Birinji Korinfliler 7:1—40

  • Maşgala guranlara we gurmadyklara maslahat (1—16)

  • Çagyrylyşyň ýaly ýaşamak (17—24)

  • Maşgala gurmadyklar we dul aýallar (25—40)

    • Maşgala gurmaýan adam has gowy edýär (32—35)

    • Diňe «Halypamyzyň şägirdi» bilen maşgala gurmaly (39)

7  Indi bolsa siziň soran zatlaryňyz hakda aýdaýyn: erkek adam aýala ýanaşmasa* gowy bolar.  Emma ahlaksyzlygyň* köpdügi üçin, erkek adamyň öz aýaly+, aýalyň hem öz äri bolsun+.  Erkek aýalynyň öňündäki borjuny ýerine ýetirsin, aýal hem äriniň öňündäki borjuny ýerine ýetirsin+.  Aýalyň öz bedeniniň üstünden ygtyýary ýokdur, ol äriniňkidir, äriň⁠-⁠de öz bedeniniň üstünden ygtyýary ýokdur, ol aýalynyňkydyr.  Siz biri⁠-⁠biriňizi är⁠-⁠aýallyk borjundan mahrum etmäň. Emma siz özara ylalaşyp, doga etmek üçin biraz wagtlyk aýry bolup bilersiňiz. Soňra ýene⁠-⁠de birigiň, ýogsam özüňize erk edip bilmän, Şeýtanyň synagyna düşäýmäň.  Men muny size tabşyryk däl⁠-⁠de, maslahat hökmünde aýdýaryn.  Men hemmeleriň özüm ýaly sallah bolmagyny isleýärin, ýöne her kimiň Hudaýdan alan ukyby* bar+: käbiri maşgala gursa, beýlekileri gurmaýar.  Täzeden maşgala gurmadyklara we dul galanlara şeýle diýýärin: olar meniň ýaly sallah bolsalar gowy bolar+.  Ýöne özlerine erk edip bilmeseler, maşgala gursunlar. Sebäbi höweslerine ýanyp köýeninden, maşgala guranlary gowudyr+. 10  Maşgala guranlara bolsa men däl⁠-⁠de, Halypamyz şeýle diýýär: aýal ärinden aýry ýaşamasyn+. 11  Eger aýry ýaşasa, başga birine durmuşa çykmasyn ýa⁠-⁠da äri bilen ýaraşsyn. Äri hem aýalyny taşlamasyn+. 12  Maşgala guranlara bolsa Halypamyz däl⁠-⁠de, men şeýle diýýärin+: eger bir doganyň iman etmeýän aýaly onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, ol aýalyny taşlamasyn. 13  Eger uýanyň iman etmeýän äri onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, uýa ärinden gitmesin. 14  Sebäbi iman etmeýän är aýaly arkaly bereket alýandyr*, iman etmeýän aýal hem äri arkaly bereket alýandyr*. Eger şeýle bolmasa çagalaryňyz päk bolmazdy we bereket almazdy*. 15  Emma iman etmeýän adam ýanýoldaşyndan aýry ýaşajak bolsa, goý, gitsin. Şeýle ýagdaýda dogan ýa⁠-⁠da uýa ýanýoldaşy bilen ýaşamaga borçly däldir. Hudaý siziň parahat ýaşamagyňyzy isleýär+. 16  Eý aýal, äriň bilen ýaşasaň, belki, ony halas edersiň+. Eý är, aýalyň bilen ýaşasaň, belki, ony halas edersiň. 17  Muňa garamazdan, Ýehowa* kime nähili paý beren bolsa, adamlary nähili ýagdaýda çagyran bolsa, goý, olar şoňa görä⁠-⁠de ýaşasynlar+. Men ähli ýygnaklara şeýle görkezme berýärin. 18  Kim Hudaýyň çagyran wagty sünnetli bolsa, şeýle⁠-⁠de galsyn+. Kim çagyrylan wagty sünnetlenmedik bolsa, ol sünnetlenmesin+. 19  Aslynda, sünnetlenmek ýa sünnetlenmezlik däl⁠-⁠de+, Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmek wajypdyr+. 20  Kim nähili ýagdaýda çagyrylan bolsa, şeýle⁠-⁠de galsyn+. 21  Sen gul wagtyň çagyryldyňmy? Onda biynjalyk bolma+. Eger azat bolup bilýän bolsaň, mümkinçilikden peýdalan. 22  Sebäbi gul wagty Halypamyzyň şägirdi bolan adam azatlyga çykyp, Halypamyza tabyn bolýandyr+. Azat adam hem çagyrylanda, Mesihiň guly bolýandyr. 23  Hudaý töleg töläp, sizi satyn aldy+, şonuň üçin adamlaryň guly bolmaň. 24  Doganlar, kim nähili ýagdaýda çagyrylan bolsa, goý, Hudaýyň öňünde şeýle⁠-⁠de galsyn. 25  Hiç haçan maşgala gurmadyklar hakda Halypamyz hiç hili görkezme bermedi. Emma maňa ynanyň, sebäbi Halypamyzyň rehimdarlygy bilen öz pikirimi aýdýaryn+. 26  Şu kyn döwürde adamyň häzirki ýagdaýda galmagy has gowudyr. 27  Sen öýlenenmi? Aýalyň bilen ýaşamajak bolup bahana gözleme+. Aýalyň ýok bolsa, onda gelinlik gözleme. 28  Eger maşgala guran bolsaň, günä eden dälsiň. Maşgala gursaň⁠-⁠da, günä edýän dälsiň. Emma maşgala gurýanlarda täze kynçylyklar dörär. Men bolsa siziň kynçylyk çekmegiňizi islemeýärin. 29  Doganlar, size az wagtyň galandygyny aýdýaryn+. Indi öýlenenler öýlenmedikler ýaly bolsun, 30  aglaýanlar aglamaýanlar ýaly, şatlanýanlar şatlanmaýanlar ýaly, satyn alýanlar satyn almaýanlar ýaly bolsun. 31  Dünýäden peýdalanýanlar ondan doly peýdalanmasyn, sebäbi dünýäniň ýagdaýy üýtgäp durýandyr. 32  Men siziň gaýgy⁠-⁠aladasyz ýaşamagyňyzy isleýärin. Öýlenmedik adam Halypamyzy razy etmek üçin jan edýändir. 33  Emma öýlenen adam aýalynyň göwnünden turjak bolup, şu dünýäniň işleri bilen başagaýdyr+. 34  Şeýlelikde, onuň ünsi bölünýändir. Ärsiz aýal ýa⁠-⁠da durmuşa çykmadyk gyz bedenini we pikirini mukaddes saklamak üçin Halypamyza hyzmat edýändir+. Emma maşgala guran aýal äriniň göwnünden turjak bolup, şu dünýäniň işleri bilen başagaýdyr. 35  Men bulary eliňizden erkiňizi almak üçin däl, siziň peýdaňyz üçin aýdýaryn. Şonda siz bütin janyňyz⁠-⁠teniňiz bilen Halypamyza gulluk edip bilersiňiz. 36  Eger kim öýlenmegi ýerlikli hasaplaýan bolsa, ýaşlyk höwesi⁠-⁠de geçen bolsa, goý, öýlensin, ol günä edýän däldir. Goý, olar maşgala gursunlar+. 37  Ýöne kim muny zerur hasaplamasa we öýlenmezligi ýüregine düwüp, gelen kararynda dursa, ol gowy edýändir+. 38  Şeýlelikde, maşgala gurýan adam hem gowy edýändir, ýöne maşgala gurmaýan has gowy edýändir+. 39  Äri dirikä, aýaly oňa baglangydyr+. Emma äri aradan çyksa, aýaly ýene⁠-⁠de durmuşa çykyp biler, ýöne ol diňe Halypamyzyň şägirdi bilen maşgala gurmaly+. 40  Meniň pikirimçe, ol maşgala gurmasa, has bagtly bolar. Hudaýyň ruhunyň maňa görkezme berýändigini bilýärin.

Çykgytlar

Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: sylagy.
Sözme⁠-⁠söz: mukaddes bolýandyr.
Sözme⁠-⁠söz: mukaddes bolýandyr.
Sözme⁠-⁠söz: mukaddes bolmazdy.