Zebur 84:1—12

  • Hudaýyň mukaddes çadyryny küýsemek

    • Guşlar özüne höwürtge ýasaýar (3)

    • «Howlularyňda geçiren bir günüm» (10)

    • «Hudaýym güneşimdir, galkanymdyr» (11)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Gitit*. Karun ogullarynyň aýdymy+. 84  Eý Serkerdebaşy Ýehowa,Mukaddes çadyryňy ýürekden söýýärin!+   Ýehowanyň howlularyny bütin ýüregim bilen küýseýärin,Küýsemekden ýaňa ysgyndan gaçdym+. Bütin janym, bütin durkum bilen Biribara aýdym aýdýaryn.   Serkerdebaşy Ýehowa!Patyşam, Allam!Seniň beýik gurbanlyk ojagyň* ýanynda,Guşlar özüne öý, garlawaçlar höwürtge ýasaýarlar,Jüýjelerini iýmitlendirýärler.   Seniň öýüňde ýaşaýanlar nähili bagtly!+ Olar saňa hemişe alkyş aýdýarlar+. (Sela)   Senden güýç⁠-⁠kuwwat alýanlar+,Öýüňe barýan ýoldan ýöreýänler nähili bagtly!   Baka jülgesinden geçenlerinde,Ol çeşme⁠-⁠çaýly bolup görünýär.Güýzki* ýagyş bol bereket getirýär*.   Olar ýöredigi saýyn, güýçlerine güýç goşular+,Her biri Sionda, Hudaýyň huzurynda durarlar.   Serkerdebaşy Ýehowa, meniň dilegimi eşit!Ýakubyň Hudaýy, meni diňle! (Sela)   Galkanymyz+ hem Hudaýymyz*, seret!Saýlanyňa ýagşylyk et!+ 10  Seniň howlularyňda geçiren bir günüm, Başga ýerde geçiren müň günümden gowudyr+.Erbet adamyň çadyrynda ýaşanymdan,Hudaýyň öýüniň bosagasynda duranym ýagşydyr. 11  Ýehowa Hudaýym güneşimdir+, galkanymdyr+,Maňa bereket berýär, abraýymy artdyrýar. Ýehowa wepaly* ynsandan+Ýagşylygyny gaýgyrýan däldir. 12  Serkerdebaşy Ýehowa,Saňa bil baglaýan adam nähili bagtly!+

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Irki.
Başga manysy: Mugallym alkyş donuny geýýär.
Başga manysy: Eý Hudaý, galkanymyza seret!
Ýa⁠-⁠da: aýypsyz.