Ikinji Musa 34:1—35

  • Öňkä meňzeş iki daş (1—4)

  • Musa Ýehowanyň şan⁠-⁠şöhratyny görýär (5—9)

  • Äht aýdyň düşündirilýär (10—28)

  • Musanyň ýüzi nur saçýar (29—35)

34  Soňra Ýehowa Musa: «Öňki daşlara+ meňzeş iki daş+ ýasa. Olara döwen daşlaryňdaky sözleri ýazyp bereýin+.  Ertire taýyn bol. Irden Sinaý dagynyň depesine çykyp, huzurymda durarsyň+.  Ýanyňa hiç kimi alma, dagyň töwereginde janly⁠-⁠jemende görünmesin. Mal⁠-⁠garaňyzy hem dagyň golaýynda bakmaň»+ diýdi.  Musa Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, öňkä meňzeş iki daş ýasady. Ertesi ir bilen turdy⁠-⁠da, daşlary alyp, Sinaý dagyna çykdy.  Ýehowa buludyň içinde daga inip+, Musanyň ýanynda durdy we Ýehowa adyny yglan etdi+.  Soňra Ýehowa onuň öňünden geçip: «Ýehowa, Ýehowa rehimdar+, mähirli*+, giň göwünli*+, wepaly söýgä* baý+, sözünde durýan*+,  müňlerçe adama wepaly söýgüsini* bildirýän+, etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýan+ Hudaýdyr. Ýöne günäkäri jezasyz goýýan däldir+, atalaryň etmişi üçin ogullaryna, agtyk⁠-⁠çowluklaryna* jeza berýändir»+ diýdi.  Musa dessine ýüzüni ýere berip, tagzym etdi.  Soňra ol: «Eý Ýehowa, menden razy bolsaň, bizi taşlama*+. Boýnuýogyn halk bolsak⁠-⁠da+, Ýehowa, haýyş edýärin, ýazygymyzy, günämizi geçip+, bizi öz halkyň hökmünde kabul et» diýdi. 10  Şonda Hudaý şeýle diýdi: «Ine, siz bilen äht baglaşýaryn: halkyň gözüniň alnynda täsin işleri ederin. Beýle gudratlar tutuş ýer ýüzünde, hiç bir halkda görlüp⁠-⁠eşidilen däldir+. Daş⁠-⁠töweregiňizdäki ähli milletler Ýehowanyň işlerini görerler. Siziň üçin täsin işleri ederin+. 11  Häzirki tabşyrjak zatlaryma ünsli boluň+. Men amorlary, kenganlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary öňüňizden kowaryn+. 12  Ýöne şol ýurtdaky milletler bilen äht baglaşaýmaň+, ýogsam duzaga düşersiňiz+. 13  Olaryň gurbanlyk ojaklaryny* ýumrup, keramatly sütünlerini we pürslerini* kül⁠-⁠owram ediň+. 14  Başga taňrylara sežde etmäň+, sebäbi Ýehowa ýürekden wepaly bolmagy talap edýändir*. Hawa, ol ýürekden wepaly bolmagy talap edýän Hudaýdyr+. 15  Şol ýurduň halklary bilen äht baglaşmaň. Ýogsam olar öz taňrylaryna sežde edip*+, gurbanlyk berende, sizi hem çagyrarlar. Siz hem olaryň gurbanlyklaryndan iýersiňiz+. 16  Ogullaryňyza olaryň gyzlaryny alyp berersiňiz+. Gelinleriňiz öz taňrylaryna sežde edende, ogullaryňyzy hem olara sežde etdirerler+. 17  Hiç hili but* ýasamaň+. 18  Petir baýramyny belläň+. Size tabşyryşym ýaly, abyp* aýynda+ bellän wagtym ýedi günläp petir* iýiň. Sebäbi Müsürden şol aýda çykypdyňyz. 19  Nowbahar ogullaryňyz meniňkidir+. Ähli mal⁠-⁠garaňyzyň, sygryň⁠-⁠da, goýnuň⁠-⁠da ilkinji doglan erkegi meniňkidir+. 20  Eşegiň ilkinji kürresine derek goýun gurbanlyk beriň. Goýun berip bilmeseňiz, onda kürräniň boýnuny omruň*. Nowbahar ogullaryňyz üçin hem töleg töläň+. Hiç kim huzuryma eli boş gelmesin. 21  Ähli işiňizi alty günde edip, ýedinji gün dynç alyň+. Hasyl ýa sürüm döwri bolsa⁠-⁠da, şol gün dynç alyň. 22  Gallanyň ilkinji hasylyny ýygnap, Hepdeler baýramyny belläň. Ýylyň ahyrynda bolsa, Hasyl baýramyny* belläň+. 23  Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek beýik Hökümdar, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň huzuryna gelsin+. 24  Men başga milletleri öňüňizden kowup+, ýurduňyzy giňelderin. Ýylda üç gezek Ýehowa Hudaýyňyzyň huzuryna geleniňizde, hiç kim siziň ýurduňyza göz dikip bilmez. 25  Maňa gurbanlyk berilýän malyň ganyny hamyrmaýaly zat bilen hödürlemäň+. Pasha gurbanlygyndan ertire hiç zat galmasyn+. 26  Ekiniň ilkinji gowy miwelerini Ýehowa Hudaýyňyzyň öýüne getiriň+. Owlagy enesiniň süýdünde gaýnatmaň»+. 27  Ýehowa ýene⁠-⁠de Musa: «Aýdan sözlerimi ýaz+, sebäbi şol sözleriň esasynda seniň bilen, ysraýyl halky bilen äht baglaşýaryn»+ diýdi. 28  Musa 40 gije⁠-⁠gündizläp Ýehowanyň ýanynda galdy. Ol ne çörek iýdi, ne⁠-⁠de suw içdi+. Hudaý* ähtiň sözlerini, ýagny on tabşyrygy* daşlara ýazyp berdi+. 29  Musa iki äht* daşyny alyp, Sinaý dagyndan düşdi+. Hudaý bilen gepleşeni üçin, Musanyň ýüzi nur saçýardy. Ýöne özi muny bilmeýärdi. 30  Harun bilen ysraýyllar Musanyň ýüzüniň nur saçýandygyny görüp, golaýyna barmaga gorkdular+. 31  Emma Musa Haruny we halkyň baştutanlaryny ýanyna çagyryp, olar bilen gepleşdi. 32  Soňra ähli ysraýyllar onuň ýanyna geldiler. Musa olara Ýehowanyň Sinaý dagynda beren tabşyryklaryny aýdyp berdi+. 33  Ol her gezek halk bilen gepleşip bolansoň, ýüzüni örtgi bilen ýapardy+. 34  Ýehowa bilen gepleşmek üçin ýygnak çadyryna* girende bolsa, ýüzündäki örtgini aýrardy+. Soňra çadyrdan çykyp, ysraýyllara Hudaýyň tabşyryklaryny ýetirerdi+. 35  Adamlar Musanyň ýüzüniň nur saçýandygyny görerdiler. Musa Hudaý bilen gepleşmäge girýänçä, ýüzüne ýene⁠-⁠de örtgi ýapardy+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: duýgudaş.
Ýa⁠-⁠da: sabyr⁠-⁠takatly; çalt gaharlanmaýan.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: hakykata baý.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: üçünji we dördünji nesline.
Sözme⁠-⁠söz: biziň aramyzda gidäý.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: gabanjaňdyr; diňe özüne wepaly bolmagy talap edýändir.
Sözme⁠-⁠söz: taňrylary bilen zyna edip.
Ýa⁠-⁠da: guýma but.
Ýa⁠-⁠da: hamyrmaýasyz çörek.
Ýa⁠-⁠da: döwüň.
Çatma baýramy hem diýilýär.
Sözme⁠-⁠söz: Ol.
Sözme⁠-⁠söz: on sözi.
Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk.
Sözlüge serediň.