Matta 1:1—25

  • Isa Mesihiň nesil daragty (1—17)

  • Isanyň dogluşy (18—25)

1  Ybraýymyň neslinden+ Dawudyň ogly+ Isa Mesihiň* nesil daragty*:   Ybraýym Yshagyň atasydy+,Yshak Ýakubyň atasydy+,Ýakup Ýahudanyň+ we doganlarynyň atasydy.   Ýahuda Perez bilen Zeranyň atasydy+, Tamar olaryň ejesidi.Perez Hesronyň atasydy+,Hesron Ramyň atasydy+,   Ram Aminadabyň atasydy,Aminadap Nahşonyň atasydy+,Nahşon Salmonyň atasydy.   Salmon Bowazyň atasydy, Rahaw+ Bowazyň ejesidi.Bowaz Abytyň atasydy, Rut+ Abytyň ejesidi.Abyt Ýessäniň atasydy+,   Ýesse Dawut patyşanyň atasydy+. Dawut Süleýmanyň atasydy+, Süleýmanyň ejesi öň Uryýanyň aýalydy.   Süleýman Rehobamyň atasydy+,Rehobam Abyýaryň atasydy,Abyýar Asanyň atasydy+,   Asa Ýehoşapatyň atasydy+,Ýehoşapat Ýehoramyň atasydy+,Ýehoram Uzyýanyň atasydy,   Uzyýa Ýotamyň atasydy+,Ýotam Ahazyň atasydy+,Ahaz Hizkiýanyň atasydy+, 10  Hizkiýa Manaşanyň atasydy+,Manaşa Amonyň atasydy+,Amon Ýoşyýanyň atasydy+. 11  Ýehonýa+ we doganlary Wawilona+ sürgün edilen döwri ýaşapdylar. Ýoşyýa+ olaryň atasydy. 12  Ýehonýa Wawilona sürgün edilenden soň, Şehaltel diýen ogly boldy.Şehaltel Zerubabeliň atasydy+, 13  Zerubabel Abyhutyň atasydy,Abyhut Alyýakymyň atasydy,Alyýakym Azoryň atasydy, 14  Azor Sadygyň atasydy,Sadyk Ahymyň atasydy,Ahym Alyhutyň atasydy, 15  Alyhut Algazaryň atasydy,Algazar Mathanyň atasydy,Mathan Ýakubyň atasydy, 16  Ýakup Ýusubyň atasydy. Ýusup Merýemiň äridi. Merýemden Mesih+ diýilýän Isa doguldy+. 17  Şeýlelikde, Ybraýymdan Dawuda çenli 14 arka, Dawutdan Wawilon sürgünine çenli 14 arka, Wawilon sürgüninden Mesihe çenli 14 arka boldy. 18  Isa Mesihiň dogluşy şeýle boldy. Ejesi Merýem Ýusuba adaglydy. Emma Ýusup oňa öýlenmänkä, Merýem mukaddes ruh*+ arkaly göwreli boldy. 19  Merýemiň adaglysy Ýusup dogruçyl adamdy, şol sebäpli Merýemi masgara etmejek bolup, hiç kime bildirmän aýrylyşmakçy* boldy+. 20  Emma Ýusup aýrylyşmak hakda pikir edende, Ýehowanyň* perişdesi düýşüne girip: «Dawudyň ogly Ýusup, gelinligiňe* öýlenmäge* gorkma, sebäbi Merýem mukaddes ruh arkaly göwreli boldy+. 21  Ol ogul dünýä indirer, onuň adyna Isa* dakarsyň+. Ol öz halkyny günäden halas eder»+ diýdi. 22  Şeýdip, Ýehowanyň* pygamberi arkaly aýdan sözleri ýerine ýetdi: 23  «Durmuşa çykmadyk gyz göwreli bolup, ogul dograr, adyna Emanuwel dakarlar»+. Ady «Hudaý biziň bilendir»+ diýmegi aňladýar. 24  Ýusup ukudan oýandy⁠-⁠da, Ýehowanyň* perişdesiniň aýdyşy ýaly, Merýeme öýlendi*, 25  emma çaga dogulýança aýalyna ýanaşmady*. Ýusup doglan çaganyň adyna Isa dakdy+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: belleneniň; saýlananyň. Sözlüge serediň: Saýlanmak.
Ýa⁠-⁠da: ömri.
Hudaýyň güýji göz öňünde tutulýar.
Ýehudylaryň däbine görä adaglanan adamy goýbermek üçin onuň bilen aýrylyşmalydy.
Ýehowa — Hudaýyň ady. Injilde 237 gezek duş gelýär. Şu aýatda ilkinji sapar duş gelýär. Goşmaça maglumata serediň: A5.
Sözme⁠-⁠söz: aýalyňa.
Sözme⁠-⁠söz: aýalyň Merýemi öýüňe getirmäge.
Ýewreýçe «Ýeşuwa» ýa⁠-⁠da «Ýuşa». Manysy: Ýehowa halas edýär.
Sözme⁠-⁠söz: aýalyny öýüne getirdi.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.