Ikinji Korinfliler 3:1—18

  • Kimdigimizi görkezýän hat (1—3)

  • Täze ähtiň gullukçylary (4—6)

  • Täze ähtiň şöhraty has köpdür (7—18)

3  Biz özümizi täzeden tanyşdyrmalymy? Ýa⁠-⁠da biziň kimdigimizi görkezýän hat gerekmi? Käbir adamlaryň edişi ýaly hat ýazyp berelimi?  Aslynda, siz biziň hatymyz+. Siz biziň ýüregimizde, islendik adam şol haty okap biler.  Siziň Mesihden gelen hatdygyňyz görnüp dur. Şu haty biz, Hudaýyň gullukçylary ýazdy+. Hat syýa bilen daşyň ýüzüne däl⁠-⁠de+, Biribaryň ruhy bilen ýüreklere ýazylandyr+.  Biz Mesih arkaly Hudaýyň öňünde munuň şeýledigine ynanýarys.  Hudaý ukyp bermese, tabşyran işini öz güýjümiz bilen ýerine ýetirip bilmeris+.  Hawa, Hudaý bize ukyp berýär. Ol el bilen ýazylan kanun arkaly däl⁠-⁠de+, mukaddes ruhuň, ýagny täze ähtiň+ üsti bilen görkezme berýär. Sebäbi el bilen ýazylan kanun ölüme höküm edýär+, Hudaýyň ruhy bolsa ýaşaýyş berýär+.  Ölüme höküm edýän we daşyň ýüzüne ýazylan kanun+ şeýle şöhrat bilen geldi welin, Ysraýyl ogullary Musanyň nurly ýüzüne seredip bilmediler+. Eger güýji gaçan kanun şeýle şöhrat bilen berlen bolsa,  onda mukaddes ruh+ has⁠-⁠da şöhratly berilmezmi?+  Adamlary ölüme höküm edýän kanun+ şöhratly bolsa+, onda adamlary dogruçyl edýän işimiz has⁠-⁠da şöhratlydyr+. 10  Täze ähtiň şöhraty şeýle parlap dur welin, kanunyň şöhraty ýitip gitdi+. 11  Eger güýji gaçan kanun şeýle şöhratly bolsa+, onda täze äht has köp şöhrata eýe bolýandyr+. 12  Bize şeýle umyt berlensoň+ batyrgaý gepleýäris*. 13  Ysraýyl ogullary wagtlaýyn şöhrata seredip bilmändikleri üçin, Musa mata bilen ýüzüni ýapdy+. Emma biz ýüzümizi ýapmaýarys. 14  Aslynda, Ysraýyl ogullarynyň aň⁠-⁠düşünjesi ýapykdy+, sebäbi köne äht okalanda, mata aýrylmaýar+, ol diňe Mesih arkaly aýrylýandyr+. 15  Hawa, şu günlerem Musanyň sözleri okalanda+, olaryň ýüreklerine mata ýapylandyr+. 16  Emma kim Ýehowa* dolansa, şol mata aýrylýandyr+. 17  Ýehowa* ruhdur+. Ýehowanyň* mukaddes ruhuny alan adam azatdyr+. 18  Biz ýüzümizi mata bilen ýapman, gaýtam Ýehowanyň* şöhratyny aýna kimin görkezýäris. Şeýtmek bilen, biz gitdigiçe Hudaýyň keşbine görä üýtgäp, şöhratyny has⁠-⁠da aýdyň görkezýäris. Muny Ruh bolan* Ýehowa* isleýär+.