Zebur 89:1—52

  • Ýehowanyň wepaly söýgüsi hakda aýdym

    • Dawut bilen baglaşylan äht (3)

    • Dawudyň nesli ebedilik höküm sürer (4)

    • Saýlanan adam Hudaýa: «Atam» diýýär (26)

    • Dawut bilen baglaşylan äht bozulmaz (34—37)

    • Ynsan mazardan gutulmaz (48)

Maskil*. Zeralardan Etanyň+ aýdymy. 89  Ýehowanyň wepaly söýgüsini* hemişe wasp ederin, Wepasy hakda neslime gürrüň bererin.   Men: «Wepaly söýgiň ebedilik durar+,Gökde wepadarlygyň düýbüni tutduň» diýdim.   Sen şeýle diýdiň: «Saýlan gulum bilen äht baglaşdym+,Dawuda ant içip diýdim+:   „Seniň nesliň* ebedilik höküm sürer+,Tagtyň nesilden⁠-⁠nesle dowam eder“»+. (Sela)   Eý Ýehowa, asman täsin işleriňi yglan edýär,Mukaddesleriň ýygnagynda wepadarlygyňy wasp edýär.   Gökde Ýehowa taý geljek barmy?+ Hudaýyň ogullarynyň+ arasynda Ýehowa ýaly barmy?   Mukaddesleriň ýygnagynda Hudaýa hormat goýsunlar+,Olaryň arasynda Alla beýik hem haýbatlydyr+.   Serkerdebaşy Ýehowa!Ýah, seniň ýaly güýçli kim bar?+ Sen hemişe wepaly+.   Sen tolkun atýan deňze gözegçilik edýärsiň+,Tolkunlary möwç uranda köşeşdirýärsiň+. 10  Rahawy*+ boýun egdirdiň, janyny aldyň+, Duşmanlaryňy güýçli goluň bilen ýok etdiň+. 11  Asman seniňkidir, zeminem golastyňdadyr+,Ýer ýüzi we ondaky ähli zatlar elleriň işidir+. 12  Sen demirgazygy hem günortany ýaratdyň,Tabor+ bilen Hermon+ daglary begenýär,Adyňy wasp edýär. 13  Goluň güýçlüdir+,Kuwwatyň köpdür+,Sag eliň ýokary galandyr+. 14  Tagtyň dogruçyllyk, adalatlylyk bilen berkidilendir+.Ýagşylygyň*, wepadarlygyň huzuryňda durandyr+. 15  Seni şatlanyp wasp edýän halk nähili bagtly!+ Eý Ýehowa, olar seniň nuruňda* gezýärler. 16  Olar uzakly gün seniň adyňa guwanýarlar,Adalatyň olaryň abraýyny artdyrýar. 17  Sen olaryň şöhraty hem güýç⁠-⁠kuwwaty*+,Seniň ýagşylygyň bilen güýjümize güýç goşulýar+. 18  Bize galkan beren Ýehowadyr,Patyşamyzy saýlan Ysraýylyň Mukaddes Hudaýydyr+. 19  Şol döwür wepaly gullaryňa görnüş* beripdiň: «Men pälwana kuwwat berdim+,Halkyň içinden seçip saýlanymy şöhratlandyrdym+. 20  Gulum Dawudy gördüm+,Başyna mukaddes ýagymy guýup belledim+. 21  Men oňa ýardam bererin+,Golum bilen berkiderin. 22  Duşman oňa salgyt salmaz,Zalym adam sütem etmez+. 23  Duşmanlaryny öňünde bölek⁠-⁠bölek ederin+,Ony ýigrenýänleri mynjyradaryn+. 24  Men oňa wepaly bolaryn, mährim* bilen çoýaryn+.Adymyň hatyrasyna güýjüni hem abraýyny artdyraryn. 25  Deňizleri onuň eline bererin,Derýalary sag eline bererin+. 26  Ol maňa: „Sen meniň Atam,Hudaýym, Halasgär Arkadagym!“+ diýer. 27  Ol meniň nowbahar oglum bolar+,Ony ýer ýüzüniň ähli patyşalaryndan beýgelderin+. 28  Men oňa ebedilik wepaly bolaryn*+.Baglaşan ähtimi hiç haçan bozmaryn+. 29  Onuň zürýady ebedilik höküm sürer,Tagty asman kimin müdimilik durar+. 30  Eger onuň ogullary kanunymy bozsa,Permanlarymy ýerine ýetirmese, 31  Kanunlaryma gulak asmasa,Tabşyryklarymy berjaý etmese, 32  Gulak asmandygy* üçin taýaklaryn,Günäleri üçin gamçy bilen temmi bererin+. 33  Emma ondan wepaly söýgimi gaýgyrmaryn+,Beren wadalarymdan boýun gaçyrmaryn. 34  Men ähtimi bozmaryn+,Beren sözümden dänmerin+. 35  Mukaddesligimden bir gezek ant içdim,Dawuda ýalan sözlemerin+. 36  Onuň zürýady ebedilik höküm sürer+,Tagty Gün kimin ebedi durar+. 37  Asmanyň wepaly şaýady Aý kimin,Onuň tagty hiç haçan ýok bolmaz». (Sela) 38  Emma sen ondan ýüz öwürdiň, terk etdiň+,Saýlan guluňa gaharlandyň. 39  Guluň bilen baglaşan ähtiňi bozduň,Täjini ýere zyňyp, haram etdiň. 40  Daşdan salnan diwarlaryny ýykdyň,Galalaryny ýer bilen ýegsan etdiň. 41  Öten⁠-⁠geçenler ony talaýarlar,Goňşy⁠-⁠golamlary ýaňsylaýarlar+. 42  Duşmanlaryna ýeňiş berdiň+,Ýagylaryny begendirdiň. 43  Sen onuň gylyjyny küteltdiň,Söweşde goldamadyň. 44  Ony abraýdan düşürdiň,Tagtyny ýer bilen ýegsan etdiň. 45  Ony tiz garratdyň,Masgaraçylyk donuny geýdirdiň. (Sela) 46  Ýehowa, haçana çenli ýüzüňi sowjak? Ebedilikmi?+ Lowlaýan gazabyň haçan köşeşer? 47  Ömrümiň gysgadygyny unutma+. Ynsany biderek ýere ýaratdyňmy? 48  Dünýä gelenleriň haýsy biri ölümi datmady?+ Adam mazaryň* penjesinden gutulyp bilermi? (Sela) 49  Eý Ýehowa, wepaly Hudaýym! Dawuda ant içeniňi,Wepaly söýgiň bilen eden işleriňi unutdyňmy?+ 50  Eý Ýehowa, gullaryňa aýdylan ýaňsylaýjy sözleri,Halklaryň maňa aýdan ajy sözlerini unutma. 51  Eý Ýehowa, duşmanlaryň kemsitmelerini unutma,Olar saýlan guluň her bir işini ýazgardylar. 52  Ýehowa ebedilik alkyş bolsun! Omyn, omyn!+

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: tohumyň.
Belki, Müsür ýa⁠-⁠da faraon.
Ýa⁠-⁠da: Wepaly söýgiň.
Sözme⁠-⁠söz: ýüzüň nurunda.
Sözme⁠-⁠söz: şahy.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgim.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgimi bildirerin.
Ýa⁠-⁠da: Gozgalaň turzandygy.
Sözlüge serediň.