Filimun 1:1—25

  • Doganlyk salamy (1—3)

  • Filimunyň söýgüsi we imany (4—7)

  • Pawlusyň Onesim üçin haýyşy (8—22)

  • Hoşlaşyk sözleri (23—25)

 Men Isa Mesihe iman edýändigim üçin türmede oturan Pawlus+. Men Timoteos+ dogan bilen eginme⁠-⁠egin işleşýän eziz Filimun dostuma,  Afiýa uýa, Mesihiň ýolunda ýöreýän esger ýoldaşym Arhipusa+ we öýüňizdäki ýygnaga hat ýazýaryn+.  Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk* etsin, parahatlyk bersin!  Men Hudaýa doga⁠-⁠dileg edip, seniň üçin hemişe minnetdarlyk aýdýaryn+.  Seniň imanyň, Halypamyz Isa we mukaddeslere söýgiň hakda eşidýärin.  Goý, seniň imanyň Mesih arkaly köp bereketleri alýandygymyza düşünmäge kömek etsin.  Seniň söýgiň hakda eşidip, ýürekden begendim, göwünlik tapdym. Doganym, sen arkaly mukaddesleriň ýüregi rahatlyk tapdy.  Mesihiň adyndan saňa çekinmän* buýruk bermäge hakly bolsam⁠-⁠da,  seniň söýgiňi göz öňüne tutup, haýyş bilen ýüzlenýärin. Bilýän bolsaň, men Isa Mesihiň ady üçin tussaglykda oturan garry Pawlus. 10  Men tussaglykda Onesim+ bilen ataly⁠-⁠ogul ýaly boldum+. Şol sebäpli oglum Onesim üçin saňa hat ýazýaryn. 11  Öň Onesimiň saňa peýdasy ýokdy, indi bolsa saňa⁠-⁠da, maňa⁠-⁠da peýdasy deger. 12  Men Onesimi, söwer oglumy ýanyňa iberýärin. 13  Men hoş habar üçin tussaglykda otyryn+. Şol sebäpli maňa hyzmat eder ýaly, Onesimi ýanymda galdyryp bilerdim. 14  Onesimi senden birugsat alyp galmadym, sebäbi seniň mejburlyk bilen däl⁠-⁠de, meýletinlik bilen ýagşylyk etmegiňi isleýärin+. 15  Belki, ol senden az wagtlyk gaçyp gaýtmadyk bolsa, hemişelik ýanyňa dolanmazdy. 16  Ol indi saňa diňe gul däl⁠-⁠de+, guldanam ýakyn, eziz doganyň boldy+. Ol meniň üçin örän eziz, ýöne seniň üçin has⁠-⁠da eziz bolar, sebäbi indi ol saňa hem gul, hem dogan boldy. 17  Men seniň dostuň bolsam, onda meni kabul edişiň ýaly, ony⁠-⁠da mähirli kabul et. 18  Eger ol saňa zyýan ýetiren bolsa ýa⁠-⁠da bergisi bar bolsa, men öwezini dolaryn. 19  Men Pawlus, şuny öz elim bilen ýazdym: Onesimiň bergisini özüm tölärin, ýöne meniň üçin janyňy bermäge⁠-⁠de borçludygyňy aýdyp oturmaýyn. 20  Doganym, biz Halypamyzyň şägirtleri. Mesihiň şägirdi hökmünde maňa kömek edip, ýüregime rahatlyk berersiň diýip tama edýärin. 21  Men haýyşymy ýerine ýetirjekdigiňe ynanyp hat ýazýaryn, ýöne garaşanymdan hem köp zat etjekdigiňi bilýärin. 22  Mundan başga⁠-⁠da, ýaşara ýer taýýarlamagyňy haýyş edýärin, sebäbi siziň doga⁠-⁠dilegleriňiz bilen ýanyňyza bararyn* diýip umyt edýärin+. 23  Meniň bilen Isa Mesihiň hatyrasyna tussaglykda oturan Epafras+ hem salam aýdýar. 24  Işdeşlerim Markus, Aristarhus+, Dimas+ we Luka⁠-⁠da+ salam aýdýarlar. 25  Dogry garaýşyňyz üçin, goý, Halypamyz Isa Mesih ýagşylyk etsin!

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň: Batyrgaý geplemek.
Ýa⁠-⁠da: azatlyga çykaryn.