Birinji Ýahýa 1:1—10

  • Ýaşaýyş sözi (1—4)

  • Nurda geziň (5—7)

  • Günäleriňizi boýun alyň (8—10)

1  Biz owal⁠-⁠başdan bar bolan hakda ýazýarys. Onuň sesini gulagymyz bilen eşitdik, gözümiz bilen gördük, synladyk we elimiz bilen elledik. Ol ýaşaýyş berýän sözdür+.  Hawa, bize ýaşaýyş mälim boldy, ony gördük we ol hakda şaýatlyk etdik+. Biz size Atamyzyň berýän we mälim edýän ebedi ýaşaýşy+ hakda gürrüň berdik.  Biziň bilen agzybir bolmagyňyz üçin, size gören⁠-⁠eşidenimiz hakda aýdýarys+. Biz hem Atamyz we Ogly Isa Mesih bilen agzybir+.  Biz şatlygymyza şatlyk goşulsyn diýip, şeýle hat ýazýarys.  Biziň Isadan eşidip, wagyz edýän habarymyz şudur: Hudaý nurdur+, onda garaňkylyk ýokdur.  Eger biz: «Onuň bilen agzybir» diýip⁠-⁠de, garaňkylykda gezýän bolsak, onda ýalan sözleýäris we hakykata görä ýaşamaýarys+.  Emma Hudaýyň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezsek, onda ählimiz agzybir bolarys, Ogly Isanyň gany hem günälerimizi ýuwýandyr+.  Biz: «Günäli däl» diýýän bolsak, öz⁠-⁠özümizi aldap+, hakykata ynanmaýarys.  Eger günälerimizi boýun alsak, Hudaý bizi bagyşlar we haram işlerden arassalar+, sebäbi ol wepaly hem dogruçyldyr. 10  Biz: «Günä eden däldiris» diýsek, onda Hudaýy ýalançy hasaplap, sözüne ynanýan däldiris.

Çykgytlar