Işaýa 62:1—12

62  Sionyň adalaty nur kimin şöhle saçýança+,Iýerusalimiň gutulyşy alaw kimin ýanýança+,Sionyň hatyrasyna ümsüm bolmaryn, sessiz oturmaryn+.   «Eý aýal, halklar dogruçyllygyňy+,Patyşalar şöhratyňy görerler+. Seni täze adyň bilen+,Ýehowanyň dakan ady bilen çagyrarlar.   Sen Ýehowanyň elinde owadan täç,Hudaýyň golunda şanyň sellesi bolarsyň.   Saňa ärinden kowlan aýal+ diýmezler,Ýurduňa harabaçylyk+ diýmezler. Indi saňa „Gözümiň guwanjy“+,Ýurduňa „Ärli aýal“ diýerler. Sebäbi sen Ýehowanyň guwanjy bolarsyň,Ýurduň täze gelin kimin bolar.   Ýigidiň gyza öýlenişi deý,Ogullaryň hem saňa eýe çykar*. Ýigidiň gelnine bakyp begenişi deý,Alla hem saňa seredip guwanar+.   Eý Iýerusalim, diwarlaryňda garawullary goýdum, Goý, olar gije⁠-⁠gündiz dynman gygyrsynlar! Eý Ýehowany çagyrýanlar,Dymyp durmaň!*   Hudaý Iýerusalimi dikeldýänçä,Ýer ýüzünde beýgeldýänçä+, doga⁠-⁠dileg ediň».   Ýehowa sag goluny, güýçli goluny galdyryp ant içýär: «Indi çöregiňizi duşmanlara bermerin,Der döküp ýasan täze şerabyňyzy kesekilere içirmerin+.   Üzüm ýygnaýanlar miwesini iýip, Ýehowa alkyş aýdar,Üzümçiler mukaddes howlularymda şerap içer»+. 10  Çykyň, derwezelerden çykyň! Halkym üçin ýol taýýarlaň+. Ýol çekiň, şaýol çekiň! Daşlardan arassalaň+, Halklar üçin bellik dikiň+. 11  Ýehowa tutuş ýer ýüzüne buýruk berdi: «Sion gyzyna aýdyň:„Tizden halas bolarsyň+. Ine, Hudaýyň berjek sylagy ýanyndadyr,Tölegi öňündedir“»+. 12  Olara Ýehowanyň satyn alan mukaddes halky diýerler+,Iýerusalime «Hudaýyň gözläp tapany»,«Hudaýyň ýüz öwürmedik şäheri»+ diýerler.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: öýlener.
Ýa⁠-⁠da: Boş oturmaň!