Ýewreýler 11:1—40

  • Iman (1, 2)

  • Iman babatdaky mysallar (3—40)

    • Iman etmän Hudaýy razy edip bolmaýar (6)

11  Iman umyt edýän zatlarymyzyň gelejekde boljakdygyna ynanmakdyr+. Görünmeýän zatlary hamala* bar ýaly görüp bilmekdir.  Ata⁠-⁠babalarymyzyň şeýle imany bolandygy üçin, Hudaý olardan razydygyny aýdypdy.  Biz dünýäniň* Hudaýyň sözi bilen ýaradylandygyna* iman arkaly göz ýetirýäris. Hawa, Hudaý görünmeýän zatlar arkaly görünýän zatlary ýaratdy.  Habyl Hudaýa iman edendigi üçin Kabyldan has gowy gurbanlyk berdi+. Ol imany arkaly dogruçyl hasaplandy, Hudaý hem onuň sadakalaryny kabul edip+, muny tassyklady. Habyl aradan çyksa⁠-⁠da, imany arkaly henizem gepleýändir+.  Idris pygamber iman edendigi üçin+ adaty ölümi datmady, sebäbi Hudaý ony başga ýere geçirdi+, şonuň üçin onuň jesedi tapylmady. Idris başga ýere geçirilmänkä, Hudaý ondan razydygyny mälim etdi.  Hawa, adam iman etmese, Hudaýy razy edip bilmez, sebäbi Hudaýa ýakynlaşýan adam onuň bardygyna we ýürekden agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmeli+.  Nuh pygamber iman edendigi üçin+ heniz görünmeýän zatlar hakda Hudaýdan duýduryş aldy+ we Ondan gorkup, öý⁠-⁠içerisini halas etmek üçin gämi gurdy+. Nuh imany bilen dünýäni höküm etdi+ we imany arkaly dogruçyl adam hasaplandy.  Ybraýym pygamber iman edendigi üçin+ Hudaýyň çakylygyna gulak asyp, miras beriljek ýere gitdi. Ol nirä barýandygyny bilmese⁠-⁠de, dogduk mekanyndan çykyp gaýtdy+.  Ybraýym imany arkaly wada edilen ýat ýurtda gelmişek bolup ýaşady+. Ol Yshak we Ýakup bilen çadyrda ýaşady+, sebäbi olar hem şol wadanyň mirasdüşerleridi+. 10  Ybraýym pygamber hem Hudaýyň gurjak we döretjek berk binýatly şäherine garaşýardy+. 11  Bibisara hem iman edendigi üçin garrylyk çagyna ýetse⁠-⁠de, Hudaýyň güýji bilen göwreli boldy+, sebäbi ol wada beren Hudaýyň wepalydygyny bilýärdi. 12  Şeýdip, çagasy bolmajak ýaly bolup görünýän* adamdan+ çagalar doglup+, gökdäki ýyldyzlar we deňziň ýakasyndaky çägeler deý sansyz⁠-⁠sajaksyz nesil döredi+. 13  Olar wadalaryň berjaý bolşuny görmeseler⁠-⁠de, ölýänçäler imanda berk durdular+. Olar wadalary uzakdan görüp+, sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar, gelmişek we wagtlaýyn ýaşaýjydyklaryny açyk aýdýardylar. 14  Şeýdip, olar ýaşajak ýurduna ýetmäge jan edýärdiler. 15  Eger olar çykyp gaýdan ýurdy barada pikir edip ýören bolsadylar+, onda yzlaryna dolanmaga bahana* tapardylar. 16  Emma olar has gowy ýere, ýagny göge degişli zady almaga garaşýardylar. Hudaý olar üçin bir şäher taýýarlapdy+, şol sebäpli⁠-⁠de olaryň Hudaýy diýilmäge utanmady+. 17  Hudaý synanda+, Ybraýym hem iman edendigi üçin ýekeje ogluny, Yshagy gurban berjek boldy+, sebäbi berlen wadalary ýürekden kabul edipdi. Aslynda, ol ogluny gurban berdi diýse⁠-⁠de bolar. 18  Hudaý oňa: «Saňa wada beren neslim* Yshakdan dörär»+ diýse⁠-⁠de, ol ogluny gurban berjek boldy. 19  Sebäbi Ybraýym pygamber ogly ölse⁠-⁠de, Hudaýyň direltjekdigine ynanýardy. Hudaý hem ogluny yzyna gaýdyp berdi. Şu waka gelejekde boljak zadyň nusgasydy+. 20  Yshak hem iman edendigi üçin Ýakup+ bilen Ysawa+ geljekki zatlar babatda ak pata berdi. 21  Ýakup iman edendigi üçin ölüm ýassygynda ýatyrka+, Ýusubyň ogullaryna ak pata berdi+ we hasasyna söýenip, Hudaýa sežde etdi+. 22  Ýusup iman edendigi üçin ölüm ýassygynda ýatyrka, ysraýyl ogullarynyň Müsürden çykjakdygyny aýdyp, süňklerini hem alyp gitmegi tabşyrdy+. 23  Ene⁠-⁠atasy iman edendigi üçin, Musany üç aýlap gizläp sakladylar+, sebäbi olar çagasynyň enaýyjadygyny*+ görüp, patyşanyň buýrugyndan gorkmadylar+. 24  Musa iman edendigi üçin ulalanda+, faraonyň agtygy*+ hökmünde tanalmak islemedi. 25  Ol günäniň wagtlaýyn lezzetini alanyndan Hudaýyň halky bilen görgi görenini gowy gördi. 26  Musa Hudaýyň Belläni* hökmünde horluk çekmegi Müsüriň bütin baýlygyndan⁠-⁠da gymmat saýdy. Sebäbi ol aljak sylagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. 27  Ol patyşadan gorkýandygy üçin däl⁠-⁠de+, Hudaýa iman edendigi üçin Müsürden çykyp gaýtdy+, sebäbi ol göze görünmeýän Hudaýy görýän ýaly, imany berkdi+. 28  Ol iman edendigi üçin Pasha baýramyny belledi we perişde ysraýyllaryň nowbaharlaryny öldürmez ýaly, gapylaryň söýelerine gan çaldy+. 29  Ysraýyllar iman edendigi üçin, hamala gury ýerden ýörän ýaly, Gyzyl deňziniň içinden ýöräp geçdiler+. Müsürliler bolsa deňizden geçjek bolanlarynda gark boldular+. 30  Hudaýyň halky iman edendigi üçin Ýerihonyň daşyndan ýedi günläp aýlandy. Şonda şäheriň diwarlary ýumruldy+. 31  Ahlaksyz aýal Rahaw iman edendigi üçin gulak asmadyk adamlar bilen heläk bolmady, sebäbi ol içalylary gowy garşylapdy+. 32  Indi kimler hakda gürrüň bereýin? Gedeýon+, Barak+, Şimşon+, Ýeftah+, Dawut+, Şamuwel+ we başga pygamberler barada gürrüň bermäge wagtym bolmasa gerek. 33  Olar imany bilen patyşalary ýeňdiler+, dogruçyldygyny subut etdiler, Hudaýyň wadalaryna eýe boldular+, ýolbarslaryň agzyny bagladylar+, 34  ody söndürdiler+, gylyçdan gutuldylar+, ejizleri güýçli boldy+, batyrgaý söweşdiler+, duşman goşunyny derbi⁠-⁠dagyn etdiler+. 35  Aýallaryň çagalary direldi+, başga adamlar bolsa has gowy direlişi almak üçin azat bolmakdan ýüz öwrüp, horluk çekmegi makul gördüler. 36  Hawa, käbirleriniň üstünden güldüler, käbirlerini bolsa gamçyladylar, hatda zynjyrlara baglap+, türmä bassalar⁠-⁠da+ çydadylar. 37  Olary daşladylar+, gynadylar, byçgy bilen ikä böldüler, gylyçdan geçirdiler+. Kynçylyklarda+, mätäçlik çekenlerinde, ýowuz daraşanlarynda+, goýunlaryň ýa⁠-⁠da geçileriň derisini geýip gezýärdiler+. 38  Olar çöllerde, daglarda, gowaklarda+ we çukurlarda sergezdan bolup gezýärdiler. Dünýä şeýle adamlara mynasyp däldi. 39  Olar iman edip, Hudaýy razy etseler⁠-⁠de*, wadalara gowuşmadylar. 40  Olar bizden öň* kämillige ýetmesin diýip, Hudaý biziň üçin has gowy zatlary taýýarlap goýdy+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ynandyryjy deliller bilen.
Ýa⁠-⁠da: döwrüň. Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ýerbe⁠-⁠ýer goýlandygyna.
Ýagny öli ýaly.
Ýa⁠-⁠da: mümkinçilik.
Sözme⁠-⁠söz: tohumym.
Ýa⁠-⁠da: owadandygyny.
Ýa⁠-⁠da: gyzynyň ogly.
Sözme⁠-⁠söz: Mesihi.
Sözme⁠-⁠söz: Olaryň imany hakda şaýatlyk edilse⁠-⁠de.
Sözme⁠-⁠söz: bizsiz.