Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 19-NJY BAP

Uruşmak dogrumy?

Uruşmak dogrumy?

1—5. a) Isa parahatlyk döredýänler barada näme diýdi? Emma näme üçin käwagt parahatlygy saklamak kyn bolýar? b) Ýakup bilen Ýahýa samariýalylaryň gödek hereketine nähili jogap bermek islediler?

SEN uruşmak üçin bahana gözleýän oglanlardan ýa-da gyzlardan kimi tanaýarsyň? ~ Sen olar bilen tirkeşmek isleýärmiň? Ýa-da sen mähirli we uruşmagy halamaýanlar bilen dostlaşmak isleýärsiňmi? ~ Beýik Mugallym şeýle diýýär: «Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler» (Matta 5:9).

2 Emma käwagt adamlar biziň gaharymyzy getirýär. Şeýle dälmi? ~ Şonda bizem olaryň edişi ýaly etmek isleýäris. Bir sapar Isanyň şägirtlerinde hem şeýle pikir döräpdi. Olar şonda Iýerusalime barýardylar. Gel, men saňa bu barada gürrüň bereýin.

3 Isa we onuň şägirtleri ep-esli ýol ýöreýärler. Şonda Beýik Mugallym şägirtlerini agşam ýatmak üçin ýer tapmaga Samariýanyň bir obasyna iberýär. Emma obanyň adamlary olary myhman almak islemeýär. Sebäbi olar başga dine uýýardy. Samariýalylar Iýerusalimde Hudaýa sežde edýän adamlary halamaýardylar.

Ýakup bilen Ýahýa näme üçin samariýalylardan ar aljak boldular?

 4 Eger senem şeýle ýagdaýa düşen bolsaň näme ederdiň? Seniň gaharyň gelermidi? Olardan ar almak islärmidiň? ~ Isanyň şägirtleri Ýakup bilen Ýahýanyň ar alasy gelipdi. Bu şägirtler Isa: «Olary heläk etmek üçin, gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsiňmi?» diýdiler. Isa ýöne ýere olara «Gök gürrüldisiniň ogullary» diýen lakamy bermedi. Emma Isa olara beýle etmegiň nädogrudygyny aýtdy (Luka 9:51—56; Markus 3:17).

5 Dogrudan-da, käwagt adamlar biziň bilen özüni gödek alyp barýarlar. Çagalaryň käbiri biziň bilen oýnasy gelýän däldir. Olar hatda: «Şu ýerden git! Seniň bilen dost bolasymyz gelenok!» diýerler. Şeýle sözleri eşitmek bize agyr deger gerek? Şonda biziň hem olaryň edişi ýaly edesimiz geler. Ýöne biz şeýle etmelimi? ~

6—12. a) Süleýmanyň tymsallary 24:29-da ar almak barada näme diýilýär? b) Matta 5:39-daky Isanyň aýdan sözlerine nähili düşünmeli? ç) Urşuň başlajakdygyny duýsak näme etmeli we näme üçin?

6 Gel, bu barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigini bileli. Süleýmanyň tymsallary kitabynyň 24-nji babynyň 29-njy aýadyny açaly. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Maňa näme eden bolsa, menem şony ederin, etmişine görä gaýtararyn diýme».

7 Sen bu aýada nähili düşünýärsiň? ~ Bu ýerde ar almaly däldigi aýdylýar. Adam bize ýamanlyk edende, bizem oňa ýamanlyk etmeli däl. Emma biri biziň bilen uruşjak bolsa näme etmeli? Ol seniň gaharyňy getirjek bolup, saňa sögünmegi mümkin. Belki, ol seniň üstüňden gülüp, ýaňsylar ýa-da saňa gorkak diýer. Şonda sen näme etmeli? Onuň bilen uruşmalymy? ~

8 Gel, ýene-de Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigini bileli. Matta kitabynyň 5-nji babynyň 39-njy aýadyny açaly. Bu aýatda Isa: «Men welin size diýýärin, ýamana garşy durma. Gaýta, kim seniň sag ýaňagyňa ursa, ol ýaňagyňy-da oňa öwür» diýýär. Isanyň bu aýdan sözleri nämäni aňladýar? Seniň sag ýaňagyňa ýumruk bilen ursalar, beýleki ýaňagyňa-da urdurmalymy? ~

 9 Ýok, Isa beýle diýjek bolmady. Şarpyk çalmak, ýumruk bilen uran ýaly bolmaýar. Şarpyk çalmagy iteklemek bilen deňeşdirse bolar. Biri biziň gaharymyzy getirip, uruşmak üçin şarpyk çalýar. Şonda gaharymyz gelip, ony itekläp goýbersek näme bolar? ~ Urşa başlamagymyz mümkin.

10 Emma Isa şägirtleriniň uruşmagyny islemedi. Şol sebäpli ol şarpyk çalana gaýtargy bermeli däldigini aýtdy. Biz gaharlanmalam däl, uruşmalam däl. Eger biz gaharlanyp, uruşsak, onda urşa başlan adamdan hiç hili tapawutlanmarys.

11 Ýagdaý erbetleşip başlasa näme etmeli? ~ Iň gowusy, ol ýerden gaýtmaly. Uruşjak bolýan adam ýene-de birnäçe gezek itekläp ýa-da şarpyk çalyp biler. Ýöne şunuň bilen uruş  tamamlanmagy mümkin. Eger sen ol ýerden gaýtsaň, bu seniň gorkakdygyňy aňlatmaýar. Gaýtam, sen dogry işleri etmäge gorkmaýandygyňy görkezersiň.

Kimdir biri biziň bilen uruşjak bolanda näme etmeli?

12 Ýöne sen urşup, ony ýeňseň näme bolar? ~ Ol hem öz dostlary bilen seniň üstüňe geler. Olar hatda taýak ýa-da pyçak bilen saňa topulmagy mümkin. Indi sen Isanyň näme üçin uruşmaly däl diýenine düşündiňmi? ~

13—17. a) Süleýmanyň tymsallary 26:17-de näme diýilýär we bu näme etmelidigini aňladýar? b) Adamlar uruşýanlary görenlerinde köplenç näme edýärler, emma mesihçiler näme etmeli we näme üçin?

13 Eger biz başgalaryň urşup duranyny görsek näme etmeli? Olaryň biriniň tarapyny tutmalymy? ~ Mukaddes Ýazgylarda näme etmelidigi aýdylýar. Gel, Süleýmanyň tymsallary kitabynyň 26-njy babynyň 17-nji aýadyny açaly. Bu aýatda şeýle diýilýär: «Özüne degişli bolmadyk dawa goşulýan adam geçip barýan itiň gulagyndan tutýan adam ýalydyr».

Urşa goşulýanlary näme üçin itiň gulagyndan tutýan oglana meňzetse bolar? Bu gowulyga eltmez, muny etme!

14 Eger sen itiň gulagyndan tutsaň näme bolar? Itiň gulagy agyrar we ol seni dişlejek bolar. Şeýle dälmi? It seniň eliňden sypjak bolup näçe dyzadygyça, şonça-da sen onuň gulagyndan berk tutmaly bolarsyň. Bu-da onuň has gaharyny getirer. Eger sen ony goýberseň, ol seniň üstüňe topulyp, erbet dişlär. Ýöne sen onuň gulagyndan hemişe tutup durup bilermiň? ~

15 Uruşýan adamlaryň tarapyny tutýanlar hem şeýle ýagdaýa düşýärler. Biz urşuň näme sebäpden dörändigini ýa-da ony kimiň başlandygyny bilmeýäris. Aýdaly, biz biriniň urulýandygyny görýäris. Belki, ol bir adamyň zadyny ogurlandyr. Eger biz onuň tarapyny tutsak,  ogra kömek etdigimiz bolar. Şeýle etmek nädogry bolar gerek?

16 Eger sen uruşýanlary görseň näme etmeli? ~ Mekdepde uruşýan bolsalar, onda ylgap baryp, mugallymyňa aýdyp bilersiň. Eger başga ýerde uruşýanlary görseň, onda ata-eneňi ýa-da polisiýa işgärini çagyryp bilersiň. Hawa, başgalar uruşjak bolsalar-da, biz parahatlygy saklamaly.

Sen uruşýanlary görseň näme etmeli?

17 Isanyň şägirtleri uruşmajak bolup elinde baryny edýärler. Şeýtmek bilen, biz dogry işleri etmäge gorkmaýandygymyzy görkezýäris. Mukaddes Ýazgylarda Isanyň şägirtleriniň «hemmelere mylakatly... bolmalydygy» barada aýdylýar (2 Timoteos 2:24).

Gel, indi uruşdan gaça durmaga kömek edýän birnäçe gowy maslahatlara seredeli: Rimliler 12:17—21 we 1 Petrus 3:10, 11.