Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaň!

Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaň!

«Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhraty, hormaty, alkyşy almaga mynasypsyň. Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň». YLH. 4:11

AÝDYMLAR: 112, 133

1, 2. Her birimiz nämä ynamly bolmaly? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

GEÇEN makalada bellenilişi ýaly, Iblis Ýehowanyň hökümdarlyk etmäge hakynyň ýokdugyny we adamlaryň özleriniň höküm sürüp bilýändigini aýdypdy. Eýsem, Şeýtanyň aýdanlary dogrumy? Aýdaly, adamlaryň özleri höküm sürüp, ebedi ýaşap bilýär. Emma olar Hudaýsyz gowy höküm sürüp bilermi? Siz Hudaýdan garaşsyz we ebedi ýaşasaňyz bagtly bolup bilermisiňiz?

2 Bu soraglara size derek hiç kim jogap berip bilmese gerek. Her bir adamyň özi olaryň üstünde oýlanmaly. Şonda ol Hudaýyň hökümdarlygynyň adalatlydygyna göz ýetirer. Ýehowa iň gowy Hökümdar. Şol sebäpli biz onuň hökümdarlygyny ýürekden goldamaly. Muňa Mukaddes Ýazgylar göz ýetirmäge kömek edýär. Geliň, Ýehowanyň hökümdarlygynyň adalatlydygy barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigine seredeliň.

ÝEHOWA HAK HUKUKLY HÖKÜMDAR

3. Näme üçin Ýehowa ýeke-täk hak hukukly Hökümdar?

3 Ýehowa älem-jahanyň kanuny Hökümdary, sebäbi ol Gudratygüýçli Hudaý we Ýaradyjydyr (1 Ýyl. 29:11; Res. iş. 4:24). Ylham 4:11-de: «Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhraty, hormaty, alkyşy almaga mynasypsyň. Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň, olar seniň islegiň bilen ýaşaýandyr we döredilendir» diýilýär. Hawa, ähli zady ýaradan Ýehowanyň hem adamlaryň, hem perişdeleriň üstünden höküm sürmäge haky bar.

4. Hudaýyň hökümdarlygyna garşy çykmak näme üçin erkinligi nädogry ulanmak hasaplanýar?

4 Şeýtan hiç zady ýaratmady. Şol sebäpli onuň hökümdarlyk etmäge hiç hili haky ýok. Şeýtan we ilkinji ynsan maşgalasy Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy pitne turzup, özlerini örän gödek alyp bardylar (Ýer. 10:23). Elbetde, olar erkin ýaradylandygy üçin, Hudaýdan garaşsyz ýoly saýlap bilerdiler. Ýöne beýle etmäge olaryň haky bardymy? Ýok. Erkinlik adamlara gündelik durmuşynda dogry hereket etmäge mümkinçilik berýärdi. Emma Ýaradyja we Ýaşaýyş berijä garşy pitne turuzmaga hak bermeýärdi. Diýmek, olar Ýehowa garşy gidip, erkinligini nädogry ulandylar. Aslynda, adamlar Ýehowanyň adalatly hökümdarlygy astynda ýaşamaly.

5. Biz Hudaýyň çykarýan kararlarynyň adalatlydygyna näme üçin ynamly bolup bileris?

5 Ýehowa başga sebäbe görä-de älem-jahanyň kanuny Hökümdary hasaplanýar. Ol adalatyny kämil derejede görkezýär. Ýehowa özi barada şeýle diýýär: «Ýer ýüzünde söýgi, adalat we dogruçyllyk bilen hereket edýän Men — Rebdirin. Çünki Men bulardan lezzet alýaryn» (Ýer. 9:24). Bikämil adamlaryň çykaran hiç bir kanuny adalata esaslanmaýar. Emma Ýehowa adalatyň gözbaşy, onuň adamlara beren kanunlary hem adalata esaslanýar. Hudaýyň «tagtynyň düýp-teýkary dogrulyk, adyllykdyr», şol sebäpli biz onuň ähli kanunlarynyň, prinsipleriniň we çykarýan kararlarynyň adalatlydygyna ynamly bolup bileris (Zeb. 89:14; 119:128). Şeýtan Ýehowanyň hökümdarlygynyň adalatlydygyny şübhä goýsa-da, onuň özi dünýäde adalatyň bolmagyny gazanyp bilmedi.

6. Ýehowanyň dünýäniň üstünden höküm sürmäge haklydygyny ýene näme görkezýär?

6 Ýehowanyň bilimi we akyldarlygy hem älem-jahanyň kanuny Hökümdary bolmaga esas berýär. Sebäbi ol ähli ýaradylan zatlaryň aladasyny etmegi başarýar. Meselem, Hudaý öz Ogluna lukmanlaryň bejerip bilmeýän kesellerini bejermäge güýç berdi (Mat. 4:23, 24; Mar. 5:25—29). Bu zatlar Ýehowa üçin gudrat däldi. Ol adamyň bedeninde bolup geçýän ähli zatlara gowy düşünýär we oňa täsir edýän islendik zyýany aýryp bilýär. Şol sebäpli onuň ölen adamlary direltmäge we betbagtçylyklaryň öňüni almaga güýji ýetýär.

7. Ýehowanyň akyldarlygy dünýäniň akyldarlygyndan nähili derejede ýokary?

7 Şeýtanyň dünýäsinde adamlar milletara we halkara düşünişmezlikleri çözmegiň dürli ýollaryny agtarýarlar. Emma diňe akyldar Hudaý Ýehowa dünýäde parahatlygy dikeldip bilýär (Iş. 2:3, 4; 54:13). Biz Ýehowanyň bilime baý we akyldar Hudaýdygyna göz ýetirip, özümizi Pawlus resul ýaly duýýarys. Ol Ýehowa hakda şeýle sözleri ýazdy: «Hudaýyň berekedi, gör, nähili boldur! Akyldarlygy we bilimi diýseň çuňdur! Onuň hökümleriniň we ähli ýollarynyň aňyrsyna ýetip bolýan däldir!» (Rim. 11:33).

IŇ GOWY HÖKÜMDARLYK

8. Ýehowanyň höküm sürşi size nähili täsir edýär?

8 Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň diňe bir höküm sürmäge haklydygy barada aýdylmaýar. Onda Ýehowanyň hökümdarlygynyň başga-da sebäplere görä beýik hasaplanýandygy görkezilýär. Meselem, ol söýgi bilen höküm sürýär. Dogrudan-da, onuň söýgi bilen höküm sürmegi bize güýçli täsir edýär. Ýehowa «rehimli we merhemetli Hudaýdyr... giň göwünli, söýgä, wepadarlyga baýdyr» (Müs. çyk. 34:6). Hudaý öz gullukçylaryny gymmat saýýar we olara hormat goýýar. Ol biziň aladamyzy özümizdenem gowy edýär. Ýadyňyzda bolsa, Iblis Ýehowanyň wepaly gullukçylaryndan gowy zatlary gizleýändigini aýdypdy. Emma bu ýalan, sebäbi Ýehowa biziň gelejege umydymyz bolar ýaly, hatda söýgüli Ogluny hem berdi (Zebur 84:11; Rimliler 8:32-nji aýatlary okaň).

9. Biz Ýehowanyň her birimiziň aýratynlykda aladamyzy edýändigini nireden bilýäris?

9 Ýehowa diňe tutuş halkynyň aladasyny etmek bilen çäklenmeýär. Ol her bir gullukçysy barada ýürekden gyzyklanýar. Geliň, serdarlaryň 300 ýyl höküm süren döwründe bolan bir waka seredeliň. Şol wagtlar Ýehowa serdarlar arkaly ysraýyl halkyny duşmanlaryndan halas edýärdi. Şeýle kyn döwürde Ol hakyky seždäni kabul etmek üçin ähli zadyndan geçen mowaply Rutuň aladasyny etdi. Ýehowa oňa ýanýoldaş we ogul berdi. Emma gelejekde Rut direlende, oglunyň nesil şejeresi arkaly Mesihiň doglandygyny biler. Şeýle-de Ýazgylarda öz adyny göterýän kitabyň bardygyny we onda öz durmuşy hakda ýazylandygyny bilende, gör, ol nähili begener! (Rut 4:13; Mat. 1:5, 16).

10. Ýehowanyň hökümdarlygy astynda näme üçin adam özüni erkin duýýar?

10 Zalym we rehimsiz hökümdarlardan tapawutlylykda, Ýehowanyň hökümdarlygy adamyň erkinligini çäklendirmeýär we oňa şatlyk berýär (2 Kor. 3:17). Dawut patyşa bu barada şeýle diýdi: «Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat, onuň mekanyndadyr güýç we şatlyk» (1 Ýyl. 16:7, 27). Mezmurçy Asaf hem ol hakda: «Şatlyk owazyny bilýän halk nähili bagtly! Olar Seniň ýüzüň nury bilen ýörär, ýa Reb. Olar bütin gün Seniň adyň bilen şatlanar, dogrulygyň bilen beýgeler» diýip ýazdy (Zeb. 89:15, 16).

11. Ýehowanyň iň gowy Hökümdardygyna bolan ynamymyzy nädip berkidip bileris?

11 Ýehowanyň ýagşylyklary hakda oýlansak, onuň iň gowy Hökümdardygyna bolan ynamymyz has-da berkär. Bizem özümizi: «Seniň howlularyňda geçen bir gün daşarda geçen müň günden gowudyr» diýen mezmurçy ýaly duýarys (Zeb. 84:10). Bu duýgular hemmämize tanyş bolsa gerek! Ähli zatlary ýaradyp, olara ýaşaýyş beren Ýehowa bagtly bolmagymyz üçin bize nämäniň gerekdigini gowy bilýär we olary bolluk bilen berýär. Onuň talaplaryny berjaý etmek üçin hatda käbir zatlardan geçmeli bolsa-da, olaryň ählisi biziň peýdamyza we uly şatlyk getirýär (Işaýa 48:17-ni okaň) *.

12. Biz näme üçin Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamak isleýäris?

12 Mukaddes Ýazgylarda Mesihiň Müňýyllyk Hökümdarlygyndan soň, käbir adamlaryň Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy çykjakdygy barada aýdylýar (Ylh. 20:7, 8). Olary şeýle etmäge näme iterer? Diňe özüni bilýän Iblis tussaglykdan boşanda, adamlarda-da diňe özüňi bilmeklik ruhuny oýaryp, olary aldawa salar. Ol adamlary Ýehowa gulak asman hem ebedi ýaşap bolýandygyna ynandyrjak bolar. Elbetde, bu zatlar ýalan. Ýöne ol size täsir edermi? Eger biz Ýehowany söýsek we ony mähriban Hudaý hem-de älem-jahanyň kanuny Hökümdary hökmünde kabul etsek, Iblisiň aýdýanlaryny inkär ederis. Biz hiç haçan Ýehowanyň adalatly we söýgüden doly hökümdarlygynyň astyndaky ýaşaýyşdan başga durmuşy saýlamarys.

HUDAÝYŇ HÖKÜMDARLYGYNY WEPALY GOLDAŇ

13. Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

13 Ýehowanyň hökümdarlygy biziň ýürekden goldamagymyza mynasyp. Sebäbi ol höküm sürmäge hakly we iň gowy Hökümdar. Biz aýypsyzlygymyzy saklap we Ýehowa wepaly gulluk edip, onuň hökümdarlygyny goldap bileris. Şeýle-de ähli zady Ýehowanyň isleýşi ýaly edip, onuň hökümdarlygyny goldaýandygymyzy görkezeris. Biz ähli zada Ýehowa ýaly garasak, ony söýýändigimizi we hökümdarlygyny goldaýandygymyzy subut ederis (Efesliler 5:1, 2-nji aýatlary okaň).

14. Ýygnak ýaşululary we maşgalabaşylar nädip Ýehowanyň göreldesine eýerip biler?

14 Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip, Ýehowanyň ygtyýaryny söýgi bilen amala aşyrýandygyny bildik. Şol sebäpli Ýehowanyň hökümdarlygyny söýýän maşgalabaşylar we ýygnak ýaşululary talap ediji bolmazlar. Olar öz hökümdarlygyny berkarar etjek bolman, gaýtam, Ýehowadan görelde alarlar. Pawlus resulam Hudaýdan we onuň Oglundan görelde alýardy (1 Kor. 11:1). Ol dogan-uýalary dogry ýola ugrukdyrmak üçin, olary utandyrmaýardy ýa-da mejburlamaýardy. Gaýtam, olaryň ýüregine täsir etjek bolup jan edýärdi (Rim. 12:1; Efes. 4:1; Flm. 8—10). Ýehowa-da şeýle edýär. Şol sebäpli Ýehowany söýýän we hökümdarlygyny goldaýan dogan-uýalaryň ählisi onuň göreldesine eýermeli.

15. Ýehowanyň ýola goýan tertip-düzgünine gulak asyp, oňa bolan söýgimizi nädip görkezýäris?

15 Biz Ýehowanyň baştutanlyk ygtyýaryny beren adamlaryna nähili garamaly? Olara hormat goýsak, Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýandygymyzy görkezeris. Biz berlen görkezmä doly düşünmesegem ýa-da onuň bilen ylalaşmasagam, ýygnakdaky tertip-düzgüne eýermek isleýäris. Elbetde, bu dünýäniň garaýşyndan düýpgöter tapawutlanýar. Ýöne biz Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamak islesek, oňa eýermeli (Efes. 5:22, 23; 6:1—3; Ýew. 13:17). Biz ýürekden aladamyzy edýän Hudaýa gulak asyp, peýda alýarys.

16. Hudaýyň hökümdarlygynyň tarapyny tutýan adamlar nähili karara gelýärler?

16 Biz gelýän kararlarymyz bilen hem Hudaýyň hökümdarlygyny goldaýandygymyzy görkezip bileris. Ýehowa her bir ýagdaý üçin aýratyn görkezme bermese-de, onuň berýän görkezmesi arkaly pikirine düşünip bolýar. Meselem, ol egin-eşigiň nähili bolmalydygy barada jikme-jik görkezme bermeýär. Ýöne daş keşbimiziň we egin-eşigimiziň salykatly hem-de ýerlikli bolmagyny isleýär (1 Tim. 2:9, 10). Şeýle-de ol biziň gelýän kararlarymyz bilen başgalary büdretmeli däldigimizi aýdýar (1 Kor. 10:31—33). Karara gelenimizde, öz islegimizi däl-de, Ýehowanyň garaýşyny we islegini göz öňünde tutsak, ony söýýändigimizi hem-de hökümdarlygyny goldaýandygymyzy görkezeris.

Şahsy meselede-de, maşgalada-da Hudaýyň hökümdarlygyny goldaň (16—18-nji abzaslara serediň)

17, 18. Är-aýallar Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýandygyny nädip görkezýärler?

17 Mesihçiler durmuş gurmak meselesinde-de Ýehowanyň görkezmesine eýerip, onuň hökümdarlygyny goldaýandyklaryny görkezýärler. Aýdaly, siz maşgalada garaşanyňyzdan has kyn ýagdaýa duş geldiňiz. Şonda siz göwnüçökgünlige düşermisiňiz? Şeýle ýagdaýda Ýehowanyň ysraýyl halky bilen nähili gatnaşykda bolandygy barada oýlansaňyz gowy bolmazmy?! Ýehowa özüni ysraýyl halkynyň ýanýoldaşy hasaplaýardy (Iş. 54:5; 62:4). Ýehowa üçin bu nähili agyr bolandyr! Muňa garamazdan, ol ysraýyllylardan ýüz öwürmedi. Ýehowa olara gaýta-gaýta rehimdarlygyny görkezip, ähtine wepaly galdy (Zebur 106:43—45-nji aýatlary okaň). Eýsem, Ýehowanyň şeýle wepaly söýgüsi bizi özüne çekmeýärmi näme?!

18 Ýehowanyň kada-kanunlaryny söýýän är-aýallar onuň göreldesine eýerýärler. Olar maşgalasynda kynçylyk dörände, dünýäniň kadalaryna eýerip, derrew aýrylyşjak bolmaýarlar. Ýehowanyň olary bir boýuntyryga salandygyna we bir beden bolmak isleýändigine düşünýärler. Ýazgylara laýyklykda, diňe bir sebäbe görä, ýagny zyna sebäpli aýrylyşyp, täzeden durmuş gurmaga rugsat berilýär (Mat. 19:5, 6, 9). Olar maşgaladaky dörän kynçylygy çözmek üçin elinde baryny edýärler, hatda öňküdenem gowulandyrmak üçin tagalla edip, Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýarlar.

19. Günä edenimizde, Hudaýyň hökümdarlygyndan el çekmeýändigimizi nädip görkezmeli?

19 Biz bikämil, şonuň üçin käte Ýehowany gynandyrýan işleri ederis. Ol muny bilýär we söýýändigi üçin Mesihiň töleg gurbanyny berdi. Şol sebäpli ýalňyşanymyzda, Ýehowadan ötünç soramaly (1 Ýah. 2:1, 2). Günä edendigimiz üçin özümizi kösemegiň deregine, goýberen ýalňyşymyzdan sapak edinjek bolmaly. Şeýle ýagdaýda Ýehowadan daşlaşman, gaýtam, oňa ýakynlaşsak, ol bizi bagyşlar we duýgy taýdan dikelmäge kömek eder. Gelejekde-de şeýle ýagdaýa uçranymyzda, oňa hötde gelmäge güýç berer (Zeb. 103:3).

20. Biz näme üçin häzirden Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýarys?

20 Täze dünýäde hemmeler Ýehowanyň hökümdarlygynyň astynda ýaşar we onuň adalatly kada-kanunlaryny öwrenerler (Iş. 11:9). Emma biz häzirem köp zatlary öwrenýäris. Hökümdarlyk babatdaky jedelli meseläni hem unutmaýarys. Häzir wepaly bolup, wagyz edip we ähli zatda Ýehowadan görelde alyp, Onuň hökümdarlygyny goldamagyň tüýs wagty.

^ abzas 11 Işaýa 48:17 Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Peýdaly zady öwredýän size, ýöremeli ýoluňyzdan äkidýän Hudaýyňyz Reb Mendirin».