Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 7-NJI BAP

Gulak asmaklyk goraýar

Gulak asmaklyk goraýar

1—9. a) Çagalar uly adamlara gulak asmalymy? Näme üçin? b) Luka 22:42-däki Isanyň aýdan dogasyndan näme öwrenip bolýar? ç) Biz Hudaýa gulak asmak bilen nämäni görkezýäris?

AÝDALY, sen islän zadyňy edip bilýärsiň? Hiç kim saňa ony etme, muny etme diýmeýär. Sen bu barada arzuw edipmidiň? ~

Sen näme üçin uly adamlara gulak asmaly?

2 Emma näme etseň seniň üçin gowy bolar? Islän zadyňy edip ýörmek paýhaslymy? Ýa-da kakaňy we ejeňi diňleseň gowy bolarmy? ~ Hudaý ene-ataňa gulak asmalydygyny aýdýar. Diýmek, munuň degerli sebäbi bolmaly. Gel, muny bileli.

3 Sen näçe ýaşyňda? ~ Kakaň näçe ýaşynda? ~ Ejeň, eneň, ataň we mamaň bilen babaň näçe ýaşynda? ~ Olar senden has köp ýaşandyrlar. Adam näçe köp ýaşasa, şonça-da köp zatlary bilýär, görýär, eşidýär we edýär. Şol sebäpli ýaşlar uly adamlardan köp zatlary öwrenip bilýär.

4 Sen özüňden kiçi kimi tanaýarsyň? ~ Sen köp zatlary bilýärmiň ýa-da ol? ~ Näme üçin? ~ Sebäbi sen ondan uly we köp ýaşadyň. Oňa garanyňda, seniň öwrenmäge köp wagtyň boldy.

5 Mendenem, sendenem, başga adamlardanam kim köp ýaşady? ~ Hawa, Ýehowa Hudaý. Ol mendenem, sendenem köp zady bilýär. Hudaý bize bir zat etmeli diýende, hatda ony  ýerine ýetirmek kyn bolsa-da, biz onuň peýdalydygyna şübhelenmeli däl. Bir sapar Beýik Mugallyma-da Hudaýa gulak asmak kyn boldy. Sen bu barada bilýärmiň? ~

6 Hudaý Ogluna bir kyn ýumuş tabşyrýar. Suratdan görşümiz ýaly, Isa bu barada doga edýär. Ol Hudaýa: «Isleýän bolsaň, bu käsäni menden geçir» diýýär. Isa şeýle diýmek bilen, Hudaýyň islegini berjaý etmegiň hemişe aňsat bolmaýandygyny görkezýär. Isa dogasyny nähili sözler bilen jemleýär? Muny bilýärmiň? ~

Biz Isanyň eden dogasyndan näme öwrenip bileris?

7 Isa: «Ýöne meniň islegim däl, seniň islegiň bolsun» diýýär (Luka 22:41, 42). Ol öz islegini däl-de, Allanyň islegini berjaý etmek isleýär. Şol sebäpli ol öz diýenini däl-de, Hudaýyň diýenini edýär.

8 Biz mundan näme öwrenýäris? ~ Hawa, Hudaýyň aýdanlaryny ýerine ýetirmek aňsat bolmasa-da, ony etmek hemişe dogrudyr. Ýöne biz ýene-de bir wajyp zady bildik. Bilýärmiň, nämäni? ~ Käbir adamlar Hudaý bilen Isa bir şahsyýet diýýärler. Emma bu beýle däl. Ýehowa Hudaý Ogly Isadan uly we ondan has köp zatlary bilýär.

9 Biz Hudaýa gulak asyp, oňa bolan söýgimizi görkezýäris. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýyň söýgüsi onuň buýruklaryny berjaý etmekdir» diýilýär (1 Ýahýa 5:3). Görşümiz ýaly, biziň hemmämiz Hudaýa gulak asmaly. Seniň hem oňa gulak asasyň gelýärmi? ~

10—15. a) Çagalar Efesliler 6:1—3-nji aýatlardaky tabşyrygy näme üçin we nädip ýerine ýetirmeli? b) Gadymy döwürde Hudaýa gulak asan adamlar nädip halas boldy?

10 Gel, indi Mukaddes Ýazgylary açaly we Hudaýyň çagalara näme diýýänini bileli. Efesliler kitabynyň 6-njy  babynyň 1, 2 we 3-nji aýatlaryny okaly. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Eý çagalar, Rebde ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň, çünki bu dogrudyr. Ýagşylyk görüp, ýer ýüzünde ýaşyň uzak bolar ýaly, ataňy, eneňi syla. Wada bilen berlen ilkinji buýruk şudur».

11 Görşüň ýaly, Ýehowa Hudaýyň özi ejeňe we kakaňa gulak asmalydygyňy aýdýar. Ata-eneňi «sylamak» nämäni aňladýar? Bu olara hormat goýmalydygyny görkezýär. Hudaý ata-eneňe gulak assaň, «ýagşylyk görjekdigiňi» wada berýär.

12 Gel, men saňa gulak asyp, halas bolan adamlar barada bir wakany gürrüň bereýin. Olar gadymy döwürde Iýerusalim şäherinde ýaşaýardylar. Bu şäheriň ýaşaýjylarynyň köpüsi Hudaýa gulak asmaýardy. Şol sebäpli Isa olara Hudaýyň şol şäheri weýran etjekdigini duýdurdy. Şeýle-de Isa dogrulygy söýýän adamlaryň nädip halas bolup biljekdigini aýtdy. Ol: «Iýerusalimi goşunlaryň gurşanyny göreniňizde, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýdygyny biliň. Şonda Ýahudadakylar daglara gaçsyn, şäheriň içindäkiler çyksyn» diýdi (Luka 21:20—22).

Isa gulak asan adamlar nädip halas boldular?

13 Isanyň aýdyşy ýaly, duşmanlar Iýerusalime çozýar. Rim goşuny Iýerusalimiň daşyny gabaýar. Soňra bir sebäbe görä, esgerler yzyna çekilýär. Adamlaryň köpüsi howp başyndan sowlandyr öýdüp, şäherde galýarlar. Ýöne Isa näme diýipdi? ~ Eger senem şonda Iýerusalimde ýaşan bolsaň näme ederdiň? ~ Isanyň aýdan sözlerine ynanan adamlar öýlerini taşlap, Iýerusalimden çykyp, uzakdaky daglara gaçýarlar.

14 Bir ýyl geçýär, ýöne Iýerusalime hiç zat bolmaýar. Soňra iki, üç ýyl geçýär, şäher şol durşuna durýar. Käbir adamlar şäherden çykyp gidenleri akmak hasaplaýar.  Emma dördünji ýyl Rim goşuny yzyna dolanyp gelýär we Iýerusalimi gabaýar. Indi şäherden gaçmak örän giç bolýar. Şonda Rim goşuny şäheri weýran edýär. Şäherdäki adamlaryň köpüsi öldürilýär, galany bolsa sürgün edilýär.

15 Emma Isa gulak asan adamlara näme bolýar? ~ Olar halas bolýar. Olar Iýerusalimden gaty uzakdady. Şol sebäpli olara hiç zat bolmaýar. Gulak asmaklyk olary goraýar.

16—19. a) Şu günler gulak asmaklyk çagalary nädip goraýar? b) Hudaýa gulak asmaklyk näme üçin hemmelere peýdaly?

16 Gulak asmaklyk seni hem gorarmy? ~ Belki, ata-eneň saňa köçede oýnamaga ýa-da kanalda suwa düşmäge rugsat berýän däldir. Munuň sebäbini bilýärmiň? ~ Sebäbi seni maşyn kakmagy ýa-da seniň suwda gark bolmagyň mümkin. Ýöne käte şeýle pikir etmegiň ahmal: «Şu wagt köçede maşynam ýok, maňa-da hiç zat bolasy ýok. Başga çagalar köçede-de oýnaýar, suwa-da düşýär, ýöne olara hiç zat bolanog-a».

Hiç hili howp ýok ýaly görünse-de, sen näme üçin gulak asmaly?

 17 Iýerusalimiň ýaşaýjylarynyň köpüsi şeýle pikir edipdiler. Rim goşuny yza çekilende, bela-beter sowlan ýaly görnüpdi. Köp adamlar şäheriň ýaşaýjylarynyň öýünde galandyklaryny görüp, olar hem şäherden gitmeýärler. Olara duýdurylsa-da, gulak asmaýarlar. Şonuň üçin olar heläk bolýarlar.

18 Gel, indi başga bir mysala seredeli. Sen kükürt oýnap görüpmidiň? ~ Otluçöpi ýakyp, oňa seredeniňde, gyzykly bolup görünmegi ahmal. Emma kükürt oýnamak howpludyr. Sen öýüňi otlarsyň, özüň-de heläk bolarsyň!

19 Diňe käwagt gulak asmagyň ýeterlikli däldigini unutma. Eger sen hemişe gulak assaň, bu saňa gorag bolar. Onsoňam, «Çagalar, ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň» diýen sözleri kim aýdypdy? ~ Hawa, muny Hudaý aýtdy. Bu sözleri Ýehowanyň seni söýýändigi üçin aýdandygyny unutma.

Gel, indi gulak asmagyň wajypdygyny görkezýän şu aýatlary okaly: Süleýmanyň tymsallary 23:22; Wagyz kitaby 12:13; Işaýa 48:17, 18 we Koloseliler 3:20.