Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

6-NJY BAP

Beýik Mugallym adamlara hyzmat edýär

Beýik Mugallym adamlara hyzmat edýär

1—4. a) Adamlaryň köpüsi näme etmek isleýär we muny Isanyň şägirtleri bilen bolan wakadan nädip görse bolýar? b) Isanyň başda beren haýsy sapagyndan şägirtleri hiç zat öwrenmediler?

KIMDIR BIRI saňa ýaraýan zady etse, gowy görýärmiň? ~ Hawa, bu biziň ählimize ýaraýar. Beýik Mugallym muny bilýärdi we ol hemişe adamlara kömek edýärdi. Ol: «Men hyzmat edilmek üçin däl, eýsem, hyzmat etmek üçin... geldim» diýdi (Matta 20:28).

Isanyň şägirtleri näme barada jedelleşdiler?

2 Biz Beýik Mugallymyň göreldesine nädip eýerip bileris? ~ Hawa, biz hem onuň ýaly adamlara hyzmat etmeli. Olara ýagşylyk etmeli. Emma köp adamlar şeýle etmeýär. Adamlaryň köpüsi özüne hyzmat edilmegini isleýär. Bir wagt Isanyň şägirtleri hem şeýle pikirdediler. Olar biri-birinden uly bolasy gelýärdi.

3 Bir sapar Isa şägirtleri bilen Jelile kölüniň kenarynda ýerleşýän Kapernaum şäherine barýar. Şonda olar öýe girenlerinde, Isa şägirtlerinden: «Ýolda näme hakda jedelleşýärdiňiz?» diýip soraýar. Emma olaryň hiç birinden ses çykmaýar. Çünki ýolda biri-birleri bilen kimiň uludygy hakda jedelleşýärler (Markus 9:33, 34).

4 Şägirtler özlerini biri-birinden uly saýmaly däldi. Isa muňa gowy düşünýärdi. Muny biz şu kitabyň 1-nji babyndan bilipdik. Isa şägirtleriniň arasynda çagany goýup, kiçigöwünli bolmalydygyny düşündiripdi. Emma olar mundan sapak edinmediler. Şol sebäpli Isa ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi şägirtlerine örän wajyp sapak berýär. Olar ony hiç haçan ýatdan çykarmaýarlar. Isa näme edýär? ~

Isa şägirtlerine nähili sapak berdi?

5—11. a) Isa ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi näme öwretdi? b) Isanyň göreldesine eýermegiň nähili peýdasy bar?

5 Agşam nahar wagtydy. Isa saçak başyndan turup, donuny çykarýar-da, bir ýaglyk bilen bilini guşaýar. Onsoň bir legene suw guýýar. Şägirtler Isanyň bu eden işine haýran galan bolmaly. Ol her bir şägirdiniň ýanyna baryp, olaryň aýagyny ýuwýar we guşanan ýaglygy bilen süpürýär. Eger sen hem olaryň arasynda bolan bolsaň, özüňi nähili duýardyň? ~

6 Şägirtler Beýik Mugallymyň şeýle hyzmat edendigine utanýarlar. Hatda Petrus resul Isa garşy bolýar. Ol Beýik Mugallyma aýagyny ýuwduryp, onuň hyzmat etmegini islemeýär. Emma Isa muny etmegiň wajypdygyny düşündirýär.

7 Şu günler adamlar biri-biriniň aýagyny ýuwmaýarlar. Emma bu Isanyň ýer ýüzünde ýaşan döwründäki däp-dessurlaryň biridi. Munuň sebäbini bilýärmiň? ~ Isanyň ýaşaýan ýerinde adamlar çaryk, ýagny açyk aýakgap geýýärdiler. Olar tozanly ýoldan ýöränlerinde, aýagy hapa bolýardy. Şol sebäpli myhmanlaryň aýagyny ýuwmak ýagşylyk etmekdi.

8 Emma şol wagt Isanyň şägirtleriniň hiç biri başgalaryň aýagyny ýuwmak barada pikir hem etmediler. Şol sebäpli Isa olaryň aýagyny ýuwýar. Şeýdip, ol şägirtlerine örän wajyp sapak berýär. Hawa, olar mundan özlerine sapak edinmelidiler. Mundan biz hem sapak edinmeli.

9 Isa näme öwretjek bolduka? ~ Isa donuny geýdi-de, saçak başynda oturyp, olara şeýle diýdi: «Size näme edenime düşünýärsiňizmi? Siz maňa „Mugallym“ we „Reb“diýip, dogry edýärsiňiz, sebäbi men şolduryn. Men Reb we Mugallym bolup, siziň aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz-de biri-biriňiziň aýagyny ýuwmalysyňyz» (Ýahýa 13:2—14).

Sen başgalara nädip kömek edip bilersiň?

10 Beýik Mugallym şägirtlerine adamlara hyzmat etmegiň wajypdygyny görkezdi. Isa olaryň diňe özüni bilmekligini islemedi. Ol şägirtleriniň özüni uly saýyp, özlerine hyzmat etdirjek bolman, gaýtam, başgalara hyzmat etmeklerini isledi.

11 Gör, nähili gowy sapak, şeýle dälmi? ~ Sen Beýik Mugallymyň göreldesine eýerip, adamlara hyzmat etmek isleýärmiň? ~ Hawa, biziň ählimiz adamlara kömek edip bilýäris. Biz adamlara kömek etsek, özümizi bagtly duýarys. Esasanam, biz Isany we onuň Atasyny begendireris.

12—17. a) Sen öýüňde nähili kömek edip bilersiň? b) Mekdepde we başga ýerlerde adamlara nädip hyzmat edip bilersiň? ç) Adamlar hemişe minnetdar bolmasa-da, näme üçin olara hyzmat etmeli?

12 Elbetde, adamlara hyzmat etmek kyn däl. Adamlara kömek etmek üçin ünsli bolmaly. Meselem, sen ejeňe nädip kömek edip biljekdigiň barada oýlanyp gör. Ol seniň we maşgala agzalaryňyz üçin köp zähmet çekýär. Sen oňa nädip kömek edip bilersiň? ~ Muny ejeňden sorap görseň gowy bolmazmy?

13 Belki-de, sen saçagy ýazarsyň ýa-da nahar iýip bolanyňyzdan soňra saçagy ýygnarsyň. Käbir çagalar her gün hapa atylýan bedräni döküp gelýärler. Sen nähili iş etseňem, adamlara hyzmat edip, Isanyň göreldesine eýerersiň.

14 Seniň jigileriň barmy? Sen olara kömek edip bilermiň? Ýadyňda bolsa, hatda Beýik Mugallym Isa şägirtlerine hyzmat edipdi. Sen jigileriňe kömek edip, Isanyň göreldesine eýerýärsiň. Sen olara näme kömek berip bilersiň? ~ Olara oýnawaçlaryny ýygnamaga kömekleşip bilermiň? Şeýle-de egin-eşigini geýmäge ýa-da düşegini ýygnamaga kömek edip bilersiň. Sen olar üçin ýene-de nämeler edip bilersiň? ~ Olar hem Isanyň şägirtleri ýaly, seniň edýän ýagşy işleriň üçin minnetdar bolarlar.

15 Sen mekdepde-de klasdaşlaryňa ýa-da mugallymyňa hyzmat edip bilersiň. Eger kimdir biri kitabyny gaçyrsa, ony alyp berseň gowy bolar. Belki, sen mugallymyňa klas tagtasyny süpürmegi ýa-da başga bir zat etmegi teklip edip bilersiň. Hatda adamlara gapyny açyp berseň hem ýagşylyk etdigiň bolar.

16 Belki, adamlar biziň edýän ýagşy işlerimize minnetdarlyk bildirmezler. Ýöne bu bizi ýagşy işleri etmekden saklamalymy? ~ Elbetde, ýok! Adamlaryň köpüsi Isa-da sagbolsun aýtmandy. Emma şonda-da ol adamlara ýagşylyk edýärdi.

17 Gel, hiç haçan adamlara ýagşylyk etmekden ýadamaly. Hemişe Beýik Mugallym Isany ýatdan çykarman, onuň göreldesine eýermäge jan edeli.

Şu aýatlardan adamlara nädip kömek edip bolýandygyny bilip bolýar: Süleýmanyň tymsallary 3:27, 28; Rimliler 15:1, 2 we Galatýalylar 6:2.