Ýakubyň haty 5:1—20

  • Baýlara berlen duýduryş (1—6)

  • Çydamly adam Hudaýdan bereket alýar (7—11)

  • «Hawa» diýeniňiz «hawa», «ýok» diýeniňiz «ýok» bolsun (12)

  • Iman bilen edilen doga güýçlüdir (13—18)

  • Günäkäre dolanmaga kömek ediň (19, 20)

5  Eý baýlar, diňläň! Başyňyza injek hasrat sebäpli aglaň, dady⁠-⁠perýat ediň+.  Siziň baýlygyňyz çüýredi, eşigiňizi güýe iýdi+.  Siziň altyn⁠-⁠kümşüňiz poslady. Olaryň posy size garşy şaýatlyk edip, bedeniňizi iýer. Siziň ýygnan baýlygyňyz soňky günlerde lowlaýan ot ýaly bolar+.  Ine, mellegiňizde zähmet çekenler hakyny tölemändigiňiz üçin aglaşýar. Orakçylaryň agy sesi Serkerdebaşy Ýehowanyň* gulagyna baryp ýetdi+.  Siz ýer ýüzünde bolçulykda ýaşap, döwran sürdüňiz. Siz semräpsiňiz*, soýuljak günüňize taýýarlandyňyz+.  Siz dogruçyl adama höküm çykaryp öldürdiňiz. Şonuň üçin hem ol size garşy çykýar.  Doganlar, Halypamyzyň geljek* wagtyna sabyrly garaşyň+. Daýhan hem bol hasyl almak üçin güýz we ýaz ýagşyna sabyrly garaşýar+.  Sizem sabyrly+ we dogumly boluň*, sebäbi Halypamyzyň geljek* wagty golaýdyr+.  Doganlarym, size höküm çykarylmaz ýaly, bir⁠-⁠biriňizden nägile bolmaň*+. Ine, Kazy gapynyň agzynda durandyr. 10  Doganlarym, kynçylyklara döz gelip+, sabyrly bolmakda+ Ýehowanyň* adyndan geplän pygamberlerden görelde alyň+. 11  Biz kynçylyklara çydaýan adamlary bagtly hasaplaýarys+. Siz Eýýup pygamberiň çydamlylygy+ we Ýehowanyň* beren berekedi+ hakda eşidensiňiz. Hawa, Ýehowa* örän mähirli we rehimdar Hudaý ekeni+. 12  Doganlarym, ilki bilen, şuny unutmaň. Indi gökden⁠-⁠de, ýerden⁠-⁠de, başga hiç zatdan⁠-⁠da ant içmäň. «Hawa» diýeniňiz «hawa», «ýok» diýeniňiz «ýok» bolsun+. Şonda size höküm çykarylmaz. 13  Araňyzda biri kynçylyk çekýärmi? Goý, doga etsin+. Keýpi kökmi? Goý, Hudaýa öwgüli aýdym aýtsyn+. 14  Araňyzda biri syrkawmy? Goý, ol ýygnak ýaşulularyny çagyrsyn+. Olar doga edip, Ýehowanyň* adyndan syrkawyň başyna ýag çalsynlar+. 15  Iman bilen doga edilse, syrkawy* sagaldyp bolar, Ýehowa* hem syrkawy aýak üstüne galdyrar. Eger günä eden bolsa, günäsi geçiler. 16  Şeýlelikde, sagalmak üçin bir⁠-⁠biriňiziň öňüňizde günäňizi boýun alyň+ we bir⁠-⁠biriňiz üçin doga⁠-⁠dileg ediň. Dogruçyl adamyň dilegi güýçli täsir edýär+. 17  Ylýas pygamber hem biziň ýaly adamdy*. Ol ýagyş ýagmasyn diýip ýürekden doga edende, üç ýarym ýyllap ýagyş ýagmandy+. 18  Pygamber ýene⁠-⁠de doga etdi, şonda ýagyş ýagyp, ýer hasyl berdi+. 19  Doganlarym, kim hakykat ýolundan sowulsa, başga biri ony ýola salsa, 20  bilip goýuň: günäkäri erbet ýoldan yzyna gaýtaran adam+ ony ölümden halas edýändir we günäleriniň geçilmegine kömek edýändir+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Ýüregiňizi ýag basypdyr.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Sözme⁠-⁠söz: ýüregiňizi berkidiň.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Sözme⁠-⁠söz: uludan dem almaň.
Başga manysy: ýadawy.
Ýa⁠-⁠da: biziňki ýaly duýgulary bardy.