Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Men onuň... direljekdigini bilýärin»

«Men onuň... direljekdigini bilýärin»

«Dostumyz Lazar uka gitdi, men ony turuzmaga barýaryn». ÝAH. 11:11

AÝDYMLAR: 54, 154

1. Marta nämä ynanýardy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

ISANYŇ ýakyn dosty we şägirdi Marta güýçli hasrat çekýärdi. Sebäbi onuň dogany Lazar aradan çykypdy. Eýsem, onuň derdini ýeňletjek zat barmyka? Elbetde, bar. Isa oňa: «Doganyň direler» diýdi. Bu sözler Martanyň hasratyny doly aýyrmasa-da, ol Isanyň aýdanlaryna ynandy. Marta: «Men onuň gelejekde direliş bolanda direljekdigini bilýärin» diýdi (Ýah. 11:20—24). Dogrudan-da, Marta direlişiň boljakdygyna doly ynanýardy. Emma Isa hut şol günüň özünde gudrat görkezip, Lazary ölümden direltdi.

2. Näme üçin bizem Marta ýaly direlişe ynanyp bileris?

2 Biz Isanyň ýa-da onuň Atasynyň häzir şeýle gudrat etmejekdigini bilýäris. Ýöne Marta ýaly bizem gelejekde dogan-garyndaşlarymyzyň direljekdigine ynanýarysmy? Mümkin, biziň ýanýoldaşymyz, ejemiz, kakamyz ýa-da mama-babamyz aradan çykandyr. Ýa-da käbirimiz çagamyzyň ölümi sebäpli hasrat çekýändiris. Biz eziz ýakynlarymyzy bagrymyza basmagy, olar bilen gepleşmegi we gülşüp-degişmegi arzuw edýändiris. Hawa, bizde-de Marta ýaly: «Men söýgüli ýakynymyň direljekdigine ynanýaryn» diýmäge degerli sebäp bar. Emma her birimiz direlişe näme üçin berk ynanýandygymyz barada oýlansak, gowy bolar.

3, 4. Isanyň görkezen gudratlary Martanyň direlişe bolan ynamyny nädip berkiden bolmaly?

3 Marta Iýerusalimiň golaýynda ýaşaýardy. Ol Isanyň Jeliläniň Naýin şäherinde ýaşaýan dul aýalyň ogluny direldişini görmese-de, bu barada eşiden bolmaly. Şeýle-de ol Isanyň Kapernaumda Ýaýrusyň gyzyny direldendigini eşiden bolmaly. Ýaýrusyň öýüne gelen adamlar «gyzyň ölendigini bilýärdiler». Şonda Isa gyzyň elinden tutdy-da: «Gyzjagaz, tur!» diýdi. Ol hem şol bada ýerinden galdy (Luka 7:11—17; 8:41, 42, 49—55). Marta-da, Merýemem Isanyň syrkawlary sagaltmaga güýjüniň bardygyny bilýärdi. Şol sebäpli olar Isa ýanlarynda bolan bolsa, Lazar ölmezdi diýip, pikir edýärdiler. Emma Isanyň ýakyn dosty Lazar aradan çykypdy. Indi näme bolar? Martanyň Lazar hakda aýdan sözlerine üns beriň. Ol: «Gelejekde direliş bolanda direljekdigini bilýärin» diýdi. Onuň direlişe bolan ynamy näme üçin şeýle güýçlüdi? Gelejekde dogan-garyndaşlarymyzyň direljekdigine biz näme üçin ynamly bolup bileris?

4 Ynamly bolmaga bizde degerli sebäpler bar. Geliň, olaryň käbirine seredeliň. Bu biziň aradan çykan ýakynlarymyzy ýene-de görüp biljekdigimize bolan umydymyzy has-da berkider.

UMYT BERÝÄN WAKALAR

5. Marta Lazaryň direljekdigine näme üçin ynanýardy?

5 Üns beren bolsaňyz, Marta «doganym direler diýip pikir edýärin» diýmedi. Ol: «Men onuň... direljekdigini bilýärin» diýdi. Marta heniz Isa ýer ýüzüne gelmänkä bolan direlişler hakda bilen bolmaly. Mümkin, ol bu barada ýaşka, öýünde we sinagoga baranda eşidendir. Şonda Ýazgylarda gürrüň berilýän üç direliş onuň ýadyna düşen bolmaly.

6. Ylýas pygamber nähili ajaýyp gudrat görkezdi? Bu waka Marta nähili täsir eden bolmaly?

6 Ilkinji direliş Ylýas pygamberiň günlerinde bolupdy. Hudaý oňa gudrat görkezmäge güýç berdi. Sidonyň kenarýakasyndaky Sarepat galasynda ýaşaýan bir garyp dul aýal Ylýas pygamberi öýüne myhman alýar. Şonda Hudaý gudrat arkaly onuň un bilen ýagynyň tükenmezliginiň aladasyny edýär. Şeýdip, dul aýal ogly bilen diri galýar (1 Pat. 17:8—16). Emma biraz wagtdan onuň ogly syrkawlap, aradan çykýar. Ylýas pygamber muny eşidende, kömege gelýär. Ol çaganyň jesedine elini degrip: «Eý, Hudaýym Reb, Saňa ýalbarýaryn, bu çagany direlt» diýip, dileg edýär. Hudaý Ylýasyň dilegine jogap berip, çagany ölümden direldýär. Bu Mukaddes Ýazgylarda agzalýan ilkinji direliş (1 Patyşalar 17:17—24-nji aýatlary okaň) *. Marta bu wakany gaty gowy bilen bolmaly.

7, 8. a) Elýaşanyň hasratly enäni nädip goldandygyny gürrüň beriň. b) Elýaşanyň görkezen gudraty nämäni subut edýär?

7 Ýazgylarda agzalan ikinji direliş Ylýasdan soň pygamber bolan Elýaşanyň döwründe bolupdy. Şunemde ýaşaýan bir ysraýylly tanymal aýal Elýaşa pygambere çäksiz myhmansöýerlik bildirýär. Hudaý pygamberi arkaly bu önelgesiz aýala we onuň gartaşan ýanýoldaşyna bir ogul berýär. Birnäçe ýyl geçensoň, oglanjyk aradan çykýar. Ýürek agyrysyndan ýaňa enäniň hasrat çekişini göz öňüne getirmek kyn bolmasa gerek. Ol ýoldaşynyň rugsady bilen 30 km ýol söküp, Karmel dagynda ýaşaýan Elýaşanyň ýanyna barýar. Pygamber hyzmatkäri Geýhaza öňlerinden Şuneme gitmegi buýurýar. Emma Geýhazy oglanjygy direldip bilmeýär. Soňra gam-gussaly ene bilen Elýaşa gelýär (2 Pat. 4:8—31).

8 Elýaşa çaganyň ýatan otagyna girip, doga edýär. Şonda çaga gudrat bilen direlýär we Elýaşa ony ejesine berýär (2 Patyşalar 4:32—37-nji aýatlary okaň) *. Çaganyň ejesi öň önelgesiz bolan Hannanyň ogly Şamuweli çadyra getirip, dogasynda aýdan şu sözlerini ýadyna salan bolmaly: «Ölüler dünýäsine inderýänem, çykarýanam Rebdir» (1 Şam. 2:6). Hawa, Hudaý oglanjygy direldip, ölülere ýaşaýşy gaýtaryp bilýändigini subut etdi.

9. Elýaşa bilen bagly üçünji direliş barada gürrüň beriň.

9 Elýaşa bilen bolan waka munuň bilen tamamlanmady. Ol 50 ýyldan gowrak pygamber bolup gulluk edensoň, «agyr keselläp... dünýäden ötýär». Bir gezek ysraýyllylar Elýaşanyň ýatan ýerine gelip, ölüsini jaýlap durkalar, duşmanlar çozýar. Olar talaňçylary görenlerinde, ölini Elýaşanyň gabryna taşlap, gaçyp gidýärler. Ýazgylarda: «Öli adam Elýaşanyň süňklerine galtaşan badyna direlip, aýaga galdy» diýilýär (2 Pat. 13:14, 20, 21). Direliş baradaky bu wakalar Marta, gör, nähili teselli berendir! Görşümiz ýaly, Hudaýyň ölümiň üstünden ygtyýary bar. Eýsem, olar size nähili täsir edýär? Hawa, biz Hudaýyň ägirt uly, çäksiz güýjüniň bardygyna asla şübhelenmän bileris.

I ASYRDAKY WAKALAR

10. Petrusyň Tawitany direldişini gürrüň beriň.

10 Injilde-de Hudaýyň gullukçylarynyň ölen adamlary direldendigi gürrüň berilýär. Meselem, Isa Naýin şäheriniň golaýynda bir oglany we Ýaýrusyň öýünde onuň gyzyny direldýär. Petrus resul bolsa Dorka (oňa Tawita hem diýýärdiler) atly uýany direldýär. Petrus onuň ýatan otagyna girip, doga edýär. Soňra: «Tawita, ýeriňden tur!» diýýär. Ol hem şol bada direlýär we Petrus şägirtlere «Tawitanyň direlendigini görkezýär». Bu wakany eşiden adamlaryň köpüsi «Halypamyza iman edýär». Olar Halypamyzyň, esasan-da, Ýehowanyň ölüleri direldip bilýändigini gürrüň berip bilerdiler (Res. iş. 9:36—42).

11. Luka ýaş oglan barada näme diýdi we bu başgalara nähili täsir etdi?

11 Geliň, başga bir waka seredeliň. Bir gezek Pawlus resul häzirki Türkiýäniň demirgazyk-günbatar tarapynda ýerleşýän Troasa barýar. Ol ýerde doganlar Pawlusyň nutugyny diňlemek üçin bir öýüň ýokarky otagynda ýygnanyşýarlar. Onuň gürrüňi ýarygijä çenli dowam edýär. Eftih atly bir ýaş oglan äpişgede ony diňläp otyrka, irkilip uka gidýär. Şonda ol üçünji gatdan aşak gaçýar. Eftihiň ýanyna ilki bolup Luka lukman baran bolmaly. Ol oglany gözden geçirip, onuň ýöne bir ýaralanyp ýa-da özünden gidendigini däl-de, jan berendigini aýdýar. Pawlus aşak düşüp, ölini gujaklaýar-da, ýanyndakylara: «Ol indi diri» diýýär. Şeýle tolgundyryjy direlişi gözüň bilen görmek, gör, nähili täsirli bolandyr! «Olar oglanyň direlendigine çäksiz begenip, ony alyp gitdiler» (Res. iş. 20:7—12).

MIZEMEZ UMYT

12, 13. Direliş bilen bagly haýsy soraglara serederis?

12 Ýokarda agzalan wakalar Marta ýaly bize-de teselli berýär. Dogrudan-da, olar Ýaşaýyş-Beriji Hudaýyň ölen adamlara täzeden ýaşaýyş bermäge güýjüniň bardygyna ynandyrýar. Ylýas, Isa we Petrus ýaly Hudaýyň wepaly gullukçylary Ýehowanyň görkezen gudratlarynyň şaýady bolupdylar. Ýöne aradan çykan başga adamlar barada näme diýse bolar? Eger Hudaý olary şol wagt direltmedik bolsa, onda wepaly erkekdir aýallar ölen adamlaryň gelejekde direljekdigine ynanyp bilermi? Olar hem: «Men onuň (doganymyň) gelejekde direliş bolanda direljekdigini bilýärin» diýen Marta ýaly ynamly bolup bilermi? Marta näme üçin direlişe ynanýardy? Eýsem, biz direlişiň boljakdygyna näme üçin ynanyp bileris?

13 Hudaýyň ylhamlanyp ýazylan Sözündäki wakalardan görnüşi ýaly, Ýehowanyň wepaly gullukçylary gelejekde direlişiň hökman boljakdygyny bilýärdiler. Geliň, olaryň käbirine seredeliň.

14. Ybraýym bilen bolan waka direliş barada nämäni aýan edýär?

14 Bir gezek Ýehowa Ybraýyma ençeme ýyllap garaşyp ýeten ogly Yshak barada şeýle diýdi: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da,.. ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» (Gel. çyk. 22:2). Bu sözleri eşidende, Ybraýymyň nähili duýgulary başdan geçirendigini göz öňüne getiriň! Ýehowa Ybraýyma ähli halklaryň onuň neslinden bereket tapjakdygyny wada beripdi (Gel. çyk. 13:14—16; 18:18; Rim. 4:17, 18). Şeýle-de onuň «Yshagyň nesli arkaly dowam etjekdigini» aýdypdy (Gel. çyk. 21:12). Eger Ybraýym Yshagy gurban getirse, bu sözler nädip ýerine ýeter? Pawlus resulyň aýtmagyna görä, Ybraýym pygamber Hudaýyň ogluny ölümden direldip biljekdigine ynanýardy (Ýewreýler 11:17—19-njy aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylarda Ybraýym Hudaýa gulak assa, birnäçe sagatdan, günden ýa-da hepdeden Yshagyň direljekdigi aýdylmaýar. Ol oglunyň haçan direljekdigini bilmeýärdi. Ýöne Ýehowanyň ony gaýdyp berjekdigine berk ynanýardy.

15. Eýýup pygamber nämä umyt edýärdi?

15 Eýýup pygamber hem direlişiň boljakdygyna ynanýardy. Ol: «Agaja-da umyt bardyr, ol çapylsa, ýene gögerer, pudaklary egsilmez» diýdi. Emma adam barada şeýle diýip bolmaýar (Eýp. 14:7—12; 19:25—27). Sebäbi adam aradan çyksa, gabyrdan çykyp, öz-özüne ýaşaýyş berip bilmeýär (2 Şam. 12:23; Zeb. 89:48). Emma bu Hudaýyň ölen adamlary direldip bilmeýändigini görkezmeýär. Aslynda, Eýýup pygamber aradan çyksa, Ýehowanyň öz bellän wagtynda ony ýadyna saljakdygyna ynanýardy (Eýýup 14:13—15-nji aýatlary okaň) *. Eýýup pygamber direlişiň haçan boljakdygyny bilmeýärdi, ýöne ynsany ýaradan Hudaýyň öz eliniň işini ýatlap, oňa ýene-de ýaşaýyş berjekdigine asla şübhelenmeýärdi.

16. Perişde Danyýel pygamberi nädip ruhlandyrdy?

16 Geliň, indi Ýewreý ýazgylarynda agzalýan Danyýel pygamber barada gürrüň edeliň. Ol ençeme ýyl Hudaýa wepaly gulluk etdi, Ýehowa hem ony hemişe goldaýardy. Hudaý perişdesi arkaly Danyýele «sen juda söýülýänsiň», «sen jandan eziz söýülýänsiň», «jandan eziz söýülýän ynsansyň» diýdi (Dan. 9:22, 23; 10:11, 18, 19).

17, 18. Danyýele nähili gelejek garaşýar?

17 Takmynan 100 ýaşan Danyýeliň ölümi golaýlap gelýärdi. Ol gelejegi barada oýlanan bolmaly. Eýsem, Danyýel ýene-de ýaşarmy? Elbetde! Danyýel kitabynyň soňky babynda Hudaýyň oňa beren wadasy barada şeýle sözleri okaýarys: «Sen ömrüňiň ahyryna çenli öz ýoluň bilen gidip, rahatlykda gözüňi ýumarsyň» (Dan. 12:13). Ýaşy bir çene ýeten Danyýel ölen adamlaryň hiç zat bilmeýändigine düşünýärdi, çünki «ölüler diýarynda... ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar». Hawa, Danyýel hem ahyrsoňy şol ýere barar (Wag. 9:10). Emma Hudaýyň wada berşi ýaly, oňa ajaýyp gelejek garaşýar.

18 Soňra perişde Danyýel pygambere: «Ahyrzaman güni täzeden direlip, sylag-serpaýyňy alarsyň» diýdi. Emma onuň wagty hem sagady näbellidi. Danyýel ölüm ukusyna gidip, soňra direler. «Täzeden direlip, sylag-serpaýyňy alarsyň» diýen sözler gelejekde onuň hökman direljekdigini görkezýär. Bu «ahyrzaman güni», ýagny täze dünýäde bolar. Mukaddes Ýazgylaryň başga bir terjimesinde: «Sen (Danyýel) zamanyň ahyrynda ýeriňden turarsyň» diýilýär.

Bizem Marta ýaly direlişiň boljakdygyna ynanyp bileris (19, 20-nji abzaslara serediň)

19, 20. a) Direliş baradaky wakalaryň Martanyň Isa aýdan sözleri bilen nähili baglanyşygy bar? b) Biz indiki makalada nämä serederis?

19 Dogany Lazaryň «gelejekde direliş bolanda direljekdigine» ynanmaga Martada degerli sebäp bardy. Danyýele berlen wada we Martanyň Isa aýdan sözleri şu günler mesihçileri-de direlişiň boljakdygyna ynandyrýar.

20 Görşümiz ýaly, geçmişde bolan wakalar direlişiň boljakdygyny, ýagny Hudaýyň ölülere täzeden ýaşaýyş berip bilýändigini tassyklaýar. Hudaýa wepaly gulluk eden erkekdir aýallaryň ählisi gelejekde direler. Emma bir wagt ölüp giden adamlaryň hökman direljekdigini görkezýän subutnama barmy? Eger bar bolsa, onda bizde-de Marta ýaly direlişe sabyrsyzlyk bilen garaşmaga degerli sebäp bar. Ýöne ol haçan bolarka? Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.

^ abzas 6 1 Patyşalar 17:17 Birnäçe wagt geçenden soň, ýaňky hojaýyn aýalyň ogly syrkawlady. Oglanyň haly ýaramazlaşyp, ol aradan çykdy. 18 Onsoň ol aýal Ylýasa: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň bilen näme işiň bar? Sen maňa günämi ýatladyp, meniň oglumy öldürmäge geldiňmi?» diýdi. 19 Ylýas hem oňa: «Ogluňy maňa ber» diýdi. Ylýas oglany aýalyň gujagyndan alyp, ony öz bolýan ýokarky gatdaky otagyna getirip, öz düşeginde ýatyrdy. 20 Soňra ol Rebbe ýalbaryp, dileg etdi: «Eý, Hudaýym Reb, Sen näme üçin bu dul hatynyň başyna bela getirdiň? Ol maňa öz öýünden ýer berdi, Sen bolsa onuň ogluny öldürýärsiň!» 21 Onsoň ol üç gezek çaganyň üstünde ýazylyp ýatdy-da, Rebbe ýalbaryp dileg etdi: «Eý, Hudaýym Reb, Saňa ýalbarýaryn, bu çagany direlt». 22 Reb Ylýasyň dilegini eşitdi we çaga direldi. 23 Ylýas çagany ýokarky otagdan getirip, ejesine berdi. Ylýas oglanyň ejesine: «Seret, seniň ogluň direldi» diýdi. 24 Onsoň ol aýal Ylýasa: «Men indi seniň Hudaýyň adamydygyňy, Rebbiň sen arkaly aýdan sözüniň hakykatdygyny bilýärin» diýdi.

^ abzas 8 2 Patyşalar 4:32 Elýaşa öýe girende, düşeginde ýatan öli çagany gördi. 33 Şeýdip, ol içeri girip, gapyny ýapdy-da, Rebbiň adyna dileg etdi. 34 Onsoň ol düşege, çaganyň ýatan ýerine gelip, agzyny onuň agzyna, gözlerini onuň gözlerine, ellerini onuň ellerine goýup, çaganyň üstüne ýazylyp ýatdy. Şondan soň çaganyň endamy ýylap başlady. 35 Elýaşa ýerinden turup, otagda eýläk-beýläk gezmeledi. Onsoň ol ýene-de düşege geçip, ýatan çaganyň üstüne ýazylyp ýatdy. Çaga ýedi gezek asgyryp, gözlerini açdy. 36 Elýaşa Geýhazyny çagyryp: «Şunemli aýaly çagyr» diýdi. Geýhazy ony çagyrdy. Aýal Elýaşanyň ýanyna geldi. Elýaşa oňa: «Ogluňy al» diýdi. 37 Ol aýal gelip, tagzym edip, Elýaşanyň aýagyna ýykyldy. Onsoň ol ogluny alyp, çykyp gaýtdy.

^ abzas 15 Eýýup 14:13 Wah, meni ölüler dünýäsinde gizlesediň, gazabyň ýatyşýança, meni ýaşyrsadyň, Maňa möhlet berip, onsoň meni ýatlasadyň! 14 Ynsan öler-de, direlermi? Men tä azat edilýänçäm, azaply gullugymyň ähli günlerinde garaşaryn. 15 Sen çagyrarsyň, men-de jogap bererin. Öz eliňiň ýaradanyny küýsärsiň.