Rimliler 10:1—21

  • Hudaýyň öňünde dogruçyl bolmak (1—15)

    • Adamlara wagyz etmek (10)

    • Ýehowanyň adyny çagyran halas bolar (13)

    • Wagyzçylaryň aýaklary nähili owadan! (15)

  • Hoş habar kabul edilmeýär (16—21)

10  Doganlar, men ysraýyllaryň halas bolmagyny ýürekden isleýärin, munuň üçin Hudaýa dileg edýärin+.  Men olaryň Hudaýy razy etmek isleýändigini bilýärin+, ýöne olar muny Hudaý hakdaky dogry bilime laýyklykda etmeýärler.  Olar Hudaýyň isleýşi ýaly dogruçyl bolmadylar+, gaýtam özüçe dogruçyl bolup+, Hudaýyň adalatly kada⁠-⁠kanunlaryna tabyn bolmadylar+.  Mesihden soň Musanyň kanuny ýatyryldy+, şonuň üçin iman eden her kes dogruçyl hasaplanýar+.  Musa pygamber dogruçyllyk hakda şeýle diýdi: «Kanuny berjaý edýän adam ýaşar»+.  Ýöne dogruçyl bolmak üçin iman etmegiň wajypdygy hakda şeýle diýilýär: «Mesihi getirmek üçin „kim göge çykar“?+  Ýa⁠-⁠da Mesihi direltmek üçin „kim düýpsüz çuňluga iner“?+ diýip pikir etme»+.  Mukaddes kitaplarda näme diýilýär? Onda: «Söz siziň ýanyňyzda, diliňizde we ýüregiňizde» diýilýär+. «Söz» biziň wagyz edýän habarymyzdyr, ol adamlaryň iman etmegini talap edýändir.  Eger siz Isanyň Halypamyzdygy hakda diliňiz bilen wagyz edip+, Hudaýyň ony direldendigine ýürekden iman etseňiz, halas bolarsyňyz. 10  Sebäbi dogruçyl bolmak üçin ýürekden iman edilýär, halas bolmak üçin dil bilen wagyz edilýär+. 11  Şeýlelikde, «Oňa iman eden adamyň tamasy puç bolmaz» diýip ýazylypdy+. 12  Ýehudy bilen gregiň arasynda tapawut ýok+, sebäbi hemmeleriň bir Halypasy* bardyr. Ol özüni çagyrýanlara köp bereket berýändir. 13  Hawa, «Ýehowanyň* adyny çagyran her bir adam halas bolar»+. 14  Emma iman etmeseler, ony nädip çagyrsynlar? Ol hakda eşitmeseler, oňa nädip iman etsinler? Olara wagyz edilmese, nädip eşitsinler? 15  Hiç kim iberilmese, kim wagyz etsin?+ «Gowy zatlary, hoş habary aýdýanlaryň aýaklary nähili owadan!» diýip, ýazylgy+ ahyryn. 16  Olar bolsa hoş habara gulak asmadylar. Işaýa pygamber hem: «Ýehowa*, biziň aýdan habarymyza kim iman etdi?» diýipdi+. 17  Diýmek, adam sözi eşidip iman edýär+. Mesih barada wagyz edilse, şonda sözi eşidýär. 18  Emma ysraýyllar hoş habary eşitmedilermi? Elbetde, eşitdiler. Sebäbi «onuň owazy dünýä ýaýraýar, älem⁠-⁠jahana wagyz edilýär»+. 19  Ysraýyllar muňa düşünmedimi? Elbetde, düşündi+. Musa pygamber: «Adam hasabynda görülmeýänler bilen seni gabandyraryn. Akmak halkyň üsti bilen gaharyňy getirerin» diýipdi+. 20  Işaýa pygamber hem Hudaýyň sözüni batyrgaý wagyz edip: «Meni agtarmaýan adamlar tapdylar+, meni tanamaýanlara özümi tanatdym» diýdi+. 21  Ol ysraýyllar hakda: «Maňa gulak asmaýan we kesir halka uzakly gün elimi uzatdym» diýýär+.

Çykgytlar

Grekçe «Kirios». Şu titul Hudaýa⁠-⁠da, Isa⁠-⁠da degişli bolup biler.