden aýdypdym,Boljak zatlary gadymy günlerde habar beripdim+. Men diýýärin: „Niýetim* ýerine ýeter+,Ýüregime düwenim amala aşar“+. 11  Gündogardan ýyrtyjy guşy çagyraryn+,Uzak ülkeden niýetimi* ýerine ýetirjek biri geler+. Men aýtdym, aýdanym amala aşar. Maksat goýdum, maksadyma ýeterin+. 12  Kesir* ýürekler, gulak asyň!Dogry ýoldan çykanlar, diňläň! 13  Adalaty dikeltjek wagtym golaýdyr,Uzakda däldir.Gijä galmaryn, halas ederin+. Siony halas ederin, Ysraýyla şöhratymy görkezerin»+.

Çykgytlar

Ýagny haýwanlara ýüklenen butlary.
Sözme⁠-⁠söz: Ilkinji zatlary.
Ýa⁠-⁠da: Permanym.
Ýa⁠-⁠da: permanymy.
Sözme⁠-⁠söz: Güýçli.