Markus 9:1—50

  • Isanyň daş keşbi üýtgeýär (1—13)

  • Jynly oglan sagalýar (14—29)

    • Iman arkaly ähli zat mümkindir (23)

  • Isanyň öljekdigi ýene⁠-⁠de aýdylýar (30—32)

  • Şägirtler kimiň uludygy hakda dawalaşýar (33—37)

  • Bize garşy çykmadyk biziň tarapymyzda (38—41)

  • Günä etdirýän zatlar (42—48)

  • «Duz ýaly tagamly boluň» (49, 50)

9  Isa şägirtlerine: «Size hakykaty aýdýaryn, şu ýerdäkileriň käbiri Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigini görmän ölmez»+ diýdi.  Alty günden Isa Petrusy, Ýakuby we Ýahýany alyp, bir beýik daga çykdy. Şonda olaryň gözleriniň alnynda Isanyň daş keşbi üýtgedi+.  Onuň egin⁠-⁠eşigi ap⁠-⁠ak bolup şöhle saçýardy. Ýer ýüzünde hiç kim eşigi şeýle agardyp bilmese gerek.  Şägirtler Ylýas bilen Musany hem gördüler, olar Isa bilen gepleşip durdylar.  Şonda Petrus Isa ýüzlenip: «Mugallym*, bäri gowy ekeni. Rugsat berseň, üç çadyr guraly: birini saňa, birini Musa, birini Ylýasa» diýdi.  Petrus näme diýjegini bilmeýärdi, sebäbi şägirtler juda gorkupdylar.  Şonda olaryň daşyny bulut gurşady. Bulutdan: «Ine meniň söýgüli Oglum+. Ogluma gulak asyň!»+ diýen ses eşidildi+.  Olar töweregine seredende, Isadan başga hiç kimi görmediler.  Isa şägirtleri bilen dagdan düşüp gelýärkä, Ynsan ogly direlýänçä, gören zatlaryny hiç kime aýtmazlygy berk tabşyrdy+. 10  Olar Isanyň tabşyrygyny ýürekden kabul etdiler*. Ýöne Isanyň direlmeginiň näme aňladýandygy hakda özara gürrüň edýärdiler. 11  Şägirtler Isadan: «Näme üçin kanunçylar ilki Ylýas+ gelmeli diýýärler?» diýip soradylar+. 12  Isa: «Hawa, ilki Ylýas gelmeli we ähli zatlary düzetmelidi+. Onda näme üçin Ynsan ogly köp görgi görer+ we inkär ediler+ diýip ýazylgy? 13  Men size diýýärin, Ylýas eýýäm geldi+. Ýöne ýazylyşy ýaly, olar Ylýasa islänini etdiler»+ diýip jogap berdi. 14  Şeýlelikde, olar beýleki şägirtleriň ýanyna bardylar. Görseler, şägirtleriň daşyna uly märeke üýşüpdir. Kanunçylar olar bilen jedelleşip durdylar+. 15  Adamlar Isanyň gelýändigini görüp haýran galdylar we salamlaşmak üçin ylgap bardylar. 16  Isa: «Näme hakda jedelleşýäňiz?» diýip sorady. 17  Adamlaryň biri: «Mugallym, oglumy getirdim, içinde jyn bar. Jyn oglumy lal etdi+. 18  Oglumyň tutgaýy tutanda agzy köpürjikläp, dişini gyjaýar, halys ysgyndan gaçýar. Onuň içinden jyny çykarmagy şägirtleriňden haýyş etdim, ýöne başarmadylar» diýdi. 19  Isa: «Eý imansyz nesil!+ Men haçana çenli siziň bilen bolmaly? Haçana çenli size çydamaly? Oglany ýanyma getiriň»+ diýdi. 20  Olar oglany Isanyň ýanyna getirdiler. Jyn Isany gören badyna, oglanyň tutgaýyny tutdurdy. Oglan ýykylyp, iki ýana urundy we agzy köpürjikläp başlady. 21  Isa onuň kakasyndan: «Ogluň haçandan bäri ejir çekýär?» diýip sorady. Ol: «Çagalygyndan bäri. 22  Jyn ony käte oda, käte suwa urup öldürjek bolýar. Bize rehim et, ony sagaldyp bilýän bolsaň, kömek et» diýdi. 23  Isa oňa: «Näme üçin „sagaldyp bilýän bolsaň“ diýýärsiň? Iman edýän üçin ähli zat mümkindir»+ diýdi. 24  Oglanyň kakasy şol bada gygyryp: «Iman edýärin! Eger imanym gowşak bolsa, ony berkit»+ diýdi. 25  Isa adamlaryň ylgaşyp gelýänini görüp, jyna käýedi. Ol: «Eý lal we ker edýän jyn! Saňa buýurýaryn, oglandan çyk⁠-⁠da, gaýdyp girme»+ diýdi. 26  Jyn oglanyň tutgaýyny tutduryp, gygyryp içinden çykdy. Oglan ýerde öli ýaly ýatyrdy. Adamlaryň köpüsi: «Oglan öldi!» diýişdiler. 27  Isa oglanyň elinden tutup ýerinden galdyrdy. Oglan ýerinden turdy. 28  Soňra Isa şägirtleri bilen öýe girdi. Olar ýeke galanlarynda şägirtleri: «Biz näme üçin jyny çykaryp bilmedik?» diýip soradylar+. 29  Isa: «Şeýle jyny diňe doga⁠-⁠dilegiň kömegi bilen çykaryp bolýar» diýdi. 30  Soňra Isa şägirtleri bilen ol ýerden gaýtdy. Olar Jeliläniň üstünden geçdiler. Ýöne Isa özüniň nirededigini hiç kimiň bilmegini islemeýärdi. 31  Sebäbi ol şägirtlerine tälim bermek isleýärdi. Isa: «Ynsan ogly duşmanlaryň eline berler. Olar ony öldürerler+, ýöne üç günden direler»+ diýdi. 32  Şägirtleri onuň aýdanlaryna düşünmediler, sorag bermäge⁠-⁠de çekindiler. 33  Isa şägirtleri bilen Kapernawuma geldi. Olar öýe girenlerinde, Isa: «Ýolda näme hakda jedelleşdiňiz?»+ diýip sorady. 34  Olar hiç zat jogap bermediler, sebäbi kimiň uludygy hakda jedelleşipdiler. 35  Şonda Isa oturyp, 12 resulyny çagyrdy⁠-⁠da: «Kim uly bolmak islese, hemmelerden kiçi bolmaly we adamlara hyzmat etmeli»+ diýdi. 36  Isa bir çagany çagyryp, şägirtleriniň öňünde duruzdy⁠-⁠da, çagany gujaklap: 37  «Meniň hatyrama kim şeýle çagany kabul etse+, meni kabul edýändir. Kim meni kabul etse, diňe meni däl, meni Ibereni⁠-⁠de kabul edýändir»+ diýdi. 38  Ýahýa oňa: «Mugallym, bir adam seniň adyň bilen jynlary çykarýan ekeni. Biz oňa gadagan etjek bolduk, sebäbi ol yzymyza düşenok»+ diýdi. 39  Isa olara şeýle diýdi: «Oňa degmäň, sebäbi meniň adym bilen gudrat görkezýän adam men hakda hiç hili erbet zat aýtmaz. 40  Bize garşy çykmadyk adam biziň tarapymyzdadyr+. 41  Size hakykaty aýdýaryn, Mesihiň şägirdi bolanyňyz üçin bir käse suw beren adam sylagsyz galmaz+. 42  Emma kim maňa iman edýän pesgöwünli adamlardan biriniň imanyny gowşatsa*, onda boýnuna degirmen daşyny asyp, deňizde gark bolany has gowy bolardy+. 43  Eliň günä etdirýän* bolsa, kesip taşla. Iki eliň bolubam Jähenneme*, sönmeýän oda taşlananyňdan, bir elsiz ýaşaýşa gowşanyň gowudyr+. 44  *—— 45  Eger aýagyň günä etdirýän* bolsa, kesip taşla. Iki aýagyň bolubam Jähenneme*+ taşlananyňdan, bir aýaksyz ýaşaýşa gowşanyň gowudyr. 46  *—— 47  Eger gözüň günä etdirýän* bolsa, oýup taşla+. Iki gözli bolup Jähenneme* taşlananyňdan, bir gözli bolup Hudaýyň Patyşalygyna gireniň gowudyr+. 48  Jähennemde ne gurçuk ölýändir, ne⁠-⁠de ot sönýändir+. 49  Nahara duz sepilişi ýaly, her bir adamyň üstüne hem ot sepiler+. 50  Duz gowy zat, ýöne ol tagamyny ýitirse, ony ýene⁠-⁠de nädip tagamly edip bolar?+ Duz ýaly tagamly boluň+, biri⁠-⁠biriňiz bilen agzybir ýaşaň»+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Rebbi.
Başga manysy: ýüreginde sakladylar.
Sözme⁠-⁠söz: büdretse.
Sözme⁠-⁠söz: büdredýän.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: büdredýän.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: büdredýän.
Sözlüge serediň.