Birinji Musa 6:1—22

  • Hudaýyň ogullary ynsan gyzlaryna öýlenýär (1—3)

  • Pilmahmytlar dogulýar (4)

  • Ýehowa adamlaryň erbetligine gynanýar (5—8)

  • Nuha gämi gurmak tabşyrylýar (9—16)

  • Hudaý tupan turjakdygyny aýdýar (17—22)

6  Ýer ýüzünde adamlar barha köpelýärdi. Olaryň gyzlary hem boldy.  Hak Hudaýyň ogullary*+ ynsan gyzlarynyň owadandygyna üns berip başladylar. Olar göwünlerine ýaran gyzlary aýal edip aldylar.  Şonda Ýehowa: «Men* günäli* ynsana çydap ýörmerin+. Goý, ol 120 ýyl ýaşasyn*»+ diýdi.  Şol wagtlar hak Hudaýyň ogullary ynsan gyzlary bilen ýaşaşýardy; olaryň ogullary boldy. Şeýdip, ýer ýüzünde pilmahmytlar* döredi. Olar şol döwürde güýçli we meşhur adamlardy.  Ýehowa ýer ýüzündäki adamlaryň köp erbetlik edýändigini, ýüregindäki oý⁠-⁠pikirleriniň diňe ýamanlykdygyny+ gördi.  Şonda Ýehowa ýer ýüzünde adamlary ýaradanyna gynandy*, ýüregi para⁠-⁠para boldy+.  Ýehowa: «Men ýaradan adamlarymy ýer ýüzünden ýok edeýin. Adamlary, öý haýwanlary, süýrenijileri, asmanda uçýan jandarlary⁠-⁠da ýok edeýin, olary ýaradanyma gynanýaryn*» diýdi.  Nuh bolsa Ýehowany razy edip ýaşaýardy.  Nuhuň ömri şeýledir. Nuh hudaýhon* adamdy+. Ol döwürdeşlerinden tapawutlylykda, halal ýaşaýardy*. Hak Hudaýyň ýolundan ýöreýärdi*+. 10  Wagtyň geçmegi bilen, Nuhuň Sam, Ham we Ýafet+ atly üç ogly boldy. 11  Ýer ýüzi bolsa hak Hudaýyň öňünde aýylganç ýagdaýdady, zorluk⁠-⁠sütemden dolupdy. 12  Hudaý ýer ýüzüne syn etdi, dünýä elhenç ýagdaýdady+, ynsanlaryň bary ýoldan çykypdy+. 13  Soňra Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin adamzady ýok etmegi ýüregime düwdüm, olardan ýaňa ýer ýüzi zalymlykdan doldy. Şonuň üçin dünýäni ýer bilen ýegsan edip, adamlaryň baryny heläk etjek+. 14  Özüňe serwi agajyndan gämi* ýasa+, içinde otaglar hem bolsun. Gäminiň içine⁠-⁠daşyna gara şepbik*+ çal. 15  Uzynlygy 300 tirsek*, ini 50 tirsek, beýikligi 30 tirsek bolsun. 16  Içine ýagty düşer ýaly, ýokarsynda bir tirsek edip penjire* ýasa. Gämi üç gat bolsun, gapysyny gapdalyndan+ goý. 17  Men bütin dünýäni suw+ aldyryp, ähli janly⁠-⁠jandary* gök astyndan ýok ederin. Ýer ýüzündäki janly⁠-⁠jandarlaryň bary heläk bolar+. 18  Men seniň bilen äht baglaşýaryn. Aýalyňy, ogullaryňy, gelinleriňi al⁠-⁠da, gämä gir+. 19  Janly⁠-⁠jandarlar hem aman galar ýaly, her görnüşinden+ erkek⁠-⁠urkaçy+ edip bir jübütini gämä sal. 20  Asmanda uçýan jandarlaryň, öý haýwanlaryň, süýrenijileriň her görnüşinden bir jübüti ýanyňa gelip, gämä girer. Şeýdip, olar hem halas bolar+. 21  Özüňe⁠-⁠de, haýwanlara⁠-⁠da iýmit bolar ýaly, dürli⁠-⁠dümen zatlary+ ýygnap, gämä sal». 22  Nuh Hudaýyň tabşyran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi. Ähli zady aýdylyşy ýaly etdi+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Perişdeler.
Sözme⁠-⁠söz: Meniň ruhum.
Başga manysy: tene görä ýaşaýan.
Ýa⁠-⁠da: Men oňa ýene 120 ýyl möhlet berýärin.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ökündi.
Ýa⁠-⁠da: ökünýärin.
Ýa⁠-⁠da: halal; dogruçyl.
Ýa⁠-⁠da: aýypsyz gezýärdi.
Sözme⁠-⁠söz: Hak Hudaý bilen ýöreýärdi.
Sözme⁠-⁠söz: sandyk; ullakan guty.
Mazut ýaly ýagjymak suwuklyk.
Ýewreýçe «sohar». Penjire, ýagty düşer ýaly deşik ýa⁠-⁠da üçek göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme⁠-⁠söz: içinde ýaşaýyş demi bolan jandarlary.