Resullar 17:1—34

  • Pawlus bilen Silas Selanikde (1—9)

  • Pawlus bilen Silas Weriýada (10—15)

  • Pawlus Afinada (16—22a)

  • Pawlus Ares depesinde söz sözleýär (22b—34)

17  Pawlus bilen Silas Amfipolyň we Apollonyň üstünden geçip, Selanik şäherine geldiler+. Şäherde ýehudylaryň sinagogasy bardy.  Pawlus hemişekisi ýaly+ sinagoga bardy. Ol üç hepdeläp Sabat güni* mukaddes kitaplar barada söhbetdeş boldy*+.  Ol adamlara Mesihiň görgi görüp ölüp+, soňra direlmelidigini+ düşündirip, subut edýärdi. Pawlus: «Men Isa hakda wagyz edýärin. Ol Mesihdir» diýýärdi.  Şeýlelikde, käbirleri iman edip, Pawlus bilen Silasa goşuldylar+. Olara hak Hudaýa sežde edýän köp grekler we birnäçe abraýly aýallar hem goşuldy.  Ýehudylar bolsa olara göriplik edip+, bazarda işsiz oturan birgiden erbet adamlary ýygnap, bütin şäheri galagoplyga düşürdiler. Olar Pawlus bilen Silasy märekäniň öňüne çykarmak üçin, Ýasonyň öýüne kürsäp girdiler.  Olary tapmansoňlar, Ýasony we başga⁠-⁠da käbir doganlary şäher ýolbaşçylarynyň ýanyna süýräp getirip: «Hemme ýerde agzalalyk döredýän adamlar indi bärik gelipdirler+.  Ýason hem olary myhman alypdyr. Olar Sezaryň kanunlaryna garşy çykyp, Isa diýen adamy patyşa hasaplaýarlar»+ diýdiler.  Muny eşidip, şäheriň ýolbaşçylary we ilaty howsala düşdi.  Soňra Ýasondan we ýanyndaky adamlardan girew alyp, olary goýberdiler. 10  Gün ýaşan badyna, doganlar Pawlus bilen Silasy Weriýa ugratdylar. Olar şähere girip, ýehudylaryň sinagogasyna bardylar. 11  Selaniklilere garanda, Weriýada ýaşaýan adamlaryň dünýägaraýşy giňdi, sebäbi olar Hudaýyň sözüni höwes bilen kabul edip, eşiden zatlarynyň dogrudygyny anyklamak üçin, mukaddes kitaplardan her gün gözleg geçirýärdiler. 12  Şeýlelikde, olaryň köpüsi iman etdiler. Olaryň arasynda atly⁠-⁠abraýly grek aýallar bilen başga⁠-⁠da käbir adamlar bardy. 13  Ýöne Selanikdäki ýehudylar Pawlusyň Hudaýyň sözüni Weriýada hem wagyz edýändigini eşidip, olara garşy märekäni öjükdirmek üçin geldiler+. 14  Şonda doganlar Pawlusy derrew gämi duralgasyna ugratdylar+. Ýöne Silas bilen Timoteos şäherde galdy. 15  Doganlar Pawlusy Afina eltip, yzlaryna dolandylar. Pawlus olardan Silas bilen Timoteosy+ hem çaltrak ibermegi haýyş etdi. 16  Pawlus olara Afinada garaşýarka, şäheriň butlardan doludygyny görüp gahary geldi. 17  Şonuň üçin ol sinagogadaky ýehudylar we Hudaýa sežde edýän beýleki adamlar bilen söhbetdeş bolýardy*. Şeýle⁠-⁠de ol her gün bazarda duşýan adamlar bilen gürrüňdeş bolýardy. 18  Emma käbir epikurçy* we stoik* filosoflary Pawlus bilen jedelleşip başladylar. Olaryň käbiri: «Ol näme ýaňrap dur⁠-⁠aý?» diýýärdi, beýlekiler bolsa: «Başga taňrylar hakda wagyz edýän bolaýmasa» diýýärdiler, sebäbi Pawlus Isa baradaky hoş habary we direliş hakda wagyz edýärdi+. 19  Olar Pawlusy Ares depesine getirip: «Öwredýän zatlaryň hakda bize⁠-⁠de gürrüň bersene. 20  Sen geň⁠-⁠taň zatlary gürrüň berýäň, biziňem bilesimiz gelýär» diýdiler. 21  Afinalylar we başga ýerden gelen adamlar bar boş wagtlaryny şol ýerde oturyp, biri⁠-⁠birine eşiden zatlaryny gürrüň berýärdiler we biri⁠-⁠birini diňleýärdiler. 22  Pawlus Ares depesiniň+ ortarasynda durup, şeýle diýdi: «Eý afinalylar! Siz başgalara garanyňda, örän hudaýhon* adamlar ekeniňiz+. 23  Men şäherde aýlanyp ýörkäm, seždegähleriňizi gördüm. Gurbanlyk ojaklaryň birinde „Nätanyş Hudaýa“ diýen ýazgyny okadym. Men siziň şol tanamaýan Hudaýyňyz hakda wagyz edýärin. 24  Ol bütin dünýäni we ondaky zatlary ýaradan Hudaý. Ýeriň hem gögüň Eýesi+ ynsan elleri bilen ýasalan ybadathanalarda ýaşamaýar+. 25  Ol adamlaryň kömegine mätäç däl+, sebäbi adamlara ýaşaýşy, demi we ähli zady özi berýär+. 26  Ol bir adam arkaly+ ähli milletleri döredip, olary ýer ýüzünde ýaşadýar+. Ol her bir zadyň wagtyny belledi we adamlaryň ýaşajak ýerlerine çäk goýdy+. 27  Ol adamlaryň Hudaýy gözlemegini, sermeläp tapmagyny isleýär+. Aslynda, ol hiç kimden uzakda däldir. 28  Sebäbi biz ol arkaly ýaşaýarys, hereket edýäris we bardyrys. Siziň şahyrlaryňyzyň käbiri: „Biz hem onuň perzentleri“ diýýärler. 29  Biz Hudaýyň perzentleri+ bolýan bolsak, onda ussanyň altyndan, kümüşden ýa⁠-⁠da daşdan ýasan heýkellerine Hudaý diýip bilmeris+. 30  Dogrudan⁠-⁠da, Hudaý geçmişde adamlaryň düşünjesizligine* göz ýumdy+, indi ol hemmeleri toba etmäge çagyrýar. 31  Sebäbi Hudaý öz saýlan adamy arkaly ähli ynsanlary adalatly höküm etmek üçin+ bir gün belledi. Hudaý ony direldip, niýetini amala aşyrjakdygyny görkezdi»+. 32  Pawlusyň direliş hakda aýdýanlaryny eşidenlerinde, adamlaryň käbiri üstünden güldüler+, käbirleri bolsa: «Seni başga gün diňläýeris» diýdiler. 33  Şonda Pawlus olaryň ýanyndan gaýtdy. 34  Käbir adamlar bolsa iman etdiler. Olaryň arasynda Ares depesindäki kazyýetiň kazysy Diýonis, Damaris atly aýal we başga⁠-⁠da adamlar bardy.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: pikir alyşdy.
Ýa⁠-⁠da: pikir alyşýardy.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: taňrylardan gorkýan.
Ýa⁠-⁠da: nadanlygyna.