Zebur 86:1—17

  • Ýehowa taý geljek ýok

    • Ýehowa geçirimli (5)

    • Halklar Ýehowa tagzym ederler (9)

    • «Maňa ýollaryňy öwret» (11)

    • «Bütin kalbym bilen senden gorkaýyn» (11)

Dawudyň dogasy. 86  Ýehowa, aşak egil⁠-⁠de, meni diňle, dogama jogap ber.Men bir garyp biçäre+.   Meniň janymy gutar, men saňa wepalydyryn+.Guluňy halas et, saňa bil baglaýaryn, Meniň Hudaýym sensiň+.   Ýehowa, maňa rehim et+,Uzakly gün seni çagyrýaryn+.   Meniň göwnümi galkyndyr,Ýehowa, saňa janymy ynanýaryn!   Ýehowa, sen ýagşy+, geçirimli+,Özüňi çagyrýanlardan wepaly söýgiňi* gaýgyrmaýarsyň+.   Ýehowa, dogamy diňle,Kömek sorap ýalbarýaryn, dilegimi eşit+.   Agyr günümde seni çagyrýaryn+,Sen maňa jogap berýärsiň+.   Ýehowa, saňa taý geljek barmy?*+Seniň edýän işleriňi kim edip biler?+   Ýehowa, seniň ýaradan halklaryň,Huzuryňa gelip, tagzym ederler+,Adyňy arşa galdyrarlar+. 10  Sebäbi sen beýik, gudratly işleri edýärsiň+,Sen ýeke⁠-⁠täk Alla+. 11  Ýehowa, maňa ýollaryňy öwret+, Hakykat ýoluňdan ýöräýin+. Bütin kalbym bilen senden* gorkaýyn+. 12  Ýehowa Hudaýym, bütin ýüregim bilen öwgi aýdaýyn+,Adyňy ebedilik şöhratlandyraýyn. 13  Sebäbi wepaly söýgiň* çäksizdir,Meni mazaryň* düýbünden çekip çykardyň+. 14  Ýa Alla, gopbamsylar maňa garşy çykdy+,Zalym adamlar janymyň kastyna çykdy.Olar saňa asla hormat goýmaýar+. 15  Ýehowa, sen bolsa rehimdar, mähirli*,Giň göwünli*, söýgä* baý we wepadar Hudaý+. 16  Maňa nazar sal, rehim et+, Guluňa güýç⁠-⁠kuwwat ber+,Gyrnagyň ogluny halas eýle. 17  Maňa alamat ber, ýagşylyk etjegiňi bileýin,Meni ýigrenýänler muny görüp utanja galsyn. Ýehowa, sen hemaýatkärim hem dertdeşim!

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: taňrylaryň arasynda taý geljek barmy?
Sözme⁠-⁠söz: adyňdan.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: duýgudaş; dertdeş.
Ýa⁠-⁠da: Sabyr⁠-⁠takatly; çalt gaharlanmaýan.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgä.