Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

45-NJI BAP

Hudaýyň Patyşalygy näme? Biz onuň gelmegini islesek näme etmeli?

Hudaýyň Patyşalygy näme? Biz onuň gelmegini islesek näme etmeli?

1—8. a) Hudaýyň Patyşalygy näme we biz onuň Patyşasy barada näme bilýäris? b) Isanyň günlerinde Hudaýyň Patyşalygy haýsy manyda golaýlaşdy? ç) Isa ýer ýüzünde nähili wajyp işi etdi we oňa kimler kömek etdi?

ISANYŇ şägirtlerine öwreden dogasyny bilýärmiň? ~ Eger bilmeýän bolsaň, gel, ony Matta 6:9—13-nji aýatlardan okaly. Isa bu nusgalyk dogasynda: «Patyşalygyň gelsin» diýýär. Sen Hudaýyň Patyşalygynyň nämedigini bilýärmiň? ~

2 Gel, men saňa muny düşündireýin. Patyşa ýurdy dolandyrýar. Onuň hökümetine patyşalyk diýilýär. Käbir ýurtlaryň döwlet baştutanyna prezident diýilýär. Şonuň ýaly-da, Hudaýyň hökümetine Patyşalyk, ony dolandyrýana bolsa Patyşa diýilýär.

3 Sen Ýehowanyň öz Patyşalygyna kimi Patyşa edip saýlandygyny bilýärmiň? ~ Ogly Isa Mesihi. Näme üçin Isa adamlaryň saýlaýan hökümdarlaryndan has gowy? ~ Sebäbi ol Atasy Ýehowany ýürekden söýýär. Şol sebäpli Isa hemişe dogry işleri edýär.

4 Mukaddes Ýazgylarda Isanyň Beýtullahamda doguljagy we Hudaýyň ony Hökümdar edip saýlajagy birnäçe ýyl öňünden aýdyldy. Gel, bu barada Işaýa 9:6, 7-nji aýatlardan okaly. Onda şeýle diýilýär: «Biziň üçin bir çaga doguldy, bize bir ogul berildi, oňa hökümdarlyk berler; onuň adyna... Parahatlyk Şazadasy diýler. Hökümdarlygy gülläp öser, parahatçylygynyň soňy bolmaz».

5 Hudaýyň Patyşalygynyň Hökümdaryna näme üçin «Şazada» diýilýär? ~ Sebäbi patyşanyň ogluna şazada diýilýär. Isa bolsa, Beýik Patyşa Ýehowanyň Ogly. Ýehowa hökümetiniň Patyşasy edip Isany belledi. Ol ýer ýüzüniň üstünden müň ýyl höküm sürer (Ylham 20:6). Isa suwda çokundyrylandan soň: «Toba ediň, çünki gögüň Patyşalygy golaýlaşdy» diýip, wagyz etmäge başlady (Matta 4:17).

6 Isa näme üçin Hudaýyň Patyşalygy golaýlaşdy diýýär? ~ Sebäbi gökde hökümdarlyk etjek Patyşa adamlaryň arasyndady. Şol sebäpli Isa olara: «Hudaýyň Patyşalygy siziň araňyzda» diýdi (Luka 17:21). Sen Ýehowanyň Patyşasynyň ýanynda bolasyň gelmezmidi? ~

7 Isa ýer ýüzüne nähili wajyp işi etmäge geldi? ~ Ol: «Men Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny beýleki şäherlerde-de wagyz etmeli. Men munuň üçin iberildim» diýýär (Luka 4:43). Isa ýeke özüniň hemme adamlara wagyz edip bilmejekdigini bilýär. Şol sebäpli Isa näme edýär? ~

Isa ýer ýüzüne näme etmäge geldi?

8 Isa adamlary ýanyna alyp, olara nädip wagyz etmelidigini görkezýär. Ilki, ol 12 resulyny saýlap, olara öwredýär (Matta 10:5, 7). Emma Isa wagyz etmegi diňe resullaryna öwretdimi? Ýok, Injilde Isanyň başga-da köp adamlara wagyz etmegi öwredendigi aýdylýar. Bir gezek ol 70 şägirdini iki-ikiden wagyz etmäge iberýär. Olar adamlara näme barada wagyz edýärler? ~ Isa olara: «Hudaýyň Patyşalygynyň golaýlandygyny wagyz ediň» diýýär (Luka 10:9). Şeýlelikde, adamlar Hudaýyň hökümeti barada eşidýärler.

9—14. a) Isanyň Patyşa bolmagyny kimler isledi, kimler islemedi? b) Kimler Isany öldürjek boldy we olar adamlary nädip öjükdirdi? ç) Şu günler nähili adamlar olara meňzeýär?

9 Gadymy döwürde Ysraýylda täze patyşa bellenende, ol adamlaryň öňünde taýharly şähere girýärdi. Isa-da Iýerusalime soňky gezek taýharly girýär. Bilşimiz ýaly, Isa Hudaýyň Patyşalygynyň Hökümdary bolmalydy. Adamlar onuň Patyşa bolmagyny isleýärdimi? ~

10 Isa şähere girende, köp adamlar eginbaşlaryny, käbirleri bolsa agajyň şahalaryny ýola düşeýär. Şeýdip, olar Isanyň Patyşa bolmagyny isleýändigini görkezýärler. Olar gygyryşyp: «Ýehowanyň adyndan gelýän Patyşa şöhrat bolsun!» diýýärler. Emma adamlaryň hemmesi begenmeýär. Käbir dini ýolbaşçylar Isa: «Şägirtleriňe käýe!» diýýärler (Luka 19:28—40).

Adamlar Isanyň Patyşa bolmagy babatda pikirini näme üçin üýtgetdi?

11 Şondan bäş gün geçensoň, Isany tussag edýärler we hökümdar Pontius Pilatusyň köşgüne getirýärler. Isanyň duşmanlary: «Ol özüne patyşa diýip, Rim hökümetine garşy gidýär» diýýärler. Pilatus bu barada Isadan soraýar. Isa özüniň hökümete ýolbaşçylyk etjek bolmaýandygyny aýdýar. Ol Pilatusa: «Meniň patyşalygym bu dünýäden däl» diýýär (Ýahýa 18:36).

12 Şonda Pilatus daşary çykyp, adamlara Isanyň hiç hili günäsiniň ýokdugyny aýdýar. Emma indi adamlar Isanyň Patyşa bolmagyny islemeýär. Olar ony boşadasy gelmeýär (Ýahýa 18:37—40). Pilatus Isa bilen ýene-de gepleşensoň, onuň hiç hili erbetlik etmändigine doly göz ýetirýär. Şol sebäpli ol Isany soňky gezek daşary çykaryp: «Ine, patyşaňyz!» diýýär. Olar: «Ýok et, ýok et, ony pürse çüýle!» diýip gygyryşýarlar.

13 Pilatus olara: «Patyşaňyzy pürse çüýläýinmi?» diýýär. Şonda baş ruhanylar: «Biziň kaýsardan başga patyşamyz ýokdur» diýip jogap berýärler. Sen muny göz öňüňe getirip bilermiň? Şol erbet ruhanylar adamlary Isa garşy öjükdirýärler! (Ýahýa 19:1—16).

14 Şu günlerem şeýle adamlar kän. Adamlaryň köpüsi Isanyň Patyşa bolmagyny islemeýär. Olar Hudaýa ynanýaryn diýse-de, Hudaýyň ýa-da Isanyň olara näme etmelidigini aýtmagyny islemeýär. Olar ýer ýüzünde öz hökümetleriniň bolmagyny isleýär.

15—20. a) Biz Hudaýy söýýän bolsak näme etmeli? b) Isa suwda çokundyrylyp, nämäni görkezdi we Hudaý ondan razydygyny nädip bildirdi? ç) Biz näme üçin suwda çokundyrylmaly we soňra nähili wajyp işi ýerine ýetirmeli?

15 Biz barada näme diýse bolar? Hudaýyň Patyşalygy we onuň etjek ajaýyp işleri barada bilmek bize nähili täsir edýär? ~ Biz Hudaýy söýýäris, şeýle dälmi? ~ Biz Ýehowany söýýän bolsak we onuň Patyşalygynyň höküm sürmegini islesek näme etmeli? ~

Isa näme üçin suwda çokundyryldy we Hudaý ondan razydygyny nädip görkezdi?

16 Biz Isanyň göreldesine eýermeli. Isa Ýehowany söýýändigini nädip görkezdi? ~ Ol: «Men hemişe oňa ýaraýan zatlary edýärin» diýdi (Ýahýa 8:29). Hawa, Isa ýer ýüzüne «Hudaýyň islegini berjaý etmek we onuň işini ýerine ýetirmek» üçin geldi (Ýewreýler 10:7; Ýahýa 4:34). Gel, Isanyň wagyz edip başlamanka, näme edendigini bileli.

17 Isa Iordan derýasyna Ýahýa çokundyryjynyň ýanyna barýar. Olar suwa girende, Ýahýa Isany suwa çümdürip çykarýar. Ol näme üçin Isany suwda çokundyrýar? ~

Biz adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada nirelerde wagyz edip bileris?

18 Sebäbi muny Isanyň özi haýyş edýär. Emma Isanyň suwda çokundyrylmagyny Hudaýyň isleýändigini nireden bilýäris? ~ Isa suwdan çykanda, Hudaýyň sesini eşidýär. Ýehowa: «Sen meniň söýgüli Oglumsyň, men senden köp razydyryn» diýýär. Şeýle-de Hudaý mukaddes ruhuny kepderi görnüşinde Isanyň üstüne inderýär. Isa suwda çokundyrylyp, Ýehowa ebedi gulluk etmek isleýändigini görkezýär (Markus 1:9—11).

19 Häzir sen çaga. Emma sen ulalanyňda näme etjek? ~ Senem Isa ýaly suwda çokundyrylmak isleýärmiň? ~ Sen onuň göreldesine eýermeli. Injilde: «Isa yzyny alyp götermegiňiz üçin, size görelde galdyrdy» diýilýär (1 Petrus 2:21). Sen suwda çokundyrylyp, Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürmegini isleýändigiňi görkezersiň. Emma diňe suwda çokundyrylmak ýeterlikli däl.

20 Biz Isanyň öwreden ähli zatlaryny ýerine ýetirmeli. Isa biziň «dünýäden bolmaly däldigimizi» aýtdy. Biz erbet dünýäniň edýän işlerine goşulsak, Isa gulak asdygymyz bolarmy? Isa we onuň resullary dünýäniň işlerine goşulmaýardy (Ýahýa 17:14). Olar näme edýärdi? ~ Olar adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berýärdi. Wagyz etmek olar üçin wajypdy. Bizem olaryň göreldesine eýerip bilerismi? ~ Hawa, biz Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi barada ýürekden doga edýän bolsak, onda ol barada adamlara-da wagyz ederis.

Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegini isleýän bolsak, näme etmelidigimiz barada şu aýatlardan okaly: Matta 6:24—33; 24:14; 1 Ýahýa 2:15—17 we 5:3.