Matta 19:1—30

  • Durmuş gurmak we aýrylyşmak (1—9)

  • Durmuş gurmazlyk sylagy (10—12)

  • Isa çagalara ak pata berýär (13—15)

  • Baý ýigidiň soragy (16—24)

  • Patyşalyk üçin geçilen zatlar (25—30)

19  Isa sözüni tamamlap, Jelileden gaýtdy. Soňra Iordandan geçip, Ýahudanyň çäklerine bardy+.  Onuň yzyna uly märeke düşdi, Isa hem olary sagaltdy.  Fariseýler Isany synajak bolup: «Erkek adam aýaly bilen islendik zat üçin aýrylyşsa bolýarmy?»+ diýip soradylar.  Isa olara: «Hudaýyň ilkibaşda erkegi we aýaly ýaradandygyny okamadyňyzmy?+  Ýa⁠-⁠da onuň: „Erkek adam ene⁠-⁠atasyny goýup, aýaly bilen biriger we ikisi bir beden bolar“+ diýenini okamadyňyzmy?  Olar iki däl, bir beden. Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny* ynsan aýyrmasyn»+ diýdi.  Olar: «Onda näme üçin Musa aýalyňa talak hatyny berip, aýrylyşmaga rugsat berdi?»+ diýip soradylar.  Isa olara: «Doňýürek bolanyňyz üçin Musa aýalyňyz bilen aýrylyşmaga rugsat berdi+. Emma Hudaý ilkinji erkek bilen aýaly ýaradanda beýle däldi+.  Şonuň üçin size diýýärin, biri zyna etmedik aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlense, zyna* edýändir»+ diýdi. 10  Şägirtleri: «Eger är⁠-⁠aýalyň ýagdaýy şeýle bolsa, onda öýlenmäniň gowudyr» diýdiler. 11  Isa olara: «Muny hemmeler başarmaz, diňe Hudaýyň kömek edýän adamlary başarar+. 12  Käbiri dogabitdi agta* bolýar, başgalary bolsa adamlar agta edýär, emma käbiri özüni gökdäki Patyşalyk üçin agta edýär. Ýöne kim öýlenmek islemese, öýlenmesin»+ diýdi. 13  Adamlar Isanyň ýanyna çagalaryny getirip, olara elini goýmagy we çagalary üçin doga etmegi haýyş etjek boldular, emma şägirtleri olara käýedi+. 14  Isa bolsa: «Çagalary saklamaň, goý, ýanyma gelsinler. Gökdäki Patyşalyk çagalar ýaly adamlaryňkydyr»+ diýdi. 15  Isa olara elini goýup, ak pata berdi, soňra başga ýere gitdi. 16  Soňra Isanyň ýanyna bir ýigit gelip: «Mugallym, ebedi ýaşamak üçin men näme ýagşylyk etmeli?»+ diýip sorady. 17  Isa: «Menden: „Näme ýagşylyk etmeli?“ diýip näme üçin soraýarsyň? Nämäniň ýagşydygyny Hudaý aýdypdy*+. Ebedi ýaşamak isleseň, tabşyryklaryny berjaý et»+ diýip jogap berdi. 18  Ol: «Haýsy tabşyryklary?» diýip sorady. Isa: «Adam öldürme+, zyna etme+, ogurlyk etme+, ýalan şaýatlyk etme+, 19  ene⁠-⁠ataňa hormat goý+ we ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý»+ diýdi. 20  Ýigit bolsa: «Men olaryň ählisini berjaý edýärin. Men ýene näme etmeli?» diýip sorady. 21  Isa: «Eger kämil bolaýyn diýseň*, ähli zadyňy sat⁠-⁠da, garyplara paýla. Şonda gökde baýlygyň bolar+. Soňra gel⁠-⁠de, meniň şägirdim bol»+ diýdi. 22  Ýigit muny eşidende, tukat bolup öýüne gaýtdy, sebäbi mal⁠-⁠mülki köpdi+. 23  Isa şägirtlerine: «Size hakykaty aýdýaryn, baý adama gökdäki Patyşalyga girmek kyn bolar+. 24  Düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr»+ diýdi. 25  Şägirtler muny eşidip, geň galdylar⁠-⁠da: «Onda kim halas bolar?»+ diýip soradylar. 26  Isa olaryň gözlerine seredip: «Adamlar muny başarmaz, ýöne Hudaý ähli zady başarýar»+ diýdi. 27  Şonda Petrus: «Biz ähli zadymyzy goýup, yzyňa düşdük. Munuň üçin bize näme berler?»+ diýip sorady. 28  Isa: «Size hakykaty aýdýaryn, Alla ähli zady täzeden dikeldende*, Ynsan ogly şöhratly tagtynda oturar. Şonda siz hem tagtda oturyp, Ysraýylyň 12 taýpasyna kazylyk edersiňiz+. 29  Meniň adym üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, ene⁠-⁠atasyny, çagalaryny ýa⁠-⁠da melleklerini taşlan adam 100 esse köp zady we ebedi ýaşaýşy miras alar+. 30  Emma ilkinjileriň köpüsi soňky, soňkular bolsa ilkinji bolar»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: bir boýuntyryga salanyny.
Ýa⁠-⁠da: ahlaksyzlyk. Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Diňe Hudaý ýagşydyr.
Ýa⁠-⁠da: Hudaýa birkemsiz gulluk edeýin diýseň.
Ýa⁠-⁠da: täzelände.