Melek 3:1—18

  • Hakyky Hojaýyn arassalamaga gelýär (1—5)

    • Äht habarçysy (1)

  • Ýehowa dolanyň! (6—12)

    • Ýehowa üýtgeýän däldir (6)

    • «Maňa dolanyň, menem sizi kabul ederin» (7)

    • Hasylyň ondan birini getiriň, Ýehowa⁠-⁠da bereket berer (10)

  • Dogruçyl we erbet adamlar (13—18)

    • Hudaýyň ýatlama kitaby (16)

    • Dogruçyl bilen erbediň arasyndaky tapawut (18)

3  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Men habarçymy ýollaýaryn, ol maňa ýol taýýarlar+. Siz hakyky Hojaýyny agtarýarsyňyz. Ine, ol ybadathanasyna+ duýdansyz geler. Sabyrsyzlyk bilen garaşýan äht habarçyňyz hem geler. Ol hökman geler!»  «Onuň geljek güni kim çydap biler? Kim öňünde durup biler? Sebäbi ol demri arassalaýan ot kimin, kir ýuwujynyň sabyny+ kimin bolar.  Ol kümşi eredip arassalaýan adam+ kimin Lewi ogullaryny arassalar. Olary altyn we kümüş kimin arassalar. Şonda olar Ýehowa päk ýürekden sadaka bererler.  Gadymy döwürde bolşy ýaly, Ýehowa Ýahudanyň we Iýerusalimiň berýän sadakalaryny kabul eder+.  Sizi tizden höküm etmäge gelenimde, jadygöýlere+, ahlaksyzlara, ýalandan ant içýänlere+, işçiniň+, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere+, gelmişeklere kömek etmeýänlere*+ jeza bererin. Olar menden gorkmadylar». Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.  «Men — Ýehowa. Men üýtgeýän däldirin+. Ýakubyň ogullary, şonuň üçin sizi ýok etmedim!  Ata⁠-⁠babalaryňyzyň döwründen bäri kanunlarymy bozýarsyňyz, olary berjaý etmeýärsiňiz+. Maňa dolanyň, menem sizi kabul ederin»+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. Emma siz: «Biz senden ýüz öwürdikmi näme?» diýýärsiňiz.  «Ynsan Allany talap bilermi? Emma siz meni talaýarsyňyz». Siz: «Biz näme etdik?» diýýärsiňiz. «Siz ne sadaka, ne⁠-⁠de hasylyň ondan birini berýärsiňiz.  Size nälet bolsun!* Siziň ähliňiz, hatda tutuş halk meni talaýar. 10  Hasylyň ondan birini ybadathana getiriň+. Meniň öýüm näz⁠-⁠nygmatdan dolsun+. Meni şeýdip synap görüň — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. — Siziň üçin gögüň derwezelerini açmarynmy?+ Size bereket ýagdyraryn, zada zar bolmarsyňyz»+. 11  «Men mör⁠-⁠möjeklere käýärin. Olar topragyň hasylyna zyýan ýetirip bilmezler. Üzüm baglaryňyz bol hasyl berer»+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. 12  «Ähli halklar size bagtly diýerler+, sebäbi ýurduňyz eşretli mekana öwrüler». Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. 13  Ýehowa: «Siz men barada erbet zatlary aýdýarsyňyz» diýýär. Siz bolsa: «Sen barada näme aýdypdyrys?» diýýärsiňiz+. 14  «Siz şeýle diýýärsiňiz: „Hudaýa gulluk etmekden ne peýda?+ Serkerdebaşy Ýehowanyň öňünde borjumyzy ýerine ýetirdik, eden günälerimiz üçin gam⁠-⁠gussa batdyk, ýöne mundan ne peýda? 15  Ulumsy adamlaryň bagtly ýaşaýandygyny, zalymlyk edýänleriň döwran sürýändigini görýäris+. Olar Hudaýy synaýarlar, ýöne jezasyz galýarlar“». 16  Şol wagt Ýehowadan gorkýanlar öz aralarynda gürrüň edýärdiler. Ýehowa olary ünsli diňleýärdi. Ýehowadan gorkýanlar we ady hakda oýlanýanlar*+ üçin Hudaýyň öňünde ýatlama kitaby ýazyldy+. 17  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Olary eziz halkym* edip saýlan günüm+ meniňki bolarlar+. Gulak asýan ogluna atasynyň rehimi inişi ýaly, men hem olara rehim ederin+. 18  Şonda siz dogruçyl adam bilen erbediň+, Hudaýa gulluk edýän bilen gulluk etmeýäniň arasyndaky tapawudy ýene⁠-⁠de görersiňiz».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: gelmişekleri hakyndan mahrum edýänlere.
Başga manysy: Siz meni näletleýärsiňiz!
Başga manysy: adyna çuňňur hormat goýýanlar.
Ýa⁠-⁠da: genji⁠-⁠hazynam; hususy emlägim.