Nakyllar 31:1—31

  • LEMUWEL PATYŞANYŇ SÖZLERI (1—31)

    • Gaýratly gelni kim tapar? (10)

    • Bilini berk guşaýar (17)

    • Dilinden ýagşylyk düşmeýär (26)

    • Ony çagalary we äri taryplaýar (28)

    • Näziklik ýalandyr, owadanlyk solýandyr (30)

31  Lemuwel patyşanyň sözleri.Ejesi öwüt⁠-⁠nesihat berip, şeýle tabşyryk berdi+:   Oglum, bagrymdan önen balam,Alla wada berip alan oglum+,Saňa näme diýeýin?   Güýç⁠-⁠kuwwatyňy aýallara berme+,Patyşalary heläkleýän ýoldan ýöreme+.   Lemuwel, patyşalara şerap ýaraşmaz,Şeraby ýatyp içmek gelişmez,«Şerap getiriň!» diýmek hökümdarlara gelişmez+.   Ýogsa serhoş bolup kanuny unudarsyň,Garyplara adalatsyzlyk edersiň.   Çakyry ölüm ýassygynda ýatanlara+,Şeraby ajy hasrat çekýänlere* ber+.   Goý, olar garyplygyny unutsyn,Derdini bütinleý ýatdan çykarsyn.   Gepläp bilmeýänleriň* arkasyny al,Ölüm penjesine düşenleriň hakyny alyp ber+.   Olaryň arkasyny al, adalatly höküm çykar,Ejizleriň, garyplaryň hakyny alyp ber+. א [Elip] 10  Gaýratly* gelni kim tapar?+ Bahasy merjenden* has gymmatdyr. ב [Bet] 11  Äri oňa ýürekden bil baglaýar,Hiç zada mätäç bolýan däldir. ג [Gimel] 12  Ol ärine ýamanlyk däl⁠-⁠de,Her gün ýagşylyk edýär. ד [Dal] 13  Ol ýüň we zygyr* mata getirýär,Her işe höwes bilen ýapyşýar+. ה [He] 14  Täjiriň gämileri deý+,Uzak ýerlerden azygyny getirýär. ו [Waw] 15  Daň atmanka turýar,Maşgalasy üçin nahar bişirýär,Gyrnaklaryna paýyny berýär+. ז [Zaýn] 16  Mellekleri synlap, satyn alýar,Öz elleri* bilen üzüm nahallaryny oturdýar. ח [Het] 17  Bilini berk guşaýar+,Iki ýeňini çermeýär. ט [Tet] 18  Söwda edip, peýdasyny görýär,Gijesine çyrasy sönmeýär. י [Ýod] 19  Elleri ýüňdedir*,Barmaklary ik egirýär+. כ [Käp] 20  Ol mätäçlere elini uzadýar,Garyplaryň dadyna ýetişýär+. ל [Lam] 21  Ol gardan gorkýan däldir,Sebäbi maşgalasynyň ýyly* geýimi bardyr. מ [Mim] 22  Özüne düşek tikýär, Zygyr matadan we badam reňkli ýüňden köýnek geýýär. נ [Nun] 23  Şäher derwezesinde äriniň abraýy uludyr+,Äri ýaşulularyň arasynda oturýar. ס [Sameh] 24  Gelni bolsa zygyrdan eşik* tikip satýar,Guşak dokap, täjirlere satýar. ע [Aýn] 25  Ol gaýratlydyr, il içinde hormaty bardyr,Ertire ynam bilen garaýar*. פ [Pe] 26  Akyldarlyk sözlerini aýdýar+,Dilinden ýagşylyk kanuny* düşmeýär. צ [Sad] 27  Öý⁠-⁠içerisine iş tabşyrýar,Ýaltalyk çöregini iýmeýär+. ק [Kap] 28  Çagalary turup, alkyş aýdýar,Äri hem taryplap şeýle diýýär: ר [Reş] 29  «Gaýratly* gelinler köpdür,Emma sen hemmesinden gaýratlysyň». ש [Şin] 30  Näziklik ýalandyr, owadanlyk solýandyr*+,Emma Ýehowadan gorkýan gelin öwgä mynasypdyr+. ת [Taw] 31  Goý, ol çeken zähmetiniň hözirini görsün+,Eden işleri şäher derwezesinde taryplansyn+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: jany ýananlara.
Ýa⁠-⁠da: Özüni gorap bilmeýänleriň.
Ýa⁠-⁠da: Gowy.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Gazanjy.
Ýa⁠-⁠da: pişgededir.
Sözme⁠-⁠söz: iki gat.
Ýa⁠-⁠da: içinden geýilýän eşikleri.
Ýa⁠-⁠da: Ertiriň üstünden gülýär.
Ýa⁠-⁠da: söýgi bilen berlen tälim. Sözme⁠-⁠söz: wepaly söýginiň kanuny.
Ýa⁠-⁠da: Gowy.
Ýa⁠-⁠da: boşdur; geçýändir.