Işaýa 65:1—25

  • Ýehowa butparazlary höküm edýär (1—16)

    • Şowlulyk we Ykbal taňrysy (11)

    • «Gullarym iýip doýarlar» (13)

  • Täze gökler we täze ýer (17—25)

    • Jaý gurup, üzüm baglaryny ekýärler (21)

    • Biderek ýere zähmet çekmeýärler (23)

65  «Meni tanamaýanlara özümi tanatdym,Meni agtarmaýanlara özümi äşgär etdim+. Adymy tutup çagyrmaýan halka: „Ine men, bärde!“ diýdim+.   Erbet ýollardan ýöreýänlere+,Öz pikirine daýanýanlara+,Kesir halka uzakly gün elimi uzatdym+.   Olar bag⁠-⁠bakjalarda gurbanlyk berip,Kerpiçleriň üstünde gurbanlyk ýakyp+,Utanman* meni kemsitdiler+.   Olar mazarlaryň arasynda oturýarlar+,Gijesini gizlin ýerlerde* geçirýärler,Doňzuň etini iýýärler+,Gazanda haram zatlary gaýnadýarlar+.   Olar: „Daşda duruň, golaýyma gelmäň!Men sizden päkdirin*“ diýýärler. Olar uzakly gün ýanýan ot kimin,Meniň gaharymy tutaşdyrýar*.   Ählisi öňümde ýazylgy dur.Men dymyp oturmaryn,Edenlerine görä almytyny bererin+,Doly jezasyny bererin».   Ýehowa şeýle diýýär: «Olaryň günäleri, ata⁠-⁠babalarynyň günäleri üçin şeýle ederin+. Daglarda gurbanlyk ýakandygy üçin,Depelerde meni masgara edendigi üçin+,Ähli zatdan öňürti olaryň almytyny bererin».   Ýehowa şeýle diýýär: «Bir salkym üzümden täze şerap ýasajak bolsalar,Kimdir biri: „Üzümi mynjyratma,Arasynda gowusy* bar“ diýýär. Edil şonuň ýaly, men hem gullarymyň hatyrasyna,Olaryň ählisini ýok etmerin+.   Men Ýakubyň nesline,Ýahudanyň ogullaryna daglarymy miras bererin+.Meniň saýlanlarym oňa eýe çykar,Gullarym ol ýerde ýaşar+. 10  Meni agtarýan halkym üçin,Şarony+ goýunlaryň öri meýdanyna,Akor+ düzlügini sygyrlaryň ýatagyna öwrerin. 11  Eý Ýehowany taşlap gidenler!+Siz mukaddes dagymy unutdyňyz+,Şowlulyk taňrysy üçin saçak ýazdyňyz,Ykbal taňrysy üçin bulguryňyzy şerapdan doldurdyňyz. 12  Indi men sizi gylyja tabşyraryn+,Ähliňiz jelladyň öňünde başyňyzy goýarsyňyz+.Sebäbi çagyranymda jogap bermediňiz,Sözümi diňlemediňiz+.Meniň ýigrenýän işlerimi etdiňiz+,Halamaýan zatlaryma göwün berdiňiz». 13  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: «Gullarym iýip doýarlar, siz bolsa aç galarsyňyz+. Gullarym içerler+, siz bolsa suwsarsyňyz. Gullarym şatlanarlar+,Siz bolsa masgara bolup, ejir çekersiňiz+. 14  Gullarym ýürekden şatlanarlar, joşup aýdym aýdarlar,Ruhdan düşüp perýat edersiňiz. 15  Saýlanlarym siziň adyňyzy gargyş edip aýdarlar,Älemiň Hökümdary Ýehowa ähliňizi ölüme höküm eder,Gullaryna bolsa başga at berer+. 16  Ýer ýüzünde özüne bereket dilän her kes,Hakykatyň* Hudaýyndan bereket alar.Ýer ýüzünde ant içen her kes,Hakykatyň* Hudaýyndan ant içer+. Öňki gaýgy⁠-⁠aladalar unudylar,Gözümiň öňünden ýok bolar+. 17  Ine, men täze gökleri, täze ýeri ýaradýaryn+,Öňki zatlar ýada düşmez,Sizi gama batyrmaz+. 18  Ýaratjak zatlarymy görüp, ebedilik şatlanyň. Men Iýerusalimi begenmekleri üçin,Halkyny guwanmaklary üçin ýaradýaryn+. 19  Iýerusalimi we halkymy görüp şatlanaryn+,Indi agy we hasrat sesi eşidilmez»+. 20  «Doglanyna birki gün bolan bäbekler ölmez,Garrylar hem biwagt aradan çykmaz. Ýüz ýaşap ölene ýaş diýerler.Günäkär ýüz ýaşasa⁠-⁠da näletlener*. 21  Adamlar jaý gurup, onda ýaşarlar+,Üzüm baglaryny ekip, miwesini iýerler+. 22  Olaryň guran jaýlarynda başgalar ýaşamaz,Olaryň ýetişdiren hasylyny başgalar iýmez. Halkymyň ömri daragtyňky deý uzak bolar+,Saýlanlarym çeken zähmetiniň hözirini görer. 23  Olar biderek ýere zähmet çekmezler+,Çagalaryny görgi görmek üçin dünýä indermezler.Sebäbi olaryň özleri⁠-⁠de, çagalary⁠-⁠da,Ýehowanyň ýalkan nesli bolar+. 24  Heniz çagyrmankalar jogap bererin,Sözüni soňlamanka eşiderin. 25  Möjek guzy bilen otlar,Ýolbars öküz deý saman iýer+,Ýylan gum iýer. Olar mukaddes dagymda hiç kime zyýan ýetirmez,Hiç zady weýran etmez»+. Muny Ýehowa aýdýar.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Ýüzüme seredip.
Başga manysy: garawul kepbelerinde.
Başga manysy: Meniň mukaddesligim size geçäýmesin.
Ýa⁠-⁠da: Burnumdan tüsse çykar ýaly edýärler.
Sözme⁠-⁠söz: bereket.
Ýa⁠-⁠da: Wepadarlygyň. Sözme⁠-⁠söz: Omyn.
Ýa⁠-⁠da: Wepadarlygyň. Sözme⁠-⁠söz: Omyn.
Başga manysy: Ýüz ýaşyna ýetmän ölen adama näletli diýerler.