Rimliler 11:1—36

  • Ysraýyllaryň hemmesinden ýüz öwrülmeýär (1—16)

  • Zeýtun agajy hakdaky mysal (17—32)

  • Hudaýyň akyldarlygy çuňdur (33—36)

11  Indi Hudaý halkyndan ýüz öwürdimi?+ Ýok! Aslynda, menem ysraýyl halkyndan, Ybraýymyň neslinden, benýamin taýpasyndan.  Hudaý ilkibaşda saýlan halkyndan ýüz öwürmedi+. Siz Ylýas pygamberiň ysraýyl halky hakda Hudaýa näme arz⁠-⁠şikaýat edendigini okamadyňyzmy?  Ylýas pygamber: «Ýehowa*, olar pygamberleriňi öldürdiler, gurbanlyk ojaklaryňy* ýumurdylar. Diňe men diri galdym, indi olar meni hem öldürjek bolýarlar» diýdi+.  Hudaý oňa näme jogap berdi? Ol: «Bagalyň öňünde dyza çökmedik 7 000 adam bar» diýdi+.  Häzir hem şeýle, Hudaýyň ýagşylyk etmegi bilen saýlanan az sanly adamlar*+ bar.  Olar eden işleri üçin däl⁠-⁠de+, Hudaýyň ýagşylygy bilen saýlandylar+. Eger olar eden işleri üçin saýlanan bolsadylar, onda Hudaýyň ýagşylygy gerek bolmazdy.  Indi näme diýeli? Ysraýyl halky arzuwyna ýetip bilmedi, emma Hudaýyň saýlanlary ýetdi+, galanlaryň bolsa ýüregi gatady+.  Sebäbi «Hudaý olary ruhy taýdan agyr uka gidirdi+. Olara häzire çenli görer ýaly göz, eşider ýaly gulak bermedi» diýip ýazylandyr+.  Dawut hem: «Saçaklary olar üçin tor bolsun, duzak bolsun, büdredýän daş* we jeza bolsun. 10  Gözleri garaňkyrasyn, hiç zat görmesin, bili hemişelik bükülsin»+ diýýär. 11  Olar büdredilermi? Ýerinden turmaz ýaly ýykyldylarmy? Ýok! Emma ysraýyllaryň eden günäsi başga halklaryň halas bolmagyna ýol açdy. Ysraýyllar bolsa gabanjaňlyk etdiler+. 12  Olaryň eden günäsi sebäpli dünýä ruhy taýdan bereket aldy we olaryň azalmagy başga halklara bereket berdi+. Olar jem bolanlarynda has⁠-⁠da köp bereket berler. 13  Eý başga halklar, indi men size ýüzlenýärin. Men başga halklara iberilen resul+, gullugymyň gadyryny bilýärin*+. 14  Şeýdip, öz ýehudy halkymyň gabanjaňlygyny oýaryp, olaryň käbirini halas etjek bolýaryn. 15  Olaryň inkär edilmegi+ dünýäni Hudaý bilen ýaraşdyrdy. Eger Hudaý halkyny ýene kabul etse, olary direlden ýaly bolmazmy? 16  Eger hödürlenýän çöregiň bir bölegi mukaddes bolsa, tutuş hamyry hem mukaddesdir. Eger agajyň köki mukaddes bolsa, şahalary hem mukaddesdir. 17  Hudaý hakyky zeýtun agajynyň käbir şahalaryny çapyp, sizi, ýagny ýabany zeýtun agajynyň şahalaryny olaryň ýerine sapdy. Indi siz zeýtun agajynyň kökünden iýmitlenýän bolsaňyz, 18  beýleki şahalardan özüňizi ýokary tutmaň*. Eger özüňizi ýokary tutsaňyz*+, şuny unutmaň, siz köki däl⁠-⁠de, kök sizi saklaýar. 19  Belki, siz: «Şahalar meniň sapylmagym üçin çapyldy»+ diýersiňiz. 20  Hawa, olar iman etmändikleri üçin çapyldy+, ýöne siz iman edip berk dursuňyz+. Emma ulumsy bolmakdan ägä boluň. 21  Eger Hudaý zeýtun agajynyň şahalaryny gaýgyrmadyk bolsa, ol sizi⁠-⁠de gaýgyrmaz. 22  Hudaý hem ýagşylyk edýändir+, hem jeza berýändir. Ol iman etmän ýykylýanlara jeza berýär+, size bolsa ýagşylyk edýär. Şonuň üçin onuň ýagşylygynyň gadyryny bilip ýaşaň, ýogsa sizi⁠-⁠de çapyp taşlar. 23  Eger olar ýene⁠-⁠de iman etseler, ýene⁠-⁠de sapylarlar+. Sebäbi Hudaý täzeden sapmagy başarýar. 24  Eger Hudaý ýabany zeýtun agajynyň şahalaryny çapyp, hakyky zeýtun agajyna sapan bolsa, onda hakyky zeýtun agajynyň çapylan şahalaryny yzyna sapmazmy näme?! 25  Doganlar, özüňize akyllydyryn öýtmez ýaly, mukaddes syry bilmegiňizi isleýärin+: başga halkdan saýlananlaryň sany dolýança, käbir ysraýyllar Hudaýa gulak asmak islemezler. 26  Şonuň üçin indi bütin Ysraýyl+ halas bolup biler. Sebäbi şeýle diýlipdi: «Halasgär Siondan geler+ we Ýakubyň neslinden ähli erbetligi aýrar. 27  Olaryň günälerini bagyşlamak+ üçin, olar bilen äht baglaşdym»+. 28  Dogrudan⁠-⁠da, olar hoş habary diňlemediler, Hudaýyň duşmany bolup, size peýda getirdiler. Emma ata⁠-⁠babalarynyň hatyrasy üçin, Hudaý olary söýdi+. 29  Hudaý olara sowgat berenine we saýlap çagyranyna ökünmez. 30  Siz öň Hudaýa gulak asmaýardyňyz+, ýöne ýehudylar gulak asmansoň+, size rehim edildi+. 31  Şeýlelikde, ýehudylaryň gulak asmandygy üçin, Hudaý size rehim etdi, ýöne olara⁠-⁠da rehim eder. 32  Hudaý olaryň gulak asmazlygyna ýol berip+, hemme adamlara rehim etmek isledi+. 33  Hudaý bol bereket berýändir! Akyldarlygy we bilimi çuňdur! Hökümlerine we ýollaryna akyl ýetirip bolýan däldir! 34  Sebäbi «Ýehowanyň* oý⁠-⁠pikirine kim düşüner? Oňa kim maslahat berip biler?»+ diýilýär. 35  Ýa⁠-⁠da: «Hudaý bergili bolar ýaly, kim karz berdi?»+ diýilýär. 36  Sebäbi hemme zady Hudaý berendir, ähli zady ol ýaradandyr we ähli zat onuň üçindir. Hudaýa baky şöhrat bolsun! Omyn!

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: galyndy.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: gullugymy şöhratlandyrýaryn.
Ýa⁠-⁠da: şahalaryň öňünde öwünmäň.
Ýa⁠-⁠da: öwünseňiz.