Luka 17:1—37

  • Büdremek, bagyşlamak we iman (1—6)

  • «Biz bir ýönekeý gul» (7—10)

  • Heýwere keselli on adam sagalýar (11—19)

  • Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi (20—37)

    • Hudaýyň Patyşalygy «siziň araňyzda» (21)

    • «Lutuň aýalyny ýada salyň» (32)

17  Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Adamyň imanyny gowşatjak* zatlar hökman bolar. Ýöne şol zatlara sebäp bolýan adamyň dat gününe.  Pesgöwünli adamlary büdredenden, onuň boýnuna degirmen daşyny asyp, deňze zyňlany has gowy bolardy+.  Ägä boluň! Doganyň günä etse, oňa käýe+, toba etse, ony bagyşla+.  Eger ol günde ýedi gezek saňa garşy günä edip, ýedi gezek hem: „Meni bagyşla!“ diýse, ony bagyşla»+.  Resullar Isa: «Halypam, imanymyzy berkit»+ diýdiler.  Halypamyz olara şeýle diýdi: «Eger siziň gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, tut agajyna: „Köküň bilen sogrulyp, deňziň içinde göger!“ diýseňiz, ol size gulak asar+.  Aýdaly, siziň guluňyz bar. Ol ýer sürüp ýa⁠-⁠da mal bakyp gelende haýsyňyz oňa: „Gel, saçak başyna geç!“ diýersiňiz?  Gaýtam: „Maňa agşamlyk naharyny taýýarla. Öňlügiňi dakyp, iýip⁠-⁠içýänçäm hyzmat et. Sen soň iýip içersiň“ diýersiňiz, şeýle dälmi?  Heý⁠-⁠de, siz guluňyza aýdanyňyzy edeni üçin minnetdarlyk aýdarsyňyzmy? 10  Siz hem aýdylan zatlary edeniňizden soň: „Biz bir ýönekeý gul, etmeli işimizi etdik“+ diýiň». 11  Isa Samariýa bilen Jeliläniň arasyndan geçip, Iýerusalime barýardy. 12  Ol oba girende, öňünden heýwere keselli on adam çykdy. Olar uzakda durup+, 13  batly ses bilen gygyryp: «Isa, Mugallym, bize rehim et!» diýdiler. 14  Isa olara: «Baryň, özüňizi ruhanylara görkeziň»+ diýdi. Olar ýolda barýarka sagaldylar+. 15  Olaryň biri sagalandygyny duýup, yzyna dolandy we batly ses bilen Hudaýa alkyş aýtdy. 16  Ol Isanyň öňünde ýere ýüzin ýykylyp, minnetdarlyk aýtdy. Ol samariýaly adamdy+. 17  Şonda Isa: «Keselinden sagalanlar on däldimi? Hany, dokuzysy nirede? 18  Hudaýa alkyş aýtmaga diňe başga milletli adam geldimi?» diýdi. 19  Isa oňa: «Tur, sag⁠-⁠aman git, seni imanyň sagaltdy»+ diýdi. 20  Bir gezek fariseýler Isadan Hudaýyň Patyşalygynyň haçan geljekdigini soradylar+. Isa: «Hudaýyň Patyşalygy adamlara görnüp gelmez. 21  Adamlar: „Ol bärde!“ ýa⁠-⁠da „Aňyrda!“ diýmezler. Sebäbi Hudaýyň Patyşalygy siziň araňyzda»+ diýip jogap berdi. 22  Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Şeýle günler geler, Ynsan oglunyň ýanyňyzda birje gün bolmagyny islärsiňiz, ýöne görmersiňiz. 23  Adamlar: „Serediň, ol aňyrda!“ ýa⁠-⁠da „Bärde!“ diýerler. Ýöne olara ynanmaň, yzlaryna⁠-⁠da düşmäň+. 24  Ýyldyrym çakanda, asmanyň bir ujundan beýleki ujuna çenli ýagtyldýar. Ynsan oglunyň+ gününde⁠-⁠de şeýle bolar+. 25  Ýöne ol öňürti köp görgi görmeli, şu nesil hem ondan ýüz öwrer+. 26  Nuhuň günlerinde nähili bolan bolsa+, Ynsan oglunyň günlerinde⁠-⁠de şeýle bolar+. 27  Adamlar Nuhuň gämä giren gününe çenli+ iýip⁠-⁠içip, öýlenip, durmuşa çykýardylar. Ýöne Tupan turanda, olaryň ählisi heläk boldy+. 28  Lutuň günlerinde⁠-⁠de şeýle bolupdy+: adamlar iýip içýärdiler, satýardylar, alýardylar, ekýärdiler we jaý salýardylar. 29  Emma Lutuň Sodomdan çykan güni gökden ot we kükürt ýagyp, adamlaryň ählisini ýok etdi+. 30  Ynsan oglunyň äşgär boljak güni hem şeýle bolar+. 31  Şol gün jaýyň üçegindäki adam zatlaryny almak üçin aşak düşmesin. Mellekdäki daýhan hem öýünde galan zatlaryny almak üçin yzyna dolanmasyn. 32  Lutuň aýalyny ýada salyň+. 33  Kim janyny halas etjek bolsa, ony ýitirer. Ýöne janyny ýitiren, ony halas eder+. 34  Size diýýärin, şol gije bir düşekde ýatan iki adamyň biri alnar, beýlekisi galar+. 35  Degirmende galla üwäp oturan iki aýalyň biri alnar, beýlekisi galar». 36  *—— 37  Şägirtler Isadan: «Halypam, ol nirede bolar?» diýip soradylar. Ol: «Maslyk nirede bolsa, bürgütler hem şol ýere üýşer»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Adamy büdretjek.