Zebur 68:1—35

  • Hudaýyň duşmanlary dargasyn

    • «Ýetimleriň atasy» (5)

    • Hudaý mätäje ýaşara jaý berýär (6)

    • Zenanlar hoş habary ýaýradýar (11)

    • Sylag hökmünde berlen adamlar (18)

    • Ýehowa her gün ýükümizi göterýär (19)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy. 68  Goý, Hudaý aýaga galsyn, duşmanlary dargasyn.Allany ýigrenýänleriň hemmesi gaçyp gitsin+.   Erbetler bug ýaly zym⁠-⁠zyýat bolsunlar.Mumuň* otda ereýşi ýaly,Olar hem Hudaýyň huzurynda ýok bolsunlar+.   Dogruçyl adam guwansyn+,Hudaýyň öňünde şatlansyn,Begençden ýaňa başy göge ýetsin.   Hudaýa aýdym aýdyň, adyna alkyş aýdyň+, Çölleri söküp* geleni wasp ediň, Onuň ady Ýahdyr*+, elleriniň işine şatlanyň!   Mukaddes mekanynda oturan Hudaý+,Ýetimleriň atasy, dul aýallaryň hossarydyr*+.   Ol mätäçlere ýaşara jaý berýär+,Tussaglary azat edip, bolçulykda ýaşadýar+. Gopbamsylar bolsa çölde ýaşar+.   Ýa Alla, halkyňa baş bolanyňda+,Çölde ýol görkezeniňde, (Sela)   Ýer titredi+,Asmandan ýagyş guýdy.Ysraýylyň Hudaýynyň öňünde Sinaý dagy sarsdy+.   Eý Hudaý, sen ýagmyr ýagdyrdyň,Tapdan düşen halkyňa* güýç⁠-⁠kuwwat berdiň. 10  Eý Hudaý, sen olary çadyryňda ýaşatdyň+,Ýagşylyk edip, garyplara ýardam berdiň. 11  Ýehowa buýruk berýär,Hoş habary ýaýradýan zenanlar uly goşundyr+. 12  Patyşalar goşuny bilen yzyna seretmän gaçýarlar+, Öýünde oturan aýallar oljadan paý alýarlar+. 13  Oduň* başynda otursaňyz⁠-⁠da,Size ganatlary kümüşden,Ýelekleri sap altyndan kepderi berler. 14  Gudratygüýçli patyşalary derbi⁠-⁠dagyn edende+,Zalmon dagyna gar ýagdy. 15  Başan+ dagy Hudaýyň dagydyr,Başan dagy iň beýik dagdyr. 16  Eý beýik daglar,Hudaýyň saýlan dagyna+ näme üçin göriplik edýärsiňiz? Ýehowa ol ýerde ebedi ýaşar!+ 17  Hudaýyň söweş arabalary sansyz⁠-⁠sajaksyzdyr!*+ Ýehowa Sinaý dagyndan mukaddes mekanyna geldi+. 18  Sen ýokary galdyň+,Ýesirleri özüň bilen alyp gitdiň.Hudaýymyz Ýah, sen adamlary,Hatda kesir adamlary+ sylag* hökmünde kabul etdiň+.Sen olaryň arasynda ýaşadyň. 19  Halasgärimiz hak Hudaý Ýehowa alkyş bolsun!Ol her gün ýükümizi göterýär+. (Sela) 20  Hak Hudaý halas edýär+,Älemiň Hökümdary Ýehowa ölümden gutarýar+. 21  Hudaý duşmanlaryň kellesini,Günä edýäniň başyny owradar+. 22  Ýehowa diýýär: «Olary Başandan+ yzyna getirerin,Deňziň düýbünden çekip çykararyn. 23  Duşmanyň gany aýagyňyzy ýuwar+,Itler olaryň ganyny ýalar». 24  Ýa Alla, adamlar dabaraly ýörişiňi görýärler.Patyşamyň mukaddes mekanyna barşyny görýärler+. 25  Öňüňde aýdym aýdýarlar,Yzyňda kirişli saz gurallaryny çalýarlar+,Ortada gyzlar deprek kakýarlar+. 26  Ysraýylyň Atasyndan* ýaşaýyş alan adamlar+,Jemagatyň öňünde Allaňyz Ýehowany şöhratlandyryň! 27  Iň kiçisi Benýamin+,Töwerek⁠-⁠daşy märekeli Ýahuda hanlary,Zebulunyň we Naftalynyň begleri halklary tabyn edýär. 28  Hudaý güýçli millet boljagyňyzy yglan etdi. Eý arkadaýanjymyz, Allamyz, gudratyňy görkez!+ 29  Iýerusalimdäki ybadathanaňa+,Patyşalar sowgat⁠-⁠serpaý getirer+. 30  Halklar kümüş getirip*, tagzym edýänçäler,Gamyşlykda ýaşaýan wagşy haýwanlara,Süri⁠-⁠süri öküzlere+ we gölelere baş öwret*. Söweşmegi halaýanlary dumly⁠-⁠duşa dargat. 31  Müsürden bürünç sowgatlar getiriler*+,Kuş* halky Hudaýa sadaka bermäge howlugar. 32  Ýer ýüzüniň patyşalyklary, Hudaýa aýdym aýdyň!+Ýehowany wasp edip, aýdym aýdyň! (Sela) 33  Ol gadymy gökleri böwsüp gelýär+. Serediň, ol batly hem güýçli ses bilen gygyrýar. 34  Hudaýyň gudratlydygyny boýun alyň+. Ol Ysraýylyň üstünden höküm sürýär,Asman güýç⁠-⁠kuwwatyny görkezýär. 35  Mukaddes mekanda oturan Hudaý haýbatlydyr+. Ysraýylyň gudratly Hudaýy,Halkyna güýç⁠-⁠kuwwat berýändir+. Hudaýa şöhrat bolsun!

Çykgytlar

Balarylarynyň öýjük ýasamak üçin işläp çykarýan maddasy. Ol çalt ereýär.
Başga manysy: Bulutlaryň üstünde.
«Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Sözme⁠-⁠söz: kazysydyr.
Sözme⁠-⁠söz: mirasyňa.
Başga manysy: Agyllaryň.
Ýa⁠-⁠da: onlarça müňler, müňlerçe müňlerdir!
Ýa⁠-⁠da: sowgat; bereket.
Ýa⁠-⁠da: Gözbaşyndan.
Başga manysy: kümşi depeläp.
Sözme⁠-⁠söz: käýe.
Başga manysy: ilçiler geler.
Ýa⁠-⁠da: Efiopiýa.