Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 6

Är aýalyň başy

Är aýalyň başy

«Aýalyň başy erkek» (1 Kor. 11:3).

13-NJI AÝDYM Mesihiň göreldesi

MAZMUNY *

1. Durmuşa çykmak isleýän uýalar özüne nähili soraglary bermeli?

DOGAN-UÝALARYŇ ählisi Isa Mesihe tabyn bolýarlar. Emma uýalar durmuşa çykandan soňra ärine hem tabyn bolýarlar. Uýalara tabyn bolmak aňsat düşýän däldir. Sebäbi Isa pygamberden tapawutlylykda, ärler bikämil we köp ýalňyşlyk goýberýärler. Şol sebäpli durmuşa çykmak isleýän uýalar özüne şeýle soraglary bermeli: «Ol gowy maşgalabaşy bolup bilermi? Ýehowanyň tabşyran işlerini yhlasly ýerine ýetirýärmi? Eger häzir şeýle zatlara sowuk-sala garaýan bolsa, durmuş gurandan soňra gowy maşgalabaşy boljagyny nädip bileýin?» Şeýle-de uýalar şu soraglar hakda oýlansa gowy bolar: «Maşgalamy bagtly etmek üçin mende ýagşy häsiýetler barmy? Men sabyrlymy, jomartmy? Ýehowanyň tabşyran işlerini ýürekden ýerine ýetirýärinmi?» (Nes. 4:9, 12). Uýalar, eger maşgalaňyzy bagtly etmek isleseňiz, onda durmuşa çykmankaňyz şu soraglaryň üstünde çuňňur oýlanyň.

2. Şu makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

2 Dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan millionlarça uýalar ärine ýürekden tabyn bolýarlar. Biz uýalarymyza buýsanýarys! Olar bilen wagyz etmegi uly hormat saýýarys. Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: 1) aýala ärine tabyn bolmak näme üçin kyn bolýar? 2) Aýal ärine näme üçin tabyn bolmaly? 3) Är-aýallar tabyn bolmak babatda Isa pygamberden, Abygaýyldan we Isanyň ejesi Merýemden näme öwrenip bilerler?

TABYN BOLMAK NÄME ÜÇIN KYN BOLUP BILER?

3. Näme üçin maşgalada kynçylyk bolýar?

3 Allatagalanyň niýetine görä, maşgalada hiç hili kynçylyk bolmaly däldi. Är-aýal bagtly ýaşamalydy. Gynansak-da, adamlar günäli bolansoň, maşgala ojagy gözgyny ýagdaýda (1 Ýah. 1:8). Mukaddes Kitapda durmuş guranlaryň täze kynçylyklarynyň boljakdygy hem aýdylýar (1 Kor. 7:28). Geliň, şol kynçylyklaryň käbirleri hakda gürrüň edeliň.

4. Käbir aýallar ärine tabyn bolmagy näme üçin kiçilik hasaplaýar?

4 Käbir aýallar alan terbiýesi we medeniýeti sebäpli ärine tabyn bolmagy kiçilik hasaplaýarlar. Amerikada ýaşaýan uýa şeýle gürrüň berýär: «Meniň ýaşaýan ýerimde „aýal bilen erkegiň hukugy deň“ diýen pikir öňe sürülýär. Men Ýehowanyň niýetine görä, aýalyň başynyň erkekdigine düşünýärin. Ýehowa aýallara-da hormatly borç berdi. Ýöne şonda-da maňa ärime tabyn bolmak kyn düşýär».

5. Käbir ýurtlarda aýallar barada nähili düşünje giňden ýaýran?

5 Käbir ýurtlarda erkek adamlar zenanlary adam hasabynda görmeýärler. Günorta Amerikada ýaşaýan uýa şeýle gürrüň berýär: «Biziň medeniýetimizde erkek adamlar iýip-içip bolýançalar, aýallar saçak başyna geçmän hyzmat edýärler. Maşgalada gyzlara çagalykdan nahar bişirmegi, syryp-süpürmegi öwredýärler. Oglanjyklara bolsa han ýaly hyzmat edýärler». Aziýaly uýa şeýle diýýär: «Il arasynda: „Aýala bilim hem gerek däl, kär hem“ diýýärler. Gelin-gyzlar diňe hojalygyň işini etmeli. Hatda gelin ärine öz pikirini hem aýdyp bilmeýär». Şeýle medeniýetde önüp-ösen erkek kişiler özüni gödek alyp barýarlar, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna gulak asmaýarlar. Olar Isa pygamberiň göreldesine eýermän, Ýehowany gynandyrýarlar we aýalynyň derdine dert goşýarlar (Efes. 5:28, 29; 1 Pet. 3:7).

6. Aýallar imanynyň berk bolmagy üçin näme etmeli?

6 Geçen makaladan bilşimiz ýaly, ärler maşgalasyny eklemeli, aýalyna we çagalaryna Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmaga kömek etmeli (1 Tim. 5:8). Emma uýalaryň özleri hem imanynyň berk bolmagy üçin tagalla etmeli. Elbetde, uýalara aňsat düşmeýär, sebäbi olar uzakly gün işläp ýadaýarlar. Ýöne şonda-da olar Mukaddes Kitaby okamaga, oýlanmaga we Ýehowa doga etmäge wagt tapmaly. Sebäbi Ýehowa her bir adamyň, äriň hem, aýalyň hem berk imanynyň bolmagyny isleýär (Res. 17:27).

7. Aýal ärine tabyn bolmak üçin näme etmeli?

7 Elbetde, aýal bikämil ärine tabyn bolmak üçin tagalla etmeli. Eger aýal Ýehowanyň tabşyrygyna düşünse we ýürekden ýerine ýetirse, ärine tabyn bolmak aňsat bolar.

AÝAL ÄRINE NÄME ÜÇIN TABYN BOLMALY?

8. Efesliler 5:22—24-nji aýatlara görä, aýal näme üçin ärine tabyn bolmaly?

8 Ýehowa aýallara ärine tabyn bolmagy tabşyrýar (Efesliler 5:22—24-nji aýatlary okaň). Hudaýhon aýallar Ýehowanyň beren tabşyrygyna höwes bilen eýerýärler. Sebäbi olar gökdäki Atasy Ýehowanyň aýallaryň mähir bilen aladasyny edýändigine we diňe ýagşylyk isleýändigine düşünýärler (5 Mus. 6:24; 1 Ýah. 5:3).

9. Äre tabyn bolmagyň nähili peýdasy bar?

9 Şeýtanyň golastyndaky adamlar Ýehowanyň kada-kanunlaryny äsgermeýärler, tabyn bolmagy kiçilik hasaplaýarlar. Aslynda, olar adamlaryň aladasyny edýän hak Hudaýy tanamaýarlar. Heý-de, Ýehowa eý görýän gyzlarynyň mertebesini peseldýän zatlary talap edermi?! Ýehowanyň tabşyrygyna eýerip, ärine tabyn bolýan uýalaryň maşgalasynda parahatlyk höküm sürer (Zeb. 119:165). Ýehowa aýallaryň edýän tagallasyny görüp, olaryň maşgalasyna bereket berer.

10. Biz uýadan näme öwrenip bileris?

10 Aýal bikämil ärine tabyn bolup, Ýehowany söýýändigini we hormat goýýandygyny görkezýär. Günorta Amerikada ýaşaýan uýa şeýle gürrüň berýär: «Ärim ýalňyşsa-da, men oňa tabyn bolýaryn. Eger tabyn bolmasam, Ýehowany gynandyrjakdygyma düşünýärin. Meniň bolsa Ýehowany hemişe begendiresim gelýär».

11. Eni uýa ärini bagyşlamaga näme kömek edýär we biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?

11 Är aýalynyň ýürekden aladasyny etmese, duýgusyna düşünmese, aýala ärine hormat goýmak we tabyn bolmak kyn bolýar. Eni uýa şeýle gürrüň berýär: «Käte ärim ýagdaýyma düşünmeýär, ýöne men öýkeläp ýörmeýärin. Sebäbi ýalňyşmaýan adam ýok. Men Ýehowanyň göreldesine eýerip, ärimi bagyşlamaga jan edýärin. Şonda özümi gowy duýýaryn» (Zeb. 86:5). Hawa, geçirimli aýala ärine tabyn bolmak aňsat bolýar.

HUDAÝHON ADAMLARYŇ GÖRELDESI

12. Mukaddes Kitapda kimler hakda aýdylýar?

12 Käbir adamlar tabyn bolmagy ejizlik hasaplaýarlar, ýöne olar ýalňyşýarlar. Sebäbi Mukaddes Kitapda tabyn bolýanlaryň ejiz däl-de, batyrgaý we dogumly adamlardygy aýdylýar. Geliň, Isa pygamber, Abygaýyl we Merýem hakda gürrüň edeliň.

13. Isa näme üçin Ýehowa tabyn bolýardy? Düşündiriň.

13 Isa paýhaslydy, ukyplydy, ýöne şonda-da Ýehowa tabyn bolýardy. Ýehowa älem-jahany ýaradanda, Isa ökde ussa kimin kömek etdi (Nak. 8:30; Ýew. 1:2—4). Isa pygamber adamlara ýönekeý mysallar arkaly düşündirýärdi (Ýah. 7:45, 46). Isa ölümden direlip, göge galdy. Soňra Ýehowa oňa «gökde we ýerde ähli ygtyýary» berdi (Mat. 28:18). Isa paýhasly we ukyply bolsa-da, hemişe Ýehowa tabyn bolýardy, sebäbi Atasyny ýürekden söýýärdi (Ýah. 14:31).

14. a) Ärler Ýehowanyň göreldesine eýermek üçin näme etmeli? b) Maşgalabaşylar Nakyllar 31-nji bapdan nähili sapak edinip bilerler?

14 Ärler üçin sapak. Ýehowa aýalyň mertebesini peseltmek üçin ärine tabyn bolmalydygyny aýtmady. Sebäbi Ýehowa Isa bilen hökümdarlyk etmäge aýallara-da rugsat berdi (Gal. 3:26—29). Ýehowa Ogluna ynanýandygy üçin, ony patyşa edip belledi. Hudaýdan görelde alýan är aýalyna doly ynanýar. Mukaddes Kitapda gaýratly gelin taryplanýar. Ol daň atmanka turýar, öýüň işlerini edýär, «mellekleri... satyn alýar... Söwda edip, peýdasyny görýär» (Nakyllar 31:15, 16, 18-nji aýatlary okaň). Är aýalyna «tur otur, kersen getir» diýip, gyrnak hökmünde garamaly däl, gaýtam onuň pikirini diňlemeli we doly ynanmaly (Nakyllar 31:11, 26, 27-nji aýatlary okaň). Şonda aýal hem ärine ýürekden tabyn bolar we hormat goýar.

Aýallar Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip bilerler? (15-nji abzasa serediň)

15. Aýallar Isa pygamberiň göreldesine eýermek üçin näme etmeli?

15 Aýallar üçin sapak. Isa paýhasly we ukyply bolsa-da, Ýehowa tabyn bolmagy kiçilik bilmeýärdi (1 Kor. 15:28; Flp. 2:5, 6). Aýallar akylly-başly we başarjaň bolsalar-da, Isa pygamberiň göreldesine eýerip, ärine ýürekden tabyn bolýarlar. Ýehowa aýallara: «Äriňe çuňňur hormat goý» diýip tabşyrdy. Ýehowa tabyn bolýan aýallar şu tabşyrygy ýürekden ýerine ýetirýärler.

Abygaýyl Dawuda we esgerlerine iýer-içer ýaly zat eltip berýär. Ol Dawudyň öňünde dyza çöküp, ötünç soraýar we bigünä gan dökme diýip ýalbarýar (16-njy abzasa serediň)

16. 1 Şamuwel 25:3, 23—28-nji aýatlara görä, Abygaýyl nähili kyn ýagdaýa düşýär? (Daşky sahypadaky surata serediň).

16 Gadym döwürde Abygaýyl atly hudaýhon aýal ýaşaýardy. Onuň äri Nabal tekepbir, gadyrbilmez we gedem adamdy. Günlerde bir gün Nabal Dawudy kemsidip, üstünden gülýär. Dawut muny eşidip, gazap atyna atlanýar we 400 esgeri bilen Nabalyň bütin maşgalasyny gyrmak üçin ýola düşýär. Abygaýyl Nabala eliň bilen edeniňi egniň bilen çekersiň diýmegiň deregine, ärini we bütin maşgalasyny halas etmegiň ugruna çykýar. Abygaýyl 400 sany gaharly we ýaragly esgerleriň öňünden çykmaga gorkmaýar. Ol esgerleriň serkerdebaşysy Dawudyň öňünde dyza çöküp, ötünç soraýar (1 Şamuwel 25:3, 23—28-nji aýatlary okaň). Dawuda etjek işiniň nädogrudygyny hormat bilen aýdýar. Şonda Dawut Ýehowanyň naçar aýal arkaly agyr günäden we bigünä gan dökmekden saklandygy üçin minnetdar bolýar.

17. Ärler Dawut bilen bolan wakadan näme öwrenip bilerler?

17 Ärler üçin sapak. Abygaýyl akylly-başly aýaldy. Dawut onuň maslahatyna gulak asyp, bigünä adamlaryň ganyna galmady. Paýhasly är hem wajyp karara gelmeli bolanda, aýalynyň pikirini diňleýär. Şonda ol dogry karara geler we gelen kararyna hiç haçan ökünmez.

18. Aýallar Abygaýylyň göreldesine nädip eýerip bilerler?

18 Aýallar üçin sapak. Käbir uýalaryň äri Ýehowany tanamaýar ýa-da Ýehowanyň Şaýady bolsa-da, kada-kanunlaryna görä ýaşamaýar. Emma uýalar Ýehowany söýüp, ärine tabyn bolýarlar we maşgalasynyň agzybir ýaşamagy üçin elinde baryny edýärler. Aýallar Mukaddes Kitaba esaslanmadyk sebäplere görä aýrylyşjak bolmaýarlar, gaýtam ýagşy edim-gylymy bilen ärine hormat goýup, Ýehowa bilen dostlaşmagyna kömek etmek üçin jan edýärler (1 Pet. 3:1, 2). Äri aýalynyň gadyryny bilmese-de, Ýehowa onuň edýän tagallasyny görýär we ak pata berýär.

19. Aýal haýsy ýagdaýlarda ärine gulak asman biler?

19 Aýdaly, äri aýalyna Mukaddes Kitapda günä hasaplanýan işleri etdirjek bolýar. Şonda aýal näme etmeli? Belki-de, äri aýalyndan ýalan sözlemegi, ogurlyk etmegi talap eder. Şeýle ýagdaýda Ýehowa tabyn bolýan aýal äriniň talabyny ýerine ýetirmez. Ol ärine Hudaýy gynandyrýan işleri etmejekdigini mähirlilik bilen düşündirer (Res. 5:29).

20-nji abzasa serediň *

20. Merýemiň Ýehowa berk iman edýändigini nireden bilýäris?

20 Merýem Ýehowa berk iman edýärdi we Hudaýyň Sözüni gowy bilýärdi. Merýem garyndaşy Elizabetlere myhmançylyga barýar, şonda Töwratdan 20-den gowrak aýady ýatdan aýdyp berýär (Luka 1:46—55). Merýem Ýusuba adaglydy. Emma Ýehowa perişdesini Ýusubyň ýanyna däl-de, Merýemiň ýanyna iberdi. Ol Merýeme Allatagalanyň Ogluny dünýä inderjekdigini aýdýar (Luka 1:26—33). Ýehowa Merýemi gowy tanaýardy we Oglunyň aladasyny edip biljekdigine ynanýardy. Merýemiň imany şeýle bir berkdi welin, Isa göge galandan soň hem Ýehowa bolan söýgüsi sowamady (Res. 1:14).

21. Ärler Merýem bilen bolan wakadan nähili sapak edinip bilerler?

21 Ärler üçin sapak. Paýhasly maşgalabaşy aýalynyň Mukaddes Kitaba gowy düşünýändigine begenýär. Ol aýalym maşgalada baş boljak bolýar diýip pikir etmeýär. Ol Mukaddes Kitaba gowy düşünýän we kada-kanunlaryna eýerýän aýalynyň goldaw berýändigine begenýär. Belki-de, aýal ärine garanda has düşünjeli we sowatlydyr, ýöne Ýehowa maşgala okuwyny geçirmegi äre tabşyrdy (Efes. 6:4).

Aýallar Merýemiň göreldesine nädip eýerip bilerler? (20, 22-nji abzaslara serediň) *

22. Aýallar Merýemiň göreldesine nädip eýerip bilerler?

22 Aýallar üçin sapak. Aýal ähli ýagdaýlarda ärine tabyn bolsa-da, Ýehowa berk iman etmek üçin özi-de tagalla etmeli (Gal. 6:5). Ol Mukaddes Kitaby okamak, oýlanmak we şahsy okuwyny geçirmek üçin wagt tapmaly. Şonda aýal Ýehowany ýürekden söýer, hormat goýar we ärine höwes bilen tabyn bolar.

23. Ärine tabyn bolýan aýala Ýehowa nähili bereket berýär?

23 Şu günler köp aýallar ärine tabyn bolmaýarlar we Ýehowanyň kanunyna eýermeýärler. Emma Ýehowany söýýän we baştutanlyk kanunyna eýerýän aýallar özlerini bagtly duýýarlar. Olar täze maşgala guranlara-da gowy görelde bolýarlar. Olar diňe bir maşgalasynda däl, eýsem ýygnakda-da parahatlygyň bolmagyna goşant goşýarlar (Tit. 2:3—5). Şu günler Ýehowanyň Şaýatlarynyň aglabasy aýallardyr (Zeb. 68:11). Ýygnakda her bir dogan-uýanyň öz orny bar. Indiki makalada şu hakda gürrüň ederis.

131-NJI AÝDYM «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn»

^ par. 5 Ýehowa aýalyň ärine tabyn bolmagyny isleýär. Tabyn bolmak nämäni aňladýar? Şu makalada Isa pygamberiň we hudaýhon aýallaryň tabynlyk babatda galdyran göreldesi hakda gürrüň ederis. Är-aýallar olaryň göreldesine nädip eýerip bilerler?

^ par. 68 SURAT: Merýem Elizabete Töwratdan aýatlary ýatdan aýdyp berýär.

^ par. 70 SURAT: Gelinler hem Mukaddes Kitaby okamak üçin wagt tapmaly.