Luka 19:1—48

  • Isa Zakkaýa myhman bolýar (1—10)

  • On gadak kümüş hakdaky mysal (11—27)

  • Isa şähere dabaraly girýär (28—40)

  • Isa Iýerusalim üçin aglaýar (41—44)

  • Isa ybadathanany arassalaýar (45—48)

19  Isa Ýerihon şäherine girip, onuň içi bilen geçip barýardy.  Ol ýerde Zakkaý atly baý adam bardy, ol salgytçylaryň başlygydy.  Zakkaý Isany görmek isleýärdi, ýöne boýy gysgady, adamlar hem köpdi, şonuň üçin Isany görüp bilmeýärdi.  Zakkaý Isany görjek bolup, ylgap gitdi⁠-⁠de, injir agajyna dyrmaşyp çykdy, sebäbi ol şol ýoldan geçmelidi.  Isa agajyň golaýyna baranda, ony görüp: «Zakkaý, çaltrak aşak düş. Men şu gün size myhmançylyga barjak» diýdi.  Zakkaý derrew agaçdan düşüp, Isany höwes bilen myhman aldy.  Olary görenler hüňürdeşip: «Ol günäkäriň öýüne barýar» diýişdiler+.  Zakkaý bolsa ýerinden turup: «Agam, mal⁠-⁠mülkümiň ýarysyny garyplara paýlaryn. Kimi gorkuzyp*, elinden zadyny alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp bererin»+ diýdi.  Isa: «Şu gün Hudaý seni we öý⁠-⁠içeriňi halas etdi. Sebäbi sen hem Ybraýymyň ogly. 10  Ynsan ogly ýiten adamlary gözläp tapmaga we olary halas etmäge geldi»+ diýdi. 11  Şägirtler Isany diňläp durdylar. Olar Hudaýyň Patyşalygy häzir geler öýdýärdiler+, sebäbi Isa Iýerusalimiň golaýyna barypdy. Şonda Isa olara ýene bir mysal gürrüň berdi: 12  «Abraýly maşgaladan bir adam patyşa bolmak üçin uzak ýurda gidýär+. 13  Ol gulunyň onusyny ýanyna çagyryp, olara on gadak* kümüş berip: „Men dolanyp gelýänçäm, beren pulumy işlediň“+ diýýär. 14  Emma şäheriň ilaty ony halamaýardy, şonuň üçin öz wekillerini iberip: „Biz onuň patyşa bolmagyny islämizok“ diýdiler. 15  Ol adam patyşa bolup yzyna gelende, gullaryny çagyryp, olardan näçe pul gazanandyklaryny sorady+. 16  Gullaryň biri gelip: „Hojaýyn, beren kümşüňden on esse girdeji aldym“+ diýdi. 17  Hojaýyn: „Berekella, ýagşy gul! Az zatda ynamdar bolanyň üçin, seni on şähere häkim edip bellärin“+ diýdi. 18  Başga bir gul gelip: „Hojaýyn, beren kümşüňden bäş esse girdeji aldym“+ diýdi. 19  Hojaýyn: „Seni hem bäş şähere häkim edip bellärin“ diýdi. 20  Emma başga bir gul gelip: „Hojaýyn, ine kümüş puluň. Men puluňy düwünçege düwüp goýdum. 21  Men seniň rehimsiz adamdygyňy bilýärin. Sen goýmadyk zadyňy alýarsyň, ekmedik ýeriňden orýarsyň. Şonuň üçin senden gorkdum“+ diýdi. 22  Hojaýyn: „Eý zalym gul, sen diliňden bela galdyň. Meniň rehimsiz adamdygymy, goýmadyk zadymy alyp, ekmedik ýerimden orýandygymy bilýärdiň, şeýle dälmi?+ 23  Onda näme üçin pulumy dolanyşyga bermediň?* Şonda men ondan peýda görerdim“ diýdi. 24  Hojaýyn hyzmatkärlerine: „Elinden kümüşlerini alyň⁠-⁠da, on gadak kümüşlä beriň“+ diýdi. 25  Olar: „Hojaýyn, onuň şonsuzam on gadak kümşi bar ahyryn“ diýdiler. 26  Hojaýyn: „Size diýýärin, kimde bar bolsa, ýene⁠-⁠de berler, kimde ýok bolsa, barja zady hem elinden alnar+. 27  Patyşa bolmagymy islemedik duşmanlary bolsa getirip, gözümiň alnynda öldüriň“ diýdi». 28  Isa sözüni tamamlandan soň, Iýerusalime tarap ýola düşdi. 29  Olar Zeýtun dagynyň+ etegindäki Beýtfagiýa bilen Betaniýa golaýlanlarynda, Isa iki şägirdine+ 30  şeýle diýdi: «Oba baryň, giren ýeriňizde daňylgy duran münülmedik taýhary görersiňiz. Taýharyň ýüpüni çözüp, alyp gaýdyň. 31  Biri size: „Taýhary nirä alyp barýaňyz?“ diýse, siz: „Halypamyza gerek“ diýiň». 32  Şägirtler baryp görseler, Isanyň aýdyşy ýaly, taýhar duran eken+. 33  Olar taýhary çözüp durkalar, onuň eýesi: «Taýhary nirä alyp barýaňyz?» diýdi. 34  Olar: «Halypamyza gerek» diýdiler. 35  Şägirtler taýhary Isanyň ýanyna getirip, üstüne donlaryny atdylar. Isa hem taýhara mündi+. 36  Adamlar donlaryny Isanyň gelýän ýoluna ýazýardylar+. 37  Isa Zeýtun dagyndan düşülýän ýola ýetende, onuň gudratlaryny gören ençeme şägirtler şatlanyp, batly ses bilen Hudaýy şöhratlandyryp başladylar. 38  Olar: «Ýehowanyň* adyndan gelýän Patyşa şöhrat bolsun! Gökde parahatlyk bolsun, gökdäki Hudaýa şöhrat bolsun!»+ diýýärdiler. 39  Märekäniň arasynda duran käbir fariseýler: «Mugallym, şägirtleriňi dymdyr»+ diýdiler. 40  Isa bolsa: «Size diýýärin, eger olar dymsa, daşlar gygyrar» diýdi. 41  Isa Iýerusalimiň golaýyna gelende, şäheri görüp aglap+, 42  şeýle diýdi: «Şu gün saňa nämäniň parahatlyk berýändigini bilsediň... Ýöne häzir olary görüp bilmeýärsiň+. 43  Şeýle bir günler geler: duşmanlaryň daş⁠-⁠töweregiňe pürsler dikip gabarlar. Seni dumly⁠-⁠duşdan gysarlar+. 44  Olar seni ýer bilen ýegsan ederler, çagalaryňy gyrarlar+, daş üstünde daş goýmazlar+. Sebäbi Hudaýyň barlamaga gelendigine düşünmediň». 45  Isa ybadathana girip, satyjylary kowup başlady+. 46  Olara: «„Meniň öýüme doga⁠-⁠dileg öýi diýler“+ diýip ýazylgydyr. Siz bolsa ony garakçylaryň mekanyna dönderdiňiz»+ diýdi. 47  Isa her gün ybadathanada öwredýärdi. Uly ruhanylar, kanunçylar we halkyň abraýly adamlary bolsa Isany öldürmegiň küýüne düşdüler+. 48  Ýöne amatly pursat tapmaýardylar, sebäbi Isany diňlemäge gelen adamlar ýanyndan aýrylmaýardy+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Kime töhmet atyp.
Grek gadagynyň agramy 340 g, hümmeti 100 drahma deň. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa⁠-⁠da: maýa goýumyna goýmadyň?