Esasy materiala geçiň

Hudaý Holokostyň bolmagyna näme üçin ýol berdi?

Hudaý Holokostyň bolmagyna näme üçin ýol berdi?

 Şeýle soragy berýän adamlaryň köpüsi ençeme dogan-garyndaşlaryny ýitirdiler. Olar diňe bir soragyna jogap alman, eýsem, teselli tapmak hem isleýärler. Köpler Holokosty (ýewreý milletiniň gyrylmagy) zalymlygyň iň uly derejesi hasaplaýarlar, şonuň üçin olara Hudaýa iman etmek kyn bolýar.

Hudaý we Holokost baradaky ýalan düşünjeler

  Ýalan düşünje: «Hudaý näme üçin Holokostyň bolmagyna ýol berdi?» diýen soragy bermek ýerliksiz.

 Delil: Hatda Hudaýa güýçli iman edýän adamlar hem Ondan zalymlyga näme üçin ýol berýändigi barada soramaga çekinmändirler. Meselem, Habakuk pygamber Hudaýdan: «Näme üçin pisligi maňa gördürýäň? Ýamanlyga neneň çydaýaň? Zorluk we zulum gözümiň alnynda, uruş-galmagalyň, jenjeliň soňy gelenok» diýip sorady (Habakuk 1:3). Hudaý Habakuk pygamberi beren soragy üçin ýazgarmady. Gaýtam, ony hemmeler biler ýaly, Mukaddes Kitaba ýazdyrdy.

  Ýalan düşünje: Hudaý adamlaryň çekýän horlugyna biperwaý garaýar.

 Delil: Hudaý zalymlygy ýigrenýär we adamlaryň horluk çekmegini islemeýär (Nakyllar 6:16—19). Nuh pygamberiň döwründe Hudaý ýer ýüzüniň zalymlykdan dolandygyny görende, «ýürekden gynandy» (1 Musa 6:5, 6). Ýewreýleri gyrýandyklaryny görende-de, Hudaýyň ýürekden gynanandygy şübhesiz (Melek 3:6).

  Ýalan düşünje: Holokost — Hudaýyň ýewreýlere beren jezasy.

 Delil: I asyrda Hudaý rimlilere Iýerusalimi derbi-dagyn etmäge ýol beripdi (Matta 23:37—24:2). Emma şondan bäri ol haýsy-da bolsa bir milleti saýlap, başgalardan tapawutlandyrmaýar ýa-da oňa temmi bermeýär. Hudaý üçin «ýehudy bilen gregiň arasynda tapawut ýokdur» (Rimliler 10:12).

  Ýalan düşünje: Hudaý adamlary söýýän we gudratygüýçli bolsady, onda Holokostyň bolmagyna ýol bermezdi.

 Delil: Hudaý hiç haçan zalymlyk etmeýär, ol diňe ýol berýär (Ýakup 1:13; 5:11).

Hudaý näme üçin Holokostyň bolmagyna ýol berdi?

 Hudaý horluklara näme sebäpden ýol beren bolsa, hut şol sebäp bilen hem Holokostyň bolmagyna ýol berdi: Ol ençeme ýyl mundan ozal ýüze çykan jedelli meseläni çözmek isleýär. Mukaddes Kitapdan dünýäniň üstünden Hudaýyň däl-de, Iblisiň höküm sürýändigini aýdyň görse bolýar (Luka 4:1, 2, 6; Ýahýa 12:31). Şu makalada biz Hudaýyň näme üçin Holokostyň bolmagyna ýol berendiginiň iki sebäbini Mukaddes Kitapdan bileris.

  1.   Holokostyň bolmagyna kim günäkär? Hudaý ilkinji ynsan maşgalasy bolan Adam ata bilen How eneden näme talap edýändigini aýtsa-da, olary tabyn bolmaga mejbur etmedi. Emma olar nämäniň ýagşy we nämäniň ýamandygyny özleri saýlamak isledi. Adam ata bilen How enäniň gelen karary bütin adamzady ençeme betbagtçylyga we horluklara sezewar etdi. Muny taryhyň dowamynda adamlaryň gelen kararyndan hem görse bolýar (1 Musa 2:17; 3:6; Rimliler 5:12). Bu babatda bir kitapda şeýle diýilýär: «Horluklaryň köpüsi adamlaryň özüne berlen erkinligi nädogry ulanýandygy sebäpli bolýar» («Statement of Principles of Conservative Judaism»). Hudaý bizi erkinlikden mahrum etmän, gaýtam, belli bir wagtyň dowamynda Özünden garaşsyz ýaşamaga ýol berdi.

  2.   Hudaý Holokostyň ýetiren ähli zyýanyny düzedip bilýär we ol muny hökman eder. Hudaý aradan çykan millionlarça adamlary, şol sanda Holokostda ölenleri hem direltjekdigini wada berýär. Şeýle-de ol Holokosty başdan geçiren adamlaryň çeken horluklary baradaky aýylganç ýatlatmalary unutmaga kömek eder (Işaýa 65:17; Resullar 24:15). Hudaýyň adamlara bolan söýgüsi wadasyny ýerine ýetirjekdigine kepil geçýär (Ýahýa 3:16).

 Holokosty başdan geçiren adamlaryň köpüsi durmuşyň manysyny tapyp, Hudaýa bolan imanyny gorap bildiler. Sebäbi olar Hudaýyň näme üçin horluklara ýol berýändigine we onuň ýetiren zyýanyny ýok etjekdigine düşündiler.