Ýewreýler 1:1—14

  • Hudaý Ogly arkaly gepleşýär (1—4)

  • Ogul ähli perişdelerden hem beýikdir (5—14)

1  Hudaý gadymy döwürde ata⁠-⁠babalarymyz bilen köp ýagdaýlarda we ençeme ýollar bilen pygamberleri arkaly gepleşýärdi+.  Soňky günlerde Hudaý biziň bilen Ogly arkaly gepleşýär+. Ol Ogluna ähli zady miras berdi+ we dünýäni* ol arkaly ýaratdy+.  Ol Hudaýyň keşbindedir+, onuň şöhratyny kämil derejede görkezýändir+. Ol ähli zady Hudaýyň güýçli sözi arkaly saklaýar we bizi günäden arassalap+, gökdäki Beýik Hudaýyň sag tarapynda oturdy+.  Şeýdip, ol perişdelerden hem juda beýgeldi+ we olaryňkydan hem beýik ada eýe boldy+.  Meselem, Hudaý: «Sen meniň oglum, şu gün seniň ataň boldum»+ ýa⁠-⁠da «Men onuň atasy, ol hem meniň oglum bolar»+ diýen sözleri hiç bir perişdä aýdan däldir.  Emma ol Nowbaharyny*+ ýer ýüzüne ýene⁠-⁠de iberende: «Goý, Hudaýyň ähli perişdeleri oňa tagzym etsin!» diýdi.  Hudaý perişdeleri hakda: «Perişdelerini ýel ýaly güýçli, hyzmatkärlerini+ oduň ýalny ýaly edýär»+ diýýär.  Emma Hudaý Ogly hakda şeýle diýýär: «Hudaý saňa baky hem ebedilik patyşalyk berdi*. Patyşalygyň hasasy+ adalat hasasydyr.  Sen adalaty söýdüň, kanunsyzlygy ýigrendiň. Şonuň üçin seniň Hudaýyň başyňa ýag guýup belledi+. Seni ýoldaşlaryňdan has köp begendirdi»+. 10  Şeýle⁠-⁠de: «Eý Hudaýym*, sen ýeriň düýbüni tutduň, gök asmany eliň bilen ýazdyň. 11  Olar ýok bolup giderler, emma sen hemişelik bolarsyň; olar don ýaly könelip ýyrtylar. 12  Sen olary don kimin düýrläp, egin⁠-⁠eşik ýaly çalşyrarsyň. Emma sen hiç haçan üýtgemersiň, ýyllaryň asla tükenmez»+ diýilýär. 13  Emma Hudaý: «Duşmanlaryňy aýagyňa basgançak edýänçäm, sagymda otur»+ diýen sözleri hiç bir perişdä aýdan däldir. 14  Perişdeleriň ählisi ruhdur we gullukçydyr+. Hudaý olary halas etjek adamlaryna hyzmat etmek üçin iberýändir.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: döwürleri. Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Ilkinji ogluny.
Sözme⁠-⁠söz: Hudaý seniň baky hem ebedilik tagtyňdyr.
Grekçe «Kirios». Şu titul Isa⁠-⁠da degişli.