Ýakubyň haty 1:1—27

  • Doganlyk salamy (1)

  • Çydaýan adam bagtlydyr (2—15)

    • Imanyň synalýar (3)

    • Iman bilen diläň (5—8)

    • Höwes, günä we ölüm (14, 15)

  • Her bir gowy sowgat ýokardandyr (16—18)

  • Sözi eşitmek we ýerine ýetirmek (19—25)

    • Aýna seredýän adam (23, 24)

  • Arassa we päk sežde (26, 27)

1  Hudaýyň we Halypamyz Isa Mesihiň guly Ýakupdan+ ýer ýüzüne ýaýran 12 taýpa salam bolsun!  Doganlarym, dürli kynçylyklara uçranyňyzda, ählisini şatlyk bilen kabul ediň+.  Sebäbi imanyňyz synalanda çydamly bolmagy öwrenýärsiňiz+.  Siz çydamly bolup, özüňizi gowy terbiýelärsiňiz. Şonda ähli zatda kämil, ýazyksyz bolarsyňyz we hiç zatda ýetmeziňiz bolmaz+.  Kime akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, Hudaýdan dilesin+, oňa berler, sebäbi Hudaý igenmän*+, hemmelere jomartlyk bilen berýär+.  Emma ol iman bilen dilesin+, asla şübhelenmesin+, sebäbi şübhelenýän adam ýel bilen eýläk⁠-⁠beýläk çaýkanýan deňiz tolkuny kimindir.  Şeýle adam Ýehowadan* bir zat alaryn öýtmesin.  Ol durnuksyz+, ähli zatda ikirjiňlenýän adamdyr.  Goý, garyp* dogan beýgelendigine buýsansyn+. 10  Baý adam hem peselendigine begensin+, ýogsam ol sähradaky gül kimin solar. 11  Gün çykyp, ýakyp⁠-⁠ýandyrýan şöhlesi bilen oty guradýar, onuň güli dökülip, gözelligi ýitýär. Şonuň ýaly hars urýan baý adamyň hem ömri ötüp gidýär+. 12  Synaga çydaýan adam bagtlydyr+, sebäbi ol Ýehowany* razy edip, Hudaýy söýýänlere+ wada berlen ýaşaýyş täjini alar+. 13  Synaga düşende hiç kim: «Hudaý meni synaýar» diýmesin, sebäbi Hudaýy erbetlik bilen synap bolmaýar, Hudaý hem hiç kimi synamaýar. 14  Emma her kim öz höwesine gyzygyp, aldanan mahaly synalýar+. 15  Soňra höwes güýjäp*, günä etdirýär, günä bolsa ölüme eltýär+. 16  Eziz doganlarym, aldanmaň! 17  Her bir gowy we kämil sowgat ýokardan+, asmandaky nurlar Atasyndan inýändir+. Hudaý kölege ýaly üýtgäp durýan däldir+. 18  Ol ýaradan zatlarynyň ilkinji miwesi bolmagymyzy isleýär+. Şonuň üçin hem bize hakykat sözi arkaly ýaşaýyş berýär+. 19  Eziz doganlarym, şuny bilip goýuň: her bir adam diňlemäge taýyn bolmaly, geplemäge howlukmaly däl+ we çalt gaharlanmaly däl+. 20  Sebäbi gahar Hudaýyň dogruçyllygyna garşydyr+. 21  Şonuň üçin haram işlerden, erbet ýoldan* uzakda duruň+ we ýüregiňize guýlan sözi pesgöwünli kabul ediň, sebäbi ol sizi halas eder. 22  Hudaýyň sözüni diňe bir diňlemän, eýsem ýerine ýetiriň+, nädogry pikirlere aldanmaň. 23  Kim Hudaýyň sözüni diňläp⁠-⁠de, ýerine ýetirmese+, ol aýnada öz ýüzüne seredýän adam ýalydyr. 24  Ol ýüzüne seredip, soňra çykyp gidýär⁠-⁠de, şol bada nähili adamdygyny unudýar. 25  Emma azatlygyň kämil kanunyna+ içgin seredip, kanuna görä ýaşaýan adam sözi unutman, gaýtam ýerine ýetirýär. Ol edýän işlerine begenýändir+. 26  Kim Hudaýa sežde edip⁠-⁠de, dilini saklamasa*+, ol öz⁠-⁠özüni aldaýandyr, seždesi⁠-⁠de biderekdir. 27  Atamyzyň we Hudaýymyzyň öňünde arassa, päk sežde etmek üçin, ýetimleri+ we dul aýallary+ kyn gününde goldamaly+ hem⁠-⁠de dünýäniň haram ýollaryndan uzakda durmaly+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: kemçilik gözlemän; minnet etmän.
Ýa⁠-⁠da: pes derejeli.
Sözme⁠-⁠söz: göwreli bolup.
Başga manysy: juda köp erbetlikden.
Ýa⁠-⁠da: jylawlamasa.