Ikinji Musa 7:1—25

  • Ýehowa Musany ruhlandyrýar (1—7)

  • Harunyň hasasy uly ýylana öwrülýär (8—13)

  • 1⁠-⁠nji jeza: suwuň gana öwrülmegi (14—25)

7  Ýehowa Musa: «Seni faraonyň üstünden Hudaý ýaly edip goýdum*. Doganyň Harun hem pygamberiň bolar+.  Aýtjak zatlarymy doganyň Haruna ýetir, ol hem faraona aýtsyn. Ahyry faraon ysraýyllary goýberer.  Men faraony doňýürek edip+, Müsürde köp alamat we gudrat görkezerin+.  Şonda⁠-⁠da faraon size gulak asmaz. Men Müsüre garşy elimi göterip, olara agyr jezalary bererin+. Ysraýyl halkymy topar⁠-⁠topar edip, Müsürden çykararyn.  Güýçli golumy Müsüre uzadyp, ysraýyllary çykaranymda, müsürliler meniň Ýehowadygymy biler»+ diýdi.  Musa bilen Harun Ýehowanyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, ähli zady aýdyşy ýaly etdiler.  Faraon bilen gepleşende, Musa 80, Harun bolsa 83 ýaşyndady+.  Ýehowa Musa bilen Haruna:  «Faraon size gudrat görkez diýse, Haruna: „Hasaňy faraonyň öňüne taşla“ diý. Şonda hasa ullakan ýylana öwrüler»+ diýdi. 10  Musa bilen Harun faraonyň huzuryna baryp, edil Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdi. Harun hasasyny faraonyň we hyzmatkärleriniň öňüne taşlady welin, hasa ullakan ýylana öwrüldi. 11  Faraon hem maslahatçylaryny we jadygöýlerini* çagyrdy. Müsür jadygöýleri*+ jadyly güýji bilen edil şonuň ýaly gudrat görkezdiler+. 12  Olaryň hersi hasasyny ýere taşlanda, ullakan ýylana öwrüldi. Harunyň ýylany* bolsa olaryň ýylanlaryny ýuwutdy. 13  Ýöne Ýehowanyň aýdyşy ýaly, faraon kesirlik edip+, Musa bilen Haruna gulak asmady. 14  Şonda Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Faraon doňýürek+, ol halky goýbermekden boýun gaçyrýar. 15  Ertir irden faraonyň ýanyna git. Ol Nil derýasyna barar. Faraon bilen görüşmek üçin derýanyň kenarynda dur, ýylana öwrülen hasany hem alyp git+. 16  Faraona şeýle diý: „Meni ýanyňa ysraýyllaryň* Hudaýy Ýehowa iberdi+. Ol: „Halkymy goýber, çölde maňa sežde etsinler“ diýýär. Sen bolsa entegem boýun bolaňok. 17  Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Meniň Ýehowadygymy şundan bilersiň+: hasamy uzadyp, Nil derýasyna uraryn welin, suw gana öwrüler. 18  Nildäki balyklar ölüp, derýa porsar. Müsürliler derýanyň suwundan içip bilmez“». 19  Soňra Ýehowa Musa tabşyryk berip: «Haruna: „Suw gana öwrüler ýaly, hasaňy Müsüriň+ ähli suwlaryna, derýalaryna, ýaplaryna*, köllerine+ we howdanlaryna uzat“ diý. Şonda bütin Müsürdäki, hatda gap⁠-⁠gaçlardaky* suwlar hem gana öwrüler» diýdi. 20  Musa bilen Harun dessine Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdiler. Harun hasany galdyryp, faraonyň we hyzmatkärleriniň gözüniň alnynda Nil derýasyna urdy welin, suw gana öwrüldi+. 21  Nildäki balyklar öldi+, derýa porsap başlady. Müsürliler Nil derýasynyň suwundan içip bilmediler+. Tutuş Müsürdäki suw gana öwrüldi. 22  Emma Müsür jadygöýleri hem jadyly güýji* bilen edil şonuň ýaly etdiler+. Muny gören faraon ýene⁠-⁠de boýnuýogynlyk etdi. Ýehowanyň aýdyşy ýaly, ol Musa bilen Haruna gulak asmady+. 23  Faraon köşgüne gaýtdy, bolan zatlar onuň piňine⁠-⁠de däldi. 24  Müsürliler bolsa suw gözläp, Nil derýasynyň töwereginde guýy gazyp başladylar, sebäbi derýanyň suwundan içer ýaly däldi. 25  Şeýdip, Ýehowanyň Nil derýasyny gana öwrenine ýedi gün boldy.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Saňa faraonyň üstünden ygtyýar berdim.
Ýa⁠-⁠da: porhanlaryny.
Sözme⁠-⁠söz: jadygöýlik edýän ruhanylaryny.
Sözme⁠-⁠söz: hasasy.
Sözme⁠-⁠söz: ýewreýleriň.
Ýa⁠-⁠da: kanallaryna. Nil derýasynyň şahalary göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: agaç we daş gaplardaky.
Ýa⁠-⁠da: gizlin hileleri.